Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ekspert syny: Türki Geňeş Türkmenistana nähili täze mümkinçilikleri hödürläp biler?


Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşin ilkinji sammiti. Almaty. Gazagystan. 21-nji oktýabr, 2011 ý. Arhiw suraty.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkmenistanyň Türki Geňeşe goşulmak mümkinçilikleri we Türkiýäniň Merkezi Aziýadaky täsiri barada gürrüň gozgaýar.

15-nji sentýabrda Azerbaýjanyň Report.az neşiri ýokary derejeli bir türk resmisine salgylanyp, Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine (Türki Geňeşe) doly hukukly agza hökmünde goşulmagyna garaşylýandygyny habar berdi.

Ekspert syny: Türki Geňeş Türkmenistana nähili täze mümkinçilikleri hödürläp biler?
please wait

No media source currently available

0:00 0:14:59 0:00

Neşire görä, Türkiýäniň häkimiýet başyndaky “Adalat we ösüş” (AKP) partiýasynyň başlygynyň orunbasary Binaly Ýyldyrym geňeşiň öňümizdäki sammitine Türkmenistanyň doly hukukly agza hökmünde gatnaşjakdygyny aýdypdyr.

Türkmen resmileri bu habary henize çenli teswirlemedi.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkmenistanyň Türki Geňeşe goşulmak mümkinçilikleri we Türkiýäniň Merkezi Aziýadaky täsiri barada gürrüň gozgaýar.

Programmamyzyň nobatdaky sanynda bu tema boýunça Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça eksperti Brýus Panniýer bilen geçirilen söhbetdeşligi siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Azatlyk Radiosy: Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi, Türki Geňeş, 2009-njy ýyl esaslandyryldy. Aradan 12 ýyl geçensoň, Türkmenistan özüniň Geňeşe goşulmak mümkinçiliklerine seredýär. Türkiýäniň hökümet başyndaky “Adalat we ösüş” (AKP) partiýasynyň başlygynyň orunbasary Binaly Ýyldyrymyň sözlerine görä, Türkmenistan Türki Geňeşiň noýabrda geçiriljek sammitine doly hukukly agza hökmünde gatnaşar. Näme üçin şu wagta çenli Geňeşe agza bolmadyk Türkmenistan indi bu gurama goşulmakçy bolýar?

Brýus Panniýer: Meniň pikirimçe, pandemiýa we dünýä ykdysadyýetindäki problemalar türkmen resmilerini ýagdaýlara öňküsinden başgaça çemeleşmäge iterdi. Biz bu ýurduň öz-özüni üzňeleşdiriji döwletdigini, Türkmenistanda ykdysady problemalaryň tas alty ýyl bäri dowam edýändigini bilýäris. Şonuň üçin, meniň pikirimçe, bu şeýle bir ýagdaýa gelip ýeten bolmaly, ýagny hökümetiň tas ähli agzalary üzňeligiň indi özleri üçin peýda getirmeýändigini boýun alan bolmaly. Olara söwda şertnamalaryny baglaşmak üçin täze gurallar gerek. Olara dürli ugurlar boýunça, şol sanda medisina we lukmançylyk üpjünçiligi ýaly ugurlarda görnüşi ýaly, täze hyzmatdaşlar gerek. Bu ýagdaý olary özleriniň onlarça ýyl bäri eýerýän ýekelik syýasatyny, hiç bir topara goşulmazlyk syýasatyny täzeden seljermäge iteren bolmaly. Bu heňe gelýär, sebäbi Türkmenistan özüniň köptaraplaýyn harby guramalara goşulmazlyk syýasaty boýunça eglişik etmez. Türkmenistan iri howpsuzlyk guramalaryna agza bolmak islemeýär.

Ýöne Türki Geňeş beýle däl. Iň bolmanda, kagyz ýüzünde bu guramanyň esasaslary medeni maksatlardan ugur alýar. Bu Geňeşe goşulmak bilen Türkmenistan onuň düzümindäki beýleki ýurtlar bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklap biler. Olar bu hyzmatdaşlygy, ozal hem aýdyşym ýaly, söwda-ykdysady maksatlara gönükdirip bilýärler. Elbetde, biri-birine goňşy bolan Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan bu guramanyň agzasydyr we olar soňky birnäçe ýyl bäri özara söwda gatnaşyklaryny ösdürdiler. Türkmenistan geljekde Azerbaýjan bilen aradaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegi nazarlaýar. Iki ýurt öz tebigy gazyny eksport etmek üçin täze ugurlary gözleýär. Gaz geçirijiler, elbetde, mydama-da olaryň üns merkezinde. Türkmenistan bilen Azerbaýjan özara gatnaşyklarda öňe gidişlik gazandy. Hazardaky ýangyç ýatagyny bilelikde özleşdirilmek boýunça ylalaşylmagy muňa mysaldyr. Tebigy gazy, belki-de nebiti, has aňry eksport etmek üçin olara Türkiýe zerur bolup durýar.

Şol sebäpden, [Türkmenistanyň Türki Geňeşe] goşulmagy köp jähtden heňe gelýär. Onuň üzňelik syýasaty hiç hili peýda getirmedi. Indi gazyň nyrhy üýtgäp başlady, ýöne haçan-da gazyň bahasy ep-esli aşaklanda, Türkmenistan esasy girdeji çeşmesinden mahrum boldy. Meniň pikirimçe, ýagdaýlar şeýle bir ýaramazlaşan bolmaly welin, olar özleriniň ýeke galyp bilmejekdiklerine göz ýetiren bolmaly. Üstesine, Türki Geňeş olaryň çarçuwasyna-da gabat gelýär, sebäbi bu gurama harby gurama däl. Bu ýöne bir medeni gurama, muňa garamazdan onuň çäginde agza ýurtlar öz aralarynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýup bilýärler.

Azatlyk Radiosy: Brýus, biz ýaňy-ýakynda, has takygy birnäçe hepde mundan ozal, siziň bilen Türkmenistanyň Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine goşulmak mümkinçilikleri barada gürrüň etdik. Şonda siz bu gurama agzalygyň Türkmenistandan has içgin aç-açanlyk talap edýändigini, hususan-da maliýe taýdan has içgin aç-açanlyk talap edýändigini gürrüň berdiňiz. Türki Geňeş goşulmak Türkmenistandan nähilidir bir ygrarlylyk ýa-da borçnama talap edýärmi?

Brýus Panniýer: Bu gurama esasan medeni we lingwistik gurama bolup durýar. Şonuň üçin, bu meselede nähilidir bir hili päsgelçilik ýüze çykmaz. Bu gurama agza bolmak Türkmenistandan, belki-de, ol ýa-da beýleki görnüşde, arhiw maglumatlaryny, gadymy golýazmalaryny, kitaphanalaryny açmagy şertlendirip biler. Ýöne, gürrüňsiz, bu gurama Türkmenistandan anyk ykdysady görkezijileri, ýa-da söwda maglumatlaryny soramaz. Bu gurama belli bir derejede Hytaýyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan peýdalanmagyna meňzeýär. Ilkibaşda “Şanhaý bäşligi” atlandyrylan gurama esasan Hytaýyň GDA ýurtlary bilen araçäginiň ugrunda ynam döretmek çärelerine gönükdirildi. Bu başa baransoň, hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy giňäp başlansoň, Hytaý guramanyň ünsüni başga ýana sowup, ondan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen we beýleki ýurtlar bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin peýdalandy. Türki Geňeşe-de şu nukdaýnazardan çemeleşip bolar. Häzir guramanyň baş maksady umumy mirasa eýe bolan türki dilli döwletleri jem etmek bolup durýar. Gatnaşyklary söwda-ykdysady ugurlara tarap ösdürmek üçin, geňeşe agza ýurtlar duşuşyklarda umumy medeniýeti, özara dil meňzeşliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Türkmenistanyň bu geňeşe goşulmakdaky esasy meýliniň bu maksatdan ugur alyp-almandygyny bilemok, ýöne, gürrüňsiz, Türkmenistan söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin bu forumyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp biler. Taraplar öz kitaphanalarynda we ýokary okuw jaýlarynda ulanmak maksady bilen, ilkibaşda, meselem, türk ýa türkmen dillerinde ýazylan gadymy golýazmalary özara alyşarlar. Ýöne, soňra, uzak möhletde, “dile geldi, bile geldi” diýip [özara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegi], meselem, Türkiýäniň üsti bilen nebit ýa-da başga harytlary eksport etmegi, ýa-da Türkiýäniň üsti bilen Günbatardan başga harytlary import etmegi maslahat edip bilerler. Bu Türkmenistan üçin täze giňişlik açar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň Türki Geňeşe goşulmagy Türkiýäniň sebitdäki ambisiýalary, hyjuwlary barada nähili soraglary öz ýany bilen getirýär? Käbir synçylar Türkiýäniň sebitdäki işjeňligini sorag astyna alýarlar. Hususan-da, onuň Azerbaýjan bilen soňky döwürlerde hatda harby we howpsuzlyk ugurlary boýunça ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi käbir synçylarda sorag döredýär. Türkmenistanyň Türki Geňeşe goşulmagyna Türkiýäniň sebitdäki täsiriniň güýçlenmegi hökmünde baha berip bolarmy?

Brýus Panniýer: Daşky toparlar, hususan-da Russiýa, gürrüňsiz muňa türk täsiri hökmünde garar. Olar munuň şeýledigini tas asla diýen ýaly ret etmeýär. Türkiýe Merkezi Aziýada onçakly öňe saýlanyp barmady. Merkezi Aziýa ýurtlary garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkiýäniň sebitde iri oýunçy bolmagyny islän hem bolsalar, Türkiýe kän bir öňe saýlanmady. Türkiýe şol döwürlerde o diýen aýgytly däldi, ýa-da onuň ykdysady mümkinçilikleri çäklidi. Onuň ykdysady mümkinçilikleri häzir hem sorag astynda, ýöne şonda-da soňky birnäçe ýyl bäri, hususan-da soňky iki ýyl bäri Türkiýe dünýä sahnasynda işjeňleşip başlady. Türkiýe mundan birnäçe ýyl öňki ýagdaýy bilen deňeşdirilende dünýä sahnasynda has uly rol oýnap başlady.

Şeýle-de, Türki Geňeş sebäpli, ýa halklaryň arasyndaky dil meňzeşlikleri, medeni çäreler we şuňa meňzeş beýleki ýagdaýlar sebäpli Merkezi Aziýa Türkiýeniň öz täsirini giňeltmegi üçin tebigy giňişlikdir. Biz munuň şeýledigine Azerbaýjanda şaýat bolduk. Meniň pikirimçe, olar bu täsiri Merkezi Aziýa ýurtlarynda-da dowam etdirmek isleýärler. Bu ýagdaýa Moskwanyň, hatda Pekiniň berjek reaksiýasyny görmek gyzykly bolar. Türkiýäniň Ankaranyň ýolbaşçylygynda “türki halklaryň doganlygy” ýaly bir zady döretmek isleýändigi ikuçsyzdyr. Türkiýäniň täze giňişligi, täze ýurtlary öz içine alýan daşary syýasatynyň maksady dünýäniň beýleki künjeklerinde alada döreder.

Azatlyk Radiosy: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleri Türkiýe bilen ýakyn gatnaşyklara nähili garaýar? Olar sebitde täsir güýji ýokary bolan beýleki käbir iri döwletleriň täsiri sebäpli Ankara bilen has ýakyn gatnaşykdan saklanýarmy? Merkezi Aziýanyň hökümetleri Türkiýäniň täsirini makullaýarmy? Merkezi Aziýa halklary muny makullaýarmy?

Brýus Panniýer: Men bu soraglaryň ählisine “hawa” diýip jogap bererdim. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan Hytaýa örän garaşly galdy. Hökümet ýolbaşçylarynyň hatda özleri hem bu ýagdaýa göz ýetirdiler diýip pikir edýärin. Soňky ýyllarda olar Hytaýdan örän köp pul karz aldy. Bilşimiz ýaly, diňe Hytaý häzirki wagtda Türkmenistanyň tebigy gazynyň hakyky müşderisi bolup durýar. Russiýa hem bar, ýöne Russiýa ujypsyz mukdarda gaz satyn alýar. Ýöne Hytaýyň täsiri diýseň ýokarlanyp barýar. Meniň pikirimçe, bu ýagdaý türkmenleri alada goýýar. Olar deňagramlylygy saklamak üçin, sähel Russiýa ýaplanan ýaly boldy. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan öz alyp barýan syýasaty sebäpli Günbatar täsirini, Günbatar ýurtlary bilen gatnaşygy doly diýen ýaly aradan aýyrýar.

Şeýlelikde, olar daşary syýasat boýunça diňe Moskwa bilen Hytaýyň arasynda deňagramlylygy saklap oňmaly bolýarlar. Olarda başga mümkinçilik tas ýok diýen ýaly. Şeýle ýagdaýda Türkmenistan Türkiýäniň dünýä sahnasynda öňe saýlanmagyny hoşallyk bilen makullar. Bu olar üçin ýene bir iri oýunçy bolar. Türkiýe olar üçin mesele ýüze çykanda ýüz tutup boljak, halkara jemgyýetçiliginde agramy bolan iri oýunçylaryň biri bolar. Meniň pikirimçe, bu ýagdaý ähli Merkezi Aziýa ýurtlaryna degişlidir. Olar mydama köptaraplaýyn daşary syýasat barada gürrüň edýärler. Bu köptaraplaýynlyk köplenç Russiýany, Hytaýy we Günbatary aňladýar. Eger-de, olar deňagramlylygy saklamak işleriniň içine Türkiýäni, güýçli Türkiýäni hem goşup bilseler, bu olaryň daşary syýasaty üçin amatly bolar. Galyberse-de, bu ýurtlar bilen Türkiýäniň arasynda Russiýa, Hytaý ýa-da Günbatar bilen deňeşdirilende, taryhy taýdan, has köp umumylyk bar. Şonuň üçin, türki dilli ähli Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan, muny [Türkiýäniň sebitde iri oýunçy bolmagyny] makullaýan bolsa gerek. Olar şu wagtda çenli türk täsiri bolmazdan, öz ýurtlaryna bir topar türk maýasyny çekmegi başardylar. Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda Türkiýe, gürrüňsiz, uly rol oýnady. Sebit halklary Türkiýäniň güýçlenmeginden hoşal bolsa gerek. Bu Türkiýe üçin hem, türki dilli döwletler üçin hem ýeňişdir. Taraplaryň ählisi mundan peýda görerler. Men mundan çekinilýändir öýdemok. Ýöne bu ysnyşykly gatnaşyklar beýleki käbir ýurtlara ýokmaz. Elbetde, Azerbaýjanda we Daglyk-Garabagda bolup geçen zatlardan soň, Kreml sebit ýurtlarynyň Türkiýe bilen ýakyn gatnaşyk saklanmagyny onçakly oňlap barmaz.

Sebitdäki türk täsirine Pekiniň berjek reaksiýasy hem möhüm bolar. Türkiýe Sinjiangdaky uýgurlar boýunça alnyp barylýan syýasatyň kesgin tankytçysy däl, ýöne her nähili hem bolsa, ol pessaýlyk bilen muny tankytlady. Türkiýe Sinjiang meselesinde onçakly tutanýerli däl, ýöne muňa garamazdan, ol ýerde Hytaýyň edýän işleri bilen Türkiýäniň ylalaşmaýandygy örän aýdyň.

Aslynda, 90-njy ýyllaryň başlarynda, Merkezi Aziýadaky türki dilli döwletler, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan we Özbegistan Türkiýäniň sebitde “aga” bolmagyny islediler. Ýöne Türkiýe ol döwürler munuň hötdesinden gelip bilmeýärdi. Ol belki-de häzir hem munuň hötdesinden gelip bilýän däldir, ýöne 1992-93-nji ýyllar bilen deňeşdirilende ol gürrüňsiz güýçlendi. Indi Türkiýe halkara jemgyýetçiliginde has täsirli. Meniň pikirimçe, olar [Merkezi Aziýanyň türki dilli ýurtlary] tas 30 ýyl bäri edil şoňa garaşýardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG