Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus: KGB Minskde bolan atyşykda bir ofiseriň hem-de bir ýerli ýaşaýjynyň öldürilendigini aýdýar


Belarusyň Döwlet howpsuzlyk komitetiniň (KGB) binasy
Belarusyň Döwlet howpsuzlyk komitetiniň (KGB) binasy

Belarusyň Döwlet howpsuzlyk komiteti (KGB) 28-nji sentýabrda geçirilen reýd wagty bolan atyşykda bir Minsk ýaşaýjysynyň hem-de bir KGB ofiseriniň öldürilendigini aýdýar.

KGB öz beýanatynda ölen adamyň şahsyýetini mälim etmedi, ýöne ony “terrorçy” atlandyrdy. Ol bu adalgany köplenç diýdimzor dolandyryjy Aleksandr Lukaşenkanyň režimine garşylyk bildirýän adamlary suratlandyrmak üçin ulanýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bu beýanaty ýa-da wakanyň döwlet telewideniýesinde efire berlen wideosy diýilýäni garaşsyz tassykladyp bilmeýär.

Köp adam wideodaky “gapma-garşylyklary” sorag astyna alýar.

“Terrorçylyk hereketlerine gatnaşýan adamlaryň ýerleşýän ýerlerini barlamak üçin geçirilen çärelerde, kwartiralaryň birinde aşa howply adam kanun goraýjy edaralaryň ofiserlerine ot açyp, Döwlet howpsuzlyk komitetiniň bir ofiseriniň ölümine sebäp boldy” diýip, KGB aýtdy we hüjümçiniň howpsuzlyk ofiserleri tarapyndan öldürilendigini belledi.

Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýanyň ýokary geňeşçisi Frank Wiakorka Twitterde galdyran ýazgysynda öldürilen adamyň düýbi ABŞ-da ýerleşýän “EPAM Systems” programma üpjünçilik kompaniýasynyň informasiýa tehnologiýalary (IT) boýunça işgäridigini aýtdy.

ABŞ-nyň Belarus boýunça ilçisi Julie Fişer (Julie Fisher) ABŞ raýatynyň bu waka gatnaşyp-gatnaşmandygy barada Waşingtonyň maglumat gözleýändigini “Roýterse” (Reuters) gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG