Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda polisiýa bile oturan erkekleri gomoseksuallykda aýyplap, soraga çekýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Ynsan hukuklaryny berk çäklendirmekde we kemsitmekde tankytlanýan Türkmenistan adamlary jynsy ugurlary boýunça yzarlamagyny, ýanamagyny dowam etdirýär. Azatlygyň Lebapdaky habarçylary bu günler sebitde polisiýanyň iki erkek kişiniň bile oturanyny görse, olary jynsy gatnaşygy saklamakda aýyplap, soraga çekýändigini belleýär. Ýatlatsak, Türkmenistan özara razyçylyk esasyndaky bir jynsly gatnaşyklary jenaýat hasaplaýan az sanly ýurtlaryň hatarynda bolmagynda galýar.

“Lebabyň tas ähli iri etrabynda diýen ýaly iki erkek kişi ulagda ýa-da çaýhanada bilen oturan bolsa, polisiýa olary dessine saklap, soraga çekýär. Türkmenabadyň myhmanhanalarynda hem iki erkek kişiniň bir otagda galmagyna rugsat berilmeýär. Hatda golaýda baýramçylyk çäreleri üçin Daraganatadan gelen medeniýet işgärlerini hem aýratyn otaglarda bolmaga mejbur etdiler. Şeýle-de kimde-kim beýleki erkek kişiniň otagyna barsa, onda olaryň özara jynsy gatnaşyga geçendigi barada soraga çekiljekdigini duýdurdylar” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan ýerli ýaşaýjylaryň biri 1-nji oktýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Mundan başga-da, habarçymyz häzir sebitdäki Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň polisiýanyň işgärleriniň arasynda hem özara jynsy gatnaşyklary saklamakda şübhelenýänleri ýüze çykarmak boýunça çäreleri alyp barýandygyny anyklamagy başardy.

Türkmen häkimiýetleriniň LGBT wekillerini “aýan etmek” boýunça alyp barýan bu soňky kampaniýasy, garaşsyz neşirde häzir Lebap sebitiniň merkezindäki polisiýa tussaghanasynda gomoseksual gatnaşyklarynda aýyplanýan 30 çemesi erkegiň saklanýandygy baradaky habarynyň yzýanyna gabat gelýär. “Turkmen.news” neşiriniň geçen hepde geren maglumatyna görä, ol adamlaryň 20-si bir iş boýunça tussag edilipdir.

Hukuk goraýjy edaralara ýakyn çeşmäniň aýtmagyna görä, Türkmenabatda awgust aýynda gomoseksual gatnaşyklary saklamakda aýyplanyp saklanan tanymal dellek şindi hem goýberilmändir. Neşir bu erkegiň şahsy maglumatlaryndan habarlydygyny, ýöne olary etika düzgünleri sebäpli çap etmeýändigini belleýär.

Azat Adalga: Çydamlylykmy ýa-da tolerantlylyk?
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:55 0:00

Asly lebaply, ýöne soňky wagtlarda Aşgabatda işlän we türkmen şow-biznesiniň wekillerine saç bejermek hyzmatlaryny eden dellek häzir örän horlanypdyr, onuň kamerasynda şol iş boýunça aýyplanýan başga bir erkek hem otyr, ol özüniň masgaraçylyga çydamajakdygyny aýdyp gygyrýar we özüniň öldürilmegini talap edýär diýip, habarda bellenýär.

Çeşmäniň tassyklamagyna görä, “hemme zady özleriniň boýun almaklary we bir-birini satmaklary üçin, olary tussaghanada rehimsiz ýençýärler”.

Mundan başga, toparlaýyn jynsy gatnaşyk etmekde aýyplap, ýene 20-ä golaý adamy tussaglykda saklaýarlar. Olaryň köpüsi ýangyn söndüriji edaranyň işgärleri.

Bulardan başga, tussagda ýene birnäçe adam otyr, olary geý bolmakda güman edýärler we aýry kamerada saklaýarlar diýip, habarda aýdylýar.

Dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralaryndan ýokarky beýan edilen ýagdaýlar boýunça hiç hili kommentariýa ýa maglumat almak başartmady.

Türkmenistanda erkekleriň arasyndaky jynsy gatnaşyk kanun esasynda ýazgarylýar we Jenaýat kodeksiniň 135-nji maddasy arkaly jezalandyrylýar. Halkara hukuk toparlary resmi Aşgabadyň bu tejribäni bes etmegine çagyrýarlar.

"Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 135-nji maddasy jynsy gatnaşyklar üçin iki ýyla çenli ... türme tussaglygyny göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň adam hukuklary baradaky halkara borçnamalaryny bozýan we aç-açan kemsidiji kanun polisiýa geý we biseksual erkeklere azar bermäge, şol sanda olary talamaga, kemsitmäge, olaryň ýagdaýyndan hyýanatçylykly peýdalanmaga mümkinçilik berýär" diýip, adam hukuklaryny goraýan HRW guramasynyň geçen ýylyň maýynda çap edilen beýanatynda aýdylýar.

Galyberse-de, 2017-nji ýylda BMG-niň Adam Hukuklary Geňeşi bir jynslylaryň arasynda özara ylalaşykly hereketleriň jenaýatlaşdyrylmagyny "esassyz" diýip yglan etdi we türkmen hökümetini bu karary ýatyrmaga çagyrdy.

Durmuşyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda LGBT baradaky maglumat hem örän az. Türkmenistanda gomoseksuallykda şübhelenýänleriň hukuk goraýjy organlar tarapyndan basyşlara we gynamalara sezewar edilýändigi barada diňe garaşsyz habar serişdelerde, şol sanda Azatlyk Radiosynda habar berilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG