Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Deslapky barlaglar “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň saýlaw ýeňşi boýunça giň ýaýran galplyga yşarat edýär


Matematikaçy we fizik Sergeý Şpilkin
Matematikaçy we fizik Sergeý Şpilkin

Russiýada mundan ozal geçirilen saýlawlary ýakyndan öwrenen barlagçy häkimiýet başyndaky “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň parlament saýlawlarynda gazanan ýeňşiniň aňyrsynda galplygyň esasy faktor bolandygyny aýdýar.

Duma saýlawlaryndan iki gün soň, 21-nji sentýabrda saýlawlar boýunça öz seljermesini çap eden Sergeý Şpilkin “sesler manipulýasiýa edilmedik bolsady, Kreml goldawly partiýa Merkezi saýlaw komissiýasynyň habar berşi ýaly sesleriň tas 50 göterimini däl-de, sesleriň 31-33 göterimini alyp bilerdi” diýdi.

Tussaglykdaky korrupsiýa garşy göreşiji Alekseý Nawalnynyň öňe süren saýlawçylary ugrukdyrmak strategiýasyna döwlet tarapyndan edilen basyşlar sebäpli, şeýle-de, beýleki ýagdaýlar sebäpli onsuzam hem şübhe astynda galan saýlawlar, Şpilkiniň seljermelerinden soň, has köp şübhe döretdi.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň çap eden deslapky netijeleri “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň Dumada köplügi, orunlaryň üçden iki bölegini saklap galandygyny görkezýär. Bu olara beýleki partiýalaryň ýardamy bolmazdan möhüm kanunlary kabul etmäge, hatda ýurduň baş kanunyna üýtgetmeleri girizmäge mümkinçilik döreder.

2020-nji ýylda Döwlet Dumasy prezident Wladimir Putiniň dowam edýän prezidentlik möhleti 2024-nji ýylda tamamlananda onuň ýene iki möhlete prezidentlige dalaş etmegine ýol berýän üýtgetmeleri kabul etmek üçin ses berdi. Putin özüniň nobatdaky möhlete dalaş edip-etmejekdigini mälim etmedi.

“Ýedinaýa Rossiýanyň” üstünligi, hatda saýlawlaryň öň ýany geçirilen pikir soraşyklarda partiýanyň makullyk derejesiniň 30 göterimden hem pes bolan wagtyna gabat geldi. Bu san partiýanyň abraýynyň tas ýigrimi ýylyň dowamynda iň pes derejesini görkezýär.

Käri boýunça fizik bolan Şpilkin özüniň Facebook sahypasynda çap eden seljermelerinde “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasyna bildirilen hakyky goldawyň 31-33 göterim töwereklerindedigini çaklady.

Şeýle-de, Şpilkin saýlawlara ýurt boýunça gatnaşygyň resmi sanlarda aýdylşy ýaly 52 göterime däl-de, mümkin, 38 göterime deň bolandygyny çaklady.

Onuň seljermeleri ýurt boýunça 97,000 saýlaw uçastogyndan alnan maglumatlara esaslanýar. Barlaglar “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň iň köp ses alan hem-de gatnaşygyň iň ýokary bolan çetki saýlaw uçastoklaryny seljerýär.

Saýlaw netijelerine kölege salýan iň esasy faktorlaryň biri hem bu ýyl Moskwada we ýene alty ýerde elektroniki saýlaw ulgamynyň ulanylmagy boldy. Saýlaw häkimiýetleri bu ulgamy Russiýa agyr zarba uran COVID-19 howpuny azaltmagyň bir usuly hökmünde düşündirdi.

Ýöne daşarky synçylar we garaşsyz saýlaw ekspertleri bu ulgamda maglumatlary seljermäge mümkinçiligiň ýokdugyny, bu ýagdaýyň bolsa manipulýasiýa mümkinçilik döredýändigini aýdýarlar.

Ekspertler eýýäm Moskwabyň birnäçe etrabynda saýlaw netijeleriniň adaty däldigini, hususan-da öňki saýlawlar bilen deňeşdirilende munuň şeýledigini anykladylar. 20-nji sentýabrda deslapky netijeleriň çap edilmegi birnäçe gezek yza süýşürildi.

Munuň netijesinde, Moskwanyň ýeke mandatly 15 etrabyndan sekiz etrap soňy bilen “Ýedina Rossiýa” partiýasynyň dalaşgärlerine geçdi. Ilkibaşda bu sekiz etrabyň ählisinde oppozisiýa dalaşgärleri ýeňiş gazanypdy.

“Elektroniki ses beriş durşy bilen bela. Bu hiç kimiň gözegçilik edip bilmejek gara gutusy ýaly” diýip, Şpilkin aýtdy.

Şpilkin Döwlet Dumasy we sebit kanun çykaryjylarynyň 2011-nji ýylda geçirilen saýlawlary boýunça 2012-nji ýylda çap eden statistiki seljermeleri bilen giň üns çekdi. Ol saýlawlarda galplyga ýol berlendigi barada netijä geldi.

2016-njy ýylyň parlament saýlawlarynda we 2018-nji ýylda Putiniň ýeňiş gazanan prezidentlik saýlawlarynda Şpilkin birmeňzeş galplyga ýol berlendigini anyklady.

Onuň 2018-nji ýylda “saýlaw galplygy” boýunça taýýarlan diagrammalary “Hurowyň byçgysy” diýen aňlatmanyň meşhurlyk gazanmagyna getirdi. Bu aňlatma bilen “manipulýasiýa ýol berlen” birnäçe saýlawa gözegçilik eden Merkezi saýlaw komitetiniň başlygy Wladimir Hurowa salgylanyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG