Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwadaky türkmen ilçihanasy Berdimuhamedowyň 'ýene koma düşendigi' baradaky myş-myşlary ret etdi


 Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasy türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygynyň ýaramazlaşýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi. Bu barada Russiýanyň RBK neşiri habar berdi.

"Habar beriş serişdeleriniň birnäçesiniň, hamala, Türkmenistanyň prezidentiniň saglygynyň ýaramazlaşandygy barada beren habarlary düýbünden ygtybarsyz we hakykata gabat gelmeýär" diýip, neşir Moskwadaky türkmen diplomatik missiýasynyň wekillerine salgylanyp ýazýar.

Berdimuhamedowyň koma düşendigi baradaky nobatdaky gürrüňler rus Telegram-kanallarynda ikinji gün, türkmen oppozisiýasyna salgylanyp ýaýradyldy. Görnüşinden, bu gürrüňleriň ilkinji çeşmesi Kanadada ýerleşýän türkmen oppozisiýa toparlarynyň biriniň YouTube-kanaly boldy.

Azatlygyň habarçylary we Aşgabatdaky çeşmeler Berdimuhamedowyň koma düşendigini habar beren aktiwistiň aýdanlaryny tassyklamady.

Türkmen döwlet telewideniýesi birinji gün, 20-nji sentýabrda, Berdimuhamedowyň wideo baglanyşyk arkaly giňişleýin hökümet mejlisini geçirendigini habar berdi.

Berdimuhamedowyň dolandyryşy döwründe dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň birine öwrülen Türkmenistanyň prezidentiniň saglygynyň ýaramazlaşandygy baradaky gürrüňler mundan öňem birnäçe gezek peýda boldy. Olara prezidentiň jemgyýetçilik gözünden ýitirim bolmagy sebäp boldy.

Has anygy, Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň iýul-awgust aýlarynda birden bir aý töweregi il gözünden ýitirim boldy we bu onuň agyr hassadygy, hatda ölendigi baradaky gürrüňleriň ýaýramagyna sebäp boldy.

Prezidentiň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow şu ýylyň aprel aýynda, 88 ýaşynda aradan çykdy.

Soňky birnäçe aýyň içinde Türkmenistan koronawirus ýokuşmalarynyň ýene bir gezek köpelmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy, tutuş ýurt boýunça hassahanalaryň hassadan dolandygy, ölen adamlaryň möçberiniň uludygy habar berilýär.

Geljek hepde Türkmenistan, meýilleşdirilen köpçülikleýin çäreler bilen, ýurt garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellär. Şol senä gabat parlamentiň ýokarky palatasynyň – Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Halk maslahatynyň (Milli mejlisiň) nobatdaky mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG