Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kärendeçiler harmana tabşyran pagtasynyň puluny alyp bilmeýär


Pagta
Pagta

Türkmenistanyň hökümeti döwlet harmanyna pagta tabşyran kärendeçileriň pullaryny töläp bilmeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatyndan habar berýär.

Faraply kärendeçiler awgustyň 20-sinden bäri harmana tabşyran pagtasynyň puluny alyp bilmeýär. 20-nji awgust Türkmenistanyň käbir gündogar künjeklerinde pagta ýygym möwsüminiň başlananan döwürlerine gabat gelýär.

Azatlygyň habarçysyna görä, ýygnalan pagtanyň 1 kilogramy üçin kärendeçä 50 teňňe töweregi pul tölenýär.

Mundan ozal, Azatlygyň habarçylary pagta ýygymyna mejbury çekilýän býujet işgärlerine ýa-da olaryň hakyna tutan adamlaryna 1 kilogram pagta üçin 20-30 teňňe töwereklerinde töleg tölenilýändigini habar berdi.

Türkmenistanda köp gektar meýdany kärendesine alan kärendeçiler köplenç öz daýhan hojalyklarynyň agzalarynyň gapdalyndan ýygym üçin ýygymçy tutýarlar. Kärendeçi harmana tabşyrylan bir kilogram pagta üçin döwletden kabul eden töleginiň belli bir möçberini ýygymçylara berýär. Şeýle geleşikler köplenç ýazmaça ylalaşyk bolmazdan, dilden gepleşik esasynda amala aşyrylýar. Ýygnalan pagta üçin her on günde bir gezek hasaplaşyk geçirilýär.

Galyberse-de, Azatlygyň habarçysynyň maglumatlaryna görä, Farap etrabynyň kärendeçilerinden bir gektar gowaça meýdany üçin döwlet harmanyna bu ýyl 2 tonna pagta tabşyrmak talap edilýär.

Ýerli oba hojalyk hünärmeni Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde bir gektar ýeriň adaty döwlet plan borçnamasynyň 1,800 kilogram pagta barabardygyny gürrüň berdi. Bu ýagdaýda, görnüşinden, faraply kärendeçiler harmana 200 kilogram artykmaç pagta tabşyrmaga mejbur edilýärler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda pagtaçy kärendeçiler şertnama esasynda döwletden kärendesine alan gowaça meýdanlaryndan ýygnan pagtasyny döwlete tabşyrýar. Döwlet kärendeçi daýhanyň pagtasyny öňünden kesgitlenen baha boýunça satyn alýar.

Azatlygyň habarçysy bir tonna birinji sort pagta üçin döwletiň daýhana 1500 manat möçberinde töleg töleýändigini aýdýar.

2018-nji ýylda Türkmenistan täze oba hojalyk özgertmelerini kabul etdi. Munuň yz ýany, 2019-njy ýylyň hasyl möwsüminden başlap, ýurt boýunça pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandy.

Soňky bahalara görä, bir tonna nah pagta üçin döwlet daýhana, hasylynyň ýygnalan wagtyna görä, 1355 – 1500 manat aralygynda töleg töleýär. Pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy hasyl harmana näçe ir tabşyrylsa şonça ýokary bolýar.

Bir tonna ýüpek pagtanyň satyn alyş nyrhy 1820 – 2000 manat aralygynda üýtgeýär.

Nah we ýüpek pagtanyň iň ýokary satyn alyş nyrhlary degişlilikde 1500 we 2000 manada barabardyr. Bu dollaryň resmi bahasy boýunça degişlilikde $428 we $571 dollara barabar bolýar, gara bazar nyrhy boýunça degişlilikde $50 we $66 dollar töwereklerinde bolýar.

Halkara biržalarda pagtanyň satyn alyş nyrhlary ýokardydyr. “Business Insider” neşiriniň 16-njy sentýabr birža maglumatlaryna görä, bir biržada bir kilogram pagtanyň bahasy $2,09-a barabar boldy. Bu dollaryň resmi kursy boýunça 7 manat 30 teňňä, gara bazar nyrhy boýunça tas 63 manada barabar bolýar.

Türkmenistan bir tonna pagtany daýhandan 50-60 dollar töwereklerinde baha bilen satyn alýar, ýöne pagta çig malynyň haýsy ýurtlara, ýa-da taraplara nähili şertlerde eksport edilýändigi, ýurtda öndürilen pagtanyň näçe göteriminiň içerki önümçilige iberilýändigi barada jikme-jik maglumat bermeýär.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy satuwa çykarylan pagtanyň gündelik bahasynyň “Cotton Outlook” agentligine görä kesgitlenilýändigini aýdýar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edýärler.

ABŞ-nyň Gümrük gullugy 2018-nji ýylyň maýynda türkmen pagtasynyň hem-de türkmen pagtasyndan öndürilen islendik önümiň ýurduň çägine girizilmegine gadagançylyk girizdi.

Bu ýylyň pagta möwsüminde Türkmenistanyň hökümeti býujet işgärleriniň, mekdep okuwçylarynyň, esgerleriň we beýlekileriň zähmet güýjünden mejburlyk ulanyp peýdalandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary awgustyň ortalaryndan bäri habar berýär.

Şol bir wagtda, türkmen daýhanlary tehnika, suw we mineral dökün ýetmezçiligi bilen bagly meseleleriň ýyllarboýy çözülmeýändigini aýdýarlar.

Bu ýyl ýurduň gowaça meýdanlaryndan 1 million 250 müň tonna pagta ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Pagtaçy kärendeçileriň pulunyň tölenilmezligi ýurtda ýiti ykdysady çökgünligiň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.

Azatlyk Radiosynyň Farapda kärendeçi daýhanlaryň tölegleriniň gijikdirilmegi bilen bagly etrap häkimliginden kommentariýa almak synanyşyklary netije bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG