Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow öňünden ýazgy edilen wideo ýüzlenme bilen BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş etdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

21-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öňünden ýazgy edilen wideo ýüzlenme bilen Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasynda çykyş etdi.

21-27-nji sentýabr aralygynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş binasynda milletler guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisi geçirilýär.

Mejlisde käbir ýurtlaryň döwlet baştutanlary öňünden ýazgy edilen wideo ýüzlenmeler bilen çykyş etdi.

Berdimuhamedow öz çykyşynda global meseleler, şol sanda koronawirus pandemiýasyna garşy göreş, Owganystandaky ýagdaýlar dogrusynda söz sözledi.

Ol halkara parahatçylygyny, howpsuzlygy, durnukly ösüş maksatnamalaryny, şeýle-de häzirki zaman dünýä tertibiniň kanuny esaslaryny gorap saklamak üçin, milli bähbitleriň hem-de ileri tutulýan global maksatnamalaryň sazlaşygynyň ähmiýetine üns çekdi.

Öz çäginde resmi taýdan hiç hili koronawirus hadysasyny hasaba almadyk Türkmenistanyň prezidenti pandemiýa garşy göreşde halkara jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň ýeterlik däldigini aýtdy.

Şol bir wagtda, türkmen prezidenti öňünden ýazgy edilen wideo ýüzlenmesinde Owganystandaky ýagdaýlara üns çekip, bu ýurda Türkmenistanyň ykdysady we ynsanperwer ýardamlary ugratmaga dowam etdirjekdigini aýtdy.

Ol häzirki wagtda Owganystanda döredilýän döwlet institutlarynyň örän gowşakdygyny we ýurtdaky ýagdaýlara çemeleşigiň paýhaslylyk we jogapkärçilik talap edýändigini aýtdy. Şeýle-de, Berdimuhamedow Owganystandaky ýagdaýlara "öýke-kineden, gorkulardan we stereotiplerden" azat çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy.

Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynda 21-nji sentýabr güni Nýu-Ýork wagty bilen öýlän sagat 3 töwereklerinde çykyş etdi. Bu Aşgabat wagty bilen 21-nji sentýabrdan 22-nji sentýabra geçilen gijäniň sagat 12:00 töwereklerine gabat gelýär.

Muňa garamazdan, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol sanda döwlet telewideniýesi, merkezi gazetler we Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynda eden wideo çykyşyny Aşgabat wagty bilen 22-nji sentýabr öýlän sagat 4-e çenli heniz hem çap etmedi.

Galyberse-de, Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynda görkezilen wideo ýüzlenmesi, Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň türkmen prezidentiniň ýene-de koma düşendigi baradaky habary ret etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

21-nji sentýabrda “RIA Nowosti” “RBK” ýaly rus metbugat serişdeleri media maglumatlaryna salgylanyp, Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýene koma düşendigi baradaky habarlary Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň ret edýändigi dogrusynda habar berdi.

Has ozal, günüň birinji ýarymynda käbir rus media serişdelerinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýene koma düşendigi barada maglumatlar peýda boldy.

Berdimuhamedowyň dolandyryşy döwründe dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň birine öwrülen Türkmenistanyň prezidentiniň saglygynyň ýaramazlaşandygy baradaky gürrüňler mundan öňem birnäçe gezek peýda boldy. Olara prezidentiň jemgyýetçilik gözünden ýitirim bolmagy sebäp boldy.

Has anygy, Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň iýul-awgust aýlarynda birden bir aý töweregi il gözünden ýitirim boldy we bu onuň agyr hassadygy, hatda ölendigi baradaky gürrüňleriň ýaýramagyna sebäp boldy.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky ynamdar çeşmesi türkmen prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynda görkezilen wideo ýüzlenmesiniň bir hepde töweregi mundan ozal wideo ýazgy edilendigini aýtdy.

Şol bir wagtda, ol döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşiginde 16-njy sentýabrda efire berlen onlaýn hökümet ýygnagynyň hem öňünden ýazgy edilendigini aýtdy.

Döwlet telewideniýesinde 16-njy sentýabrda görkezilen onlaýn hökümet ýygnagynda Berdimuhamedowy onuň BMG-de görkezilen wideo ýüzlenmesindäki ýaly egin-eşikde görmek bolýar.

Aşgabatdaky çeşme bu iki çäräniň şol bir wagtda wideo ýazgy edilendigini aýtdy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 21-nji sentýabrda geçirilen plenar mejlisinde başga-da birnäçe ýurduň döwlet baştutanlary, şol sanda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Japarow hem öňünden ýazgy edilen wideo ýüzlenmeler bilen çykyş etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG