Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda yzygiderli tok kesilýär. Türkmenistan Gyrgyzystana elektrik energiýasyny eksport edýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda bir transformator.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda bir transformator.

Şu günler maryly ýaşaýjylar kadasyz elektrik üpjünçiliginden şikaýat edýär. Obalarda we şäherlerde gezekli-gezegine tok kesilýär. Bu aralyda, Türkmenistan Gyrgyzystana elektrik energiýasyny eksport edip başlady.

Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, şu günler Mary welaýatynyň şäherlerinde tapgyrlaýyn her köçede 30-60 minut aralygynda tok kesilýär. Oba ýerlerinde bir obada bir gün, başga bir obada başga gün, gezekli-gezegine tok öçürilýär.

Gyrgyzystanyň Energetika we senagat ministrliginiň metbugat gullugyna görä, 2021-nji ýylyň awgust-dekabr aýlary aralygynda Türkmenistan Gyrgyzystany 501 million 900 müň kWt-sagat elektrik energiýasy bilen üpjün eder.

Gyrgyz metbugatyna görä, Gyrgyzystan Türkmenistandan elektrik energiýasy bilen bir hatarda oba hojalyk önümlerini, keramiki önümleri, şol sanda unitazlary we başga käbir harytlary satyn alýar. Kaktus.media neşiriniň habaryna görä, Gyrgyzystan ýanwar-maý aýlary aralygynda Türkmenistandan 6.5 million dollara barabar gök-bakja önümlerini, 200 müň dollar töwereginde keramiki önümleri, şol sanda hajathana unitazlaryny satyn alypdyr.

Trend neşiriniň 9-njy awgustda habar bermegine görä, Gyrgyzystan Türkmenistanyň söwda biržasynda iň işjeň ýurt bolupdyr.

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana iýunyň ahyrlarynda resmi sapar we awgustyň başlarynda iş saparyny amala aşyrdy.

Resmi saparyň dowamynda Türkmenistan we Gyrgyzystan 100 million dollar möçberinde maýa goýum gaznasyny döretmek boýunça ylalaşdy.

Gyrgyzystan tomus aýlarynda Türkmenistandan elektrik energiýasyny import edip başlan ikinji ýurt boldy. Ýatlasak, iýunyň başlarynda türkmen metbugaty Eýranyň sentýabr aýyna çenli Türkmenistandan elektrik energiýasyny import edýändigini habar berdi.

Eýran iýun we iýul aýlarynda ýurduň dürli sebitlerinde ýygy-ýygydan tok kesilmelerine şaýat boldy.

Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlary elektrik energiýasy bilen üpjün edýän mahaly, ilat aşa yssy howa şertlerinde kadasyz elektrik üpjünçiliginden ejir çekýär. Galyberse-de, häkimiýetler elektrik energiýasyny tygşytly ulanmak tagallalarynyň çäginde sebitlerde dürli çäreleri durmuşa geçirýärler.

Ýatlasak, iýunyň başlarynda türkmen häkimiýetleri ýurduň gündogar sebitlerinde hojalyklardan wolfram lampalaryny LED lampalary bilen çalyşmagy talap etdiler.

Bu talaplar, Türkmenabatda bir iri elektrik transformatorynyň ýarylyp, şäheriň ep-esli böleginiň elektrik üpjünçiliginden tas ýarym gün mahrum galan wagtyna gabat geldi.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan Eýran we Gyrgyzystan bilen bir hatarda Owganystana-da elektrik energiýasyny eksport edýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan maryly ýaşaýjylar hojalyklara berilýän elektrik energiýasynyň güýjüniň onsuz hem pesdigini aýdýarlar.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, ýerli ýaşaýjylar güýji pes elektrik energiýasy bilen elektrik enjamlaryny, şol sanda sowadyjylaryny we kondisionerlerini işledip bilmeýändiklerini aýdýarlar. Türkmenistanda şu tomus howa aşa yssy boldy.

Biziň habarçymyz Maryda kadasyz tok üpjünçiliginiň şäher ýerlerinde swetaforlaryň işine-de zyýan ýetirýändigini, kadasyz tok üpjünçiligi bilen baglylykda köçelerde wagtal-wagtal swetaforlaryň duýdansyz öçüp, awtoulag hadysalaryna sebäp bolýandygyny habar berýär.

Şol bir wagtyň özünde, Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçysy hem Farapda her gün diýen ýaly elektrik togunyň kesilýändigini habar berýär. Onuň maglumatlaryna görä, Farapda elektrik energiýasy bilen üpjünçilik kärhanasynyň işgärleri üç aý bäri aýlyklaryny alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG