Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek esgeri Owganystan bilen serhetdäki atyşykda wepat boldy


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew

Owganystan bilen serhetde bolan atyşykda bir özbek esgeri wepat boldy. Muny prezident Şawkat Mirziýoýew Namanganda, saýlawçylar bilen duşuşanda mälim etdi.

"Nigoh"telegram-kanalynyň habaryna görä, gürrüňi edilýän çaknyşyk 26-njy sentýabrda, owganystanly neşe hojaýyny Özbegistanyň döwlet serhedinden bikanun geçjek bolanda ýüze çykypdyr.

“Düýn döwlet serhedinden geçmek synanyşygy boldy. Neşe hojaýyny serhetden geçmäge synanyşdy. Ýöne biziň öz territoriýamyzyň eldegrilmesizligi baradaky pozisiýamyz berk, eger-de zerur bolsa, serhedimizi ýarag bilen hem gorarys. Borjuny ar-namys bilen ýerine ýetiren esgerlerimiziň biri gahrymançylykly wepat boldy. Ol şu topragyň - Namanganyň ogludy” diýip, prezident aýtdy.

Bir aý mundan ozal Owganysyştanda häkimiýet başyna gelen “Talyban” topary bu ýurdy neşe serişdelerinden azat territoriýa öwürjekdigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG