Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Farap tok we suw üpjünçiligindäki bökdençliklerden ejir çekýär, zibil çelekleri yslanýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

18-nji sentýabrdan bäri Lebap welaýatynyň Farap şäherinde elektrik togy yzygiderli kesilýär. Bu aralykda, şäheriň hatardan çykan esasy suw geçiriji turbalary tas iki aý bäri bejerilmeýär. Ýerli ýaşaýjylar tok we suw üpjünçiliginiň bu golaýda düzeljegine umyt baglamaýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji sentýabrda maglumat berdi.

Daşary ýurtlara, şol sanda Gyrgyzystana, goňşy Owganystana we Eýrana elektrik energiýasyny eksport edýän Türkmenistanyň çet sebitleriniň ýaşaýjylary yzygiderli elektrik kesilmeleri bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Gündogar Türkmenistanyň Farap şäheriniň ýaşaýjylary şenbe gününden bäri kadasyz elektrik üpjünçiligi bilen oňmaly bolýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, şäherde elektrik togy tas üç gün bäri irden 9-dan günortan 12-ä çenli kesilýär.

Elektrik hünärmenleri dowam edýän üpjünçilik problemalaryny şäher transformatorlarynyň remont işleri bilen düşündirýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir hünärmen şäherdäki transformatorlaryň könelendigini, ýa olaryň köpüsini çalyşmagyň wagtynyň ýetendigini gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan Farap etrabynyň ýaşaýjylary hojalyk-durmuş üpjünçiligi bilen bagly problemalaryň, şol sanda elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde döreýän bökdençlikleriň bu golaýda çözülmegine özleriniň umyt baglamaýandyklaryny aýdýarlar.

Azatlygyň ýerli habarçylary awgustyň ortalarynda Farap etrabynda irden sagat 10-dan öýlän sagat 1-e çenli elektrik üpjünçiliginiň kesilýändigini habar berdiler. Şonda Farap şäheriniň elektrik edarasynyň bir işgäri toguň yzygiderli kesilmeginiň sebäplerini hatardan çykýan köne transformatorlary abatlamak üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň bolmazlygy bilen düşündirdi.

Bu aralykda, hususan-da soňky iki aý bäri şäher ýaşaýjylary içimlik suw üpjünçiliginde ýüze çykan bökdençlik bilen hem ýüzbe-ýüz bolýarlar. Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, şäheriň esasy köçeleri bolan Magtymguly we Atamyrat köçeleriniň ugrunda ýerleşýän suw liniýalary iki aý töweregi mundan ozal hatardan çykypdyr. Ýöne, aradan iki aý geçendigine garamazdan, ýerli ýaşaýjylar suw geçirijilerde abatlaýyş işleriniň geçirilmändigini aýdýarlar.

“Türkmenabatda kadaly suw ýok. Adamlar Farapdaky kommunal problemalaryň çözülmegini umyt hem etmeýärler” diýip, bir faraply ýaşaýjy ilat arasyndaky umytsyzlygy beýan etdi.

Türkmenabat şäheri Lebap welaýatynyň administratiw merkezidir. Ýatlasak, maýyň ahyrynda Türkmenabatda hem bir iri transformatoryň hatardan çykmagynyň netijesinde 12 sagatlap tok kesildi we suw üpjünçiliginde bökdençlik ýüze çykdy.

Bu aralykda, Farabyň ýaşaýjylary şäheriň merkezinde zibil çelekleriniň hem könelendigini, döwülen ýa-da deşilen zibil gutularyndan syzýan zir-zibil sebäpli özleriniň kösenýändiklerini gürrüň berýärler.

“Zibiliň ysyndan ýaňa şäherde ýaşar ýaly däl” diýip, bir faraply ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtdy.

Muňa garamazdan, döwlet media serişdeleri ýurduň paýtagtynda we iri şäherlerinde ilata amatly durmuş mümkinçilikleriniň hödürlenýändigini gaýtalaýar, faraply ýaşaýjylaryň elektrik we suw üpjünçiligi, galyberse-de zir-zibil problemalary barada habar bermeýär.

Gündogar Türkmenistanyň Çärjew etrabynda 3-nji sentýabrda gazturbinaly täze elektrik stansiýasy açyldy.

Türkmenistan iýun – sentýabr aýlary aralygynda Eýrana elektrik energiýasyny eksport etdi. Gyrgyzystan awgust – dekabr aýlary aralygynda Türkmenistandan elektrik energiýasyny satyn almak barada ylalaşdy.

Türkmenistan indi ençeme ýyl bäri Owganystanyň demirgazyk sebitlerini elektrik energiýasy bilen üpjün edýär.

Ýöne ýurduň resmi we ýarym-resmi habar serişdeleri ilatyň elektrik üpjünçiligi bilen bagly problemalary barada asla habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG