Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýol howpsuzlygynyň biraýlygynda Lebapda ‘azyndan 31 ýol hadysasy hasaba alyndy’


Aşgabatda bolan ýol häläkçiligi (arhiw suraty)

Türkmenistanda ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen geçirilýändigi aýdylýan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň dowamynda Lebapda häzire çenli, şol sanda adam pidaly azyndan 31 sany ýol hadysasy hasaba alyndy. Bu barada Azatlygyň sebitdäki Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugyndaky (PÝGG) çeşmesi habar berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran polisiýanyň işgäri adam pidaly ýol hadysalarynyň esasan Darganata-Türkmenabat we Türkmenabat-Kerki uly ýollarynyň ugrunda ýüze çykandygyny belledi.

“Saýat etrabynyň Täzelekçi (ozalky ady Telman) sebitiniň golaýynda garşylykly gelýän iki ulag çaknyşdy. Ulaglardaky iki raýat şol ýerde heläk boldy, galan ýolagçylar, käbiri juda agyr ýagdaýda keselhana äkidildi. Garabekewülde içigili sürüji bir okuwçyny kakyp, oňa agyr şikes saldy. Bu sebitiň Gumakly obasynyň golaýyndan geçýän magistral ýolundan barýan bir ulagyň sürüjüsiniň ýolda uklap hereketini ýitirmegi netijesinde, bir ýolagçy öldi” diýip, Azatlygyň polisiýadaky çeşmesi 23-nji sentýabrda habar berdi.

Ol sözüni dowam etdirip: “Halaç şäherinde hem üç sany ýoly hadysasy hasaba alyndy, ulaglara zyýan ýetdi, hiç kim ýaralanmady. 18-nji sentýabrda Kerkiniň Baýhalky daýhanbirleşiginde hem pagta daşaýan traktor ýeňil ulag bilen çaknyşdy. Hadysada adamlara şikes ýetmedi” diýip, polisiýanyň işgäri soňky 22 günüň dowamynda Lebapda hasaba alnan ýol hadysalary barada maglumat berdi.

Ol başga-da onlarça hadysanyň, sürüjileriň öz aralarynda ylalaşmagy sebäpli, resmi taýdan hasaba alynmandygyny hem sözüne goşdy.

“Köýtendagda bir içgili raýat ulagy bilen ýoluň gyrasynda duran iki ulagy kakyp, olara zeper ýetirdi. Emma günäkär zyýanyň öwezini doljakdygyny aýdyp, beýleki ulaglaryň eýeleri bilen özara ylalaşdy. Polisiýa, umuman, goşmaça işden gaçyp, sürüjileriň öz aralarynda ylalaşmagyny gazanjak bolýar” diýip, polisiýadaky çeşmämiz belledi.

Polisiýanyň işgäri kagyz ýüzünde agyr ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen geçirilýändigi aýdylýan biraýlygyň dowamynda özleriniň gündelik borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirip bilmeýändiklerini, özerine jerime boýunça gündelik berilýän plan tabşyrygyny dolmak üçin alada etmeli bolýandyklaryny hem belledi.

Şol bir wagtda, Azatlygyň ýerlerdäki habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşip, pikirlerini aýdýan sürüjiler bu biraýlygyň polisiýa tarapyndan hakykatda para möwsümi hökmünde ulanylýandygyny, ýylyň dowamynda hem azlyk etmeýän köçe parahorlygynyň sentýabrda hasam möwjeýändigini gürrüň berýärler.

Ýokarda beýan edilýän ýagdaýlar boýunça Içeri işler ministrligiň Lebap welaýaty boýunça bölüminden, şol sanda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak başartmady.

Türkmen häkimiýetleri, şol sanda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi köçe-ýol hadysalary bilen bagly statistiki maglumatlary halk köpçüligine aýan etmeýärler. Ýurduň köpçülikleýin media serişdelerinde köçe-ýol heläkçilikleri barada wideo reportažlar goýberilmeýär.

Mundan başga-da, türkmen hökümeti biraýlygyň dowamynda ýurduň ýollaryndaky ýol hereketiniň kadalarynyň dogry berjaý edilşine gözegçiligi ýola goýýandygyny aýtsa-da, köçeleriň, köprüleriň ýagdaýy, polisiýa işgärleriniň gatnaşmagyndaky alym-berim faktlary hakynda-da gürrüň etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG