Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýdýar


Gurbanguly Berdimuhamedow täjik kärdeşi Emomali Rahmon bilen. Duşenbe, 17-nji sentýabr, 2021.
Gurbanguly Berdimuhamedow täjik kärdeşi Emomali Rahmon bilen. Duşenbe, 17-nji sentýabr, 2021.

Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji sentýabrda ŞHG-nyň Duşenbede geçirilen sammitinde çykyş edip, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde, bu gurama bilen işjeň gatnaşyklara taýýardygyny aýtdy.

Täjik paýtagtyndaky sammite hormatly myhman hökmünde prezidentiň sözlerine görä, ŞHG bilen gatnaşyklar Türkmenistan üçin halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar.

Şeýle-de ol Türkmenistanyň bu guramasynyň işine gyzyklanma we hormat goýmak bilen garaýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde, ...terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, maglumat hem-de biologik howpsuzlygy üpjün etmek ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlyk ýaly ugurlarda ŞHG bilen işjeň gatnaşyklara taýýardyrys diýip, türkmen prezidenti “bu gün, tutuş dünýäniň täze çylşyrymly wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolan mahalynda, ŞHG-nyň ornunyň ýokarlanýandygyny" belledi.

“Elbetde, bilelikdäki işiň däp bolan ulgamlaryndan başga-da, onuň mümkinçilikleri, toplan tejribesi pandemiýanyň täsirini azaltmak, kontinental ykdysady we ulag gatnaşyklaryny, düzümleri hem-de logistikany dikeltmek bilen baglanyşykly wezipeler babatda örän zerurdyr” diýip, TDH Berdimuhamedowyň sözlerini sitirledi.

Türkmenistan adatça, öz bitaraplyk durumyna salgylanyp, sebitdäki döwletleriň özara bileleşiklerinden çeke durmaga ýykgyn edýär.

XS
SM
MD
LG