Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kritde bolan ýer titremesinden bir gün soň, ýene güýçli sarsgyn boldy


27-nji sentýabrda Gresiýanyň Krit adasyndaky Arkaloçoride ýangyn söndürijiler ýer titremeden soň ýykylan ybadathananyň harabalyklarynda adamlary gözleýärler.

Gresiýanyň günortasyndaky Krit adasynda bolan ýer titremesinden bir gün soň, 28-nji sentýabrda 5,3 bal derejesinde ýene güýçli sarsgyn boldy. Grek adasynda 27-nji sentýabrda bolan ýer titremesinde azyndan bir adam öldi.

Afiny Geodinamiki institutynyň 28-nji sentýabrda beren maglumatyna görä, adada bolýan onlarça ýer yranmanyň arasyndaky iň güýçli sarsgyn Kritiň esasy we Gresiýanyň dördünji uly şäheri bolan Herakliondan 22 km günorta-gündogarda boldy.

Gresiýanyň Klimat krizisi we raýat goragy ministrligi sebitiň ýaşaýjylaryna sähel zeper ýeten binalardan hem gaça durmagy we häkimiýetleriň görkezmelerini berjaý etmegi duýdurdy.

27-nji sentýabrda bolan 5,8 bal derejesindäki ýer titremesiniň netijesinde ýüzlerçe ýaşaýyş jaýyna zeper ýetendigine ynanylýar. Müňlerçe adam öýlerine zeper ýetendigi sebäpli öten gijäni çadyrlarda ýa-da awtoulaglarda geçirmeli boldy.

Iň uly zyýan Heraklionyň günortasyndaky Arkaloçori obasynyň töweregine ýetdi.

Gresiýa seýsmiki taýdan örän işjeň sebitde ýerleşýär we her ýyl ýüzlerçe ýer titremesini başdan geçirýär. Olaryň aglabasy kiçi göwrümde bolup, hiç hili zyýan ýa-da şikes ýetirmeýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG