Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow hytaý kompaniýasyna 50 gektardan gowrak ýeri kärendä berýär


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hytaýly kärdeşi Si Jinping bilen. Aşgabat, 3-nji sentýabr, 2013.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji oktýabrda Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasyna ýer böleklerini kärendä bermek baradaky karara gol çekdi.

Wise-premýer Şahym Abdrahmanowyň hökümet mejlsinde beren hasabatynda bu ýerleriň Hytaýyň “Bagtyýarlyk” territoriýasyndaky şertnamalaýyn çäkde, Önümi paýlaşmak ylalaşygy esasynda işleýän “International Ltd.» Milli nebitgaz korporasiýasyna (CNPC) beriljekdigi aýdyldy.

Prezidentiň buýrugyna laýyklykda, Hytaýyň “International Ltd.” Milli nebitgaz korporasiýasyna Lebap welaýatyndaky “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn sebitiniň “B” böleginiň günbatar tarapynda umumy meýdany 26,55 gektar, Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäklerinde meýdany 18 gektar bolan ýer bölegini Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamanyň hereket edýän döwründe, meýdany 8,55 gektar ýer bölegini gurluşyk-gurnama işleriniň tamamlanýan döwrüne kärendä bermek bellenildi.

Prezident şu ýylyň awgustynda “Galkynyş” gaz käninde aýratyn çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan täze guýularyň gurluşygyna badalga berdi.

Berdimuhamedowyň sözlerine görä, “Mawy ýangyjyň” goşmaça gorlaryny döretmäge mümkinçilik berýän täze taslamanyň amala aşyrylmagy netijeli hyzmatdaşlygy hem-de dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.

Resmi habarda Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamanyň hereket edýän döwri, gurluşyk-gurnama işleriniň tamamlanýan döwri barada anyk maglumat berilmeýär we ýer bölekleriniň hytaýlylara näçe wagtlyk berilýändigi anyk bolmaýar.

Şol bir wagtda, habarda bellenmegine görä, bu ýer bölekleri gaz känleriniň ýerüsti desgalarynda suw üpjünçiligini gurnamak, Amyderýa ýanaşyk suw toplanýan desgany gurmak, suw geçiriji we oňa ýanaşyk ýollary gurmak üçin peýdalanylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG