Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýol hadysalaryny ýaşyryp, zenan sürüjilere we gara reňke garşy göreşen Aşgabat sürüjileri gaýtadan taýýarlar


Döwlet eýeçiligindäki "Türkmenistan: Altyn asyr" habar saýtynda çap edilen karikaturada ýol belgilerinden gulakhalka we gülýaka dakynan zenan sürüji görkezilýär
Döwlet eýeçiligindäki "Türkmenistan: Altyn asyr" habar saýtynda çap edilen karikaturada ýol belgilerinden gulakhalka we gülýaka dakynan zenan sürüji görkezilýär

Türkmenistanyň prezidenti 3-nji sentýabrda awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky düzgünnamany tassyklady, ýöne bolup geçýän köçe-ulag hadysalary, olaryň köpelýändigi ýa azalýandygy, bu ugurdaky öňki kanunlaryň üstüne ýene täze düzgünnamany tassyklamagyň näme üçin gerek bolandygy, onuň ýagdaýy gowulandyryp biljekdigi ýa bilmejekdigi hakynda hiç zat aýtmady. Ýerli synçylar Türkmenistanda metbugatda habar berilmeýän köçe-ulag hadysalarynyň soňky ýyllarda has köpelendigini, muňa awtomekdeplerdäki korrupsiýanyň we ýollaryň ýaramazlygynyň, ýol gözegçiligi polisiýasynyň işgärleriniň öz wezipelerini dogry berjaý etmezliginiň hem az “goşant” goşmaýandygyny öňe sürýärler.

Gol çekilen karardan çen tutulsa, täze düzgünnama ýurtda ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak işini halkara talaplaryna laýyk getirmegi nazarda tutýar we Türkmenistanyň “Awtomobil ulagy hakynda”, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” kabul eden kanunlarynyň üstüni ýetirmeli.

Eýsem, öňki kanunlarda näme kemçilik bardy ýa-da olar näme üçin ýollardaky howpsuzlygy üpjün etmedi, bu ýerde halkara talaplaryna laýyk gelmeýän nähili bärden gaýtmalar bar? Türkmen metbugaty bu soraglara düşündiriş bermeýär.

TDH-nyň ýazmagyna görä, Içeri işler ministrligine, Goranmak ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Bilim ministrligine, Döwlet serhet gullugyna, Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine, Adalat ministrligi bilen bilelikde, täze karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary kanunçylyga girizmek baradaky teklipleri bir aýda taýýarlamak tabşyryldy.

Türkmenistanda sürüjileri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky täze düzgünnamanyň tassyklanmagy her ýylyň sentýabrynda geçirilýän nobatdaky howpsuzlyk aýynyň başlanan wagtyna gabat geldi.

Azatlygyň ýerlerdäki habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşip, pikirlerini aýdýan sürüjiler bu biraýlygyň polisiýa tarapyndan hakykatda para möwsümi hökmünde ulanylýandygyny, ýylyň dowamynda hem azlyk etmeýän köçe parahorlygynyň sentýabrda has möwjeýändigini gürrüň berýärler.

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçirilýän çäreler kagyz ýüzünde ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, agyr ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksadyndan ugur alýar.

Emma synçylar öňki ýyllarda aýallaryň awtoulag sürmegine, gara ýa goýy reňkli awtoulaglara garşy alyp baran erjel göreşi bilen tanalan häkimiýetleriň köçelerdäki howpsuzlyk ýagdaýyny ýokarlandyryp biljekdigine biraz şübheli garaýarlar.

hakykatda bu çäreler ýol gözegçiligi polisiýasynyň, sürüjilere sürüjilik şahadatnamalaryny berýän mekdepleriň onlarça ýyllap etmedik işleriniň köçelerdäki agyr netijelerini örtmek, döwletiň bu meselede bir işler etjek bolýandygyny görkezmek synanyşygy bolmak bilen tamamlanýar diýip, 45 ýaşly aşgabatly sürüji Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşip, öz pikirini aýtdy.

Onuň pikiriçe, eger-de öňki sowet respublikasy we korrupsiýanyň çuň kök uran ýeri bolan Gürjüstanda geçirilen reformalaryň ondan biri geçirilse hem, Türkmenistanda polisiýa parahorlugy-da, köçe-ýol hadyslary-da bu günki ýaly köp bolmazdy, wezipeli adamlar para almakdan gorkardy.

Türkmenistanda giň ýaýran parahorluk faktlary diňe prezident öz bellän ýokary derejeli resmilerini çalşyrmak kararyna gelen halatynda, Baş prokuratura berlen derňew tabşyrygynyň çeginde, kän anyklaşdyrmazdan, gysgaça habar berilýär.

Ýatlatsak, 2019-njy ýylyň oktýabrynda, ozalky içeri işler ministri Isgender Mulikow wezipesinden boşadylanda, baş prokuror Batyr Atdaýew onuň korrupsiýa faktlaryna göz ýumandygyny aýdyp, ýol gözegçiligi polisiýasynyň işgärleri Azat Saparowyň, Kerimguly Çaryýewiň, Guwanç Meredowyň we beýlekileriň para alandygyny habar beripdi.

Emma muňa garamazdan, prezidentiň köçelerde gözegçilik kameralaryny oturtmak, awtomekdepleriň işine sanly tehnologiýalary we innowasion enjamlary giňden çekmek bara berýän tabşyryklary berlen ýerinde galýana meňzeýär. Ýöne ýurtda dilden, hiç kanuna esaslanmazdan, gara reňkli awtoulaglara we ak reňkli ulaglardaky gara enjamlara garşy girizilýän gadaganlyklar birkemsiz berjaý edilýär diýip, bu absurd ýagdaýdan ykdysady zyýan çeken hojalyklar Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG