Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus prezidenti, gadagançylyga garamazdan, Pekinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar


Hytaýyň prezidenti Si Szinpin telefon söhbetdeşligi wagtynda Wladimir Putini Oýunlary görmek üçin Pekine gelmäge çagyrdy.
Hytaýyň prezidenti Si Szinpin telefon söhbetdeşligi wagtynda Wladimir Putini Oýunlary görmek üçin Pekine gelmäge çagyrdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Hytaýyň 2022-nji ýylda Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak baradaky çakylygyny kabul etdi diýip, Sports.ru habar berýär.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň sözlerine görä, Hytaýyň prezidenti Si Szinpin telefon söhbetdeşligi wagtynda Putini Oýunlary görmek üçin Pekine gelmäge çagyrdy.

Sport arbitraž kazyýeti 2020-nji ýylyň dekabrynda Russiýanyň ýolbaşçylarynyň, şol sanda prezidentiň ýakyn iki ýylda Olimpiýa we dünýä çempionatlaryna gatnaşmagyny gadagan etdi. Munuň sebäbi rus sportyndaky doping galmagaly, hususan-da Moskwanyň anti-doping barlaghanasynyň maglumatlar bazasyna üýtgetme girizmegi bilen bagly.

Araçy kazyýetiň kararyna görä, ýaryşa beýemçilik edýän ýurduň döwlet baştutanynyň şahsy çakylygy kadadan çykma bolup durýar.

Mundan başga, arbitraž kazyýetiniň kararyna görä, rus türgenleriniň milli baýdak we milli gimn astynda halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy iki ýyllap gadagan edildi.

Rus sportyndaky doping galmagaly birnäçe ýyl bäri dowam edýär. Rus häkimiýetleri doping programmasynyň döwlet derejesinddäki meseledigini inkär edýär.

XS
SM
MD
LG