Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

C5+1 hökümetleriniň bilelikdäki beýanatynda Klimat krizisi meselesine ýüzlenilýär


Aral görnüşi
Aral görnüşi

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistannyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Birleşen Ştatlaryň hökümetleri tarapyndan, C5 + 1 ýurtlarynyň klimat ministrlikleriniň wekilleriniň 2021-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda geçirilen onlaýn maslahaty beýanat çap tdi.

Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň howa syýasatlarynyň ýolbaşçylary we ABŞ-nyň Klimat boýunça ýörite wekili Jon Kerri, C5 + 1 ministleriniň çäginde, özleriniň bilelikdäki we ýurt borçnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin, 2021-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda onlaýn maslahatyny geçirdi.

C5 + 1 hökümetleri häzirki wagtda dünýäde ýüze çykýan klimat krizisiniň möhüm tebigatyny tassyklady. Howanyň üýtgemegi C5 ýurtlarynda eýýäm gar ýagmagynyň azalmagyna getirdi, azyk howpsuzlygy, energiýa öndürmek üçin zerur suw üpjünçiligine ýaramaz täsir ýetirýär, çölleşmegi we ýerleriň zaýalanmagyny çaltlaşdyrýar, biodürlüligi pese gaçyrýar diýip, beýanatda bellenýär.

C5 + 1 hökümetleri dünýäniň asyryň ortalaryna çenli hiç bir galyndysyz, arassa energiýa geljegine geçmegi öňe sürmek üçin bilelikde işlemeginiň möhümdigini tassyk etdi. Maslahata gatnaşanlar gaýtadan işlenilýän energiýany ulanmak we metany azaltmak ýaly ugurlarda, şeýle-de howanyň üýtgemeginden zyýan çeken ilatyň sosial geçişini goldamak arkaly, bu maksada ýetmek üçin sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm potensialyny bellediler.

Şol bir wagtyň özünde, C5 + 1 ýurtlary howanyň üýtgemegine garşy tizleşdirilen hereketiň ykdysady ösüş üçin hereketlendiriji bolup biljekdigini ykrar etdiler we sebitdäki energiýa birikmesi we energiýa öndürijiligi bilen üpjün edilen mümkinçilikleri ykrar etdiler.

C5 + 1 hökümetleri Aral deňziniň guramagynyň giň gerimli netijelerinden alada bildirdiler we Aral deňziniň sebitindäki ekologiki, sosial, ykdysady we demografiki ýagdaýy gowulandyrmaga gönükdirilen tagallalaryň möhümdigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG