Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ýazyjy: Merkezi Aziýa halklaryny umumy medeni miras we umumy taryh birleşdirýär


Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baýdaklary

Dünýä Türkmenleriniň bu sany "dünýä siwilizasiýasynyň çatrygyndaky" Merkezi Aziýa halklarynyň umumy medeni mirasyna we umumy taryhyna ser salmaga synanyşýar.

14-15-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet edarasynyň (ÝUNESKO) hyzmatdaşlyk etmeginde Özbegistanyň Hywa şäherinde “Orta Aziýa dünýä siwilizasiýasynyň çatrygynda” atly halkara forum geçirildi.

Media maglumatlaryna görä, foruma Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, şol sanda Türkmenistandan alymlar, bilermenler, sosiologlar, antropologlar we beýlekiler gatnaşypdyr.

ÝUNESKO Merkezi Aziýa ýurtlarynyň umumy taryhyny we medeni mirasyny açmak ugrunda tagalla edýändigini aýdýar.

Synçylara görä, soňky ýyllarda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda has ýakyn ysnyşyk meýilleri göze ilýär. Ýöne bu ysnyşyk meýillerine käbir sebit ýurtlarynyň arasynda wagtal-wagtal ýüze çykýan serhet çaknyşyklary kölege salýar.

Awgustyň ilkinji hepdesinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baştutanlary Türkmenistanyň “Awaza” kurort şäherçesinde sammit geçirdi. 2018-nji ýylda ilkinji gezek geçirilen şeýle sammit, synçylara görä, sebit ýurtlarynyň arasynda ýygjamlaşýan gatnaşygyň soňky mysaly boldy. Halkara forum sebit ýurtlarynyň medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda dürli medeni çäreler bilen utgaşdy.

Eýsem, Merkezi Aziýa halklarynyň umumy medeni mirasy we umumy taryhy sebit ýurtlarynyň şu günki gatnaşyklarynda nähili rol oýanaýar? Sebit halklary taryhda nähili gatnaşyk saklapdyr? Gadymy Ýüpek ýoly sebit ilatynyň durmuşyna nähili täsir edipdir? Şu günki programmamyzyň dowamynda şeýle soraglaryň töwereginde pikir alyşarys.

Gepleşigimize Pragadan ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşdy.

Ýazyjy: Merkezi Aziýa halklaryny umumy medeni miras we umumy taryh birleşdirýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG