Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da koronawirusdan ölenleriň sany 700 müňden geçdi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

ABŞ-da covid-19-dan ölenleriň umumy sany 700 müňden geçdi. Bu wirusdan Waşingtonyň ýa-da Bostonyň ilatyna barabar adamyň ýogalandygyny aňladýar.

Wirusyň üçünji tolkunynda näsaglaýan adamlaryň sanynyň azalyp başlandygyna garamazdan, ýurtda her gün 1900 töweregi adam ölýär. Orta hasap bilen günde takmynan 112,000 sany täze näsag hasaba alynýar, bu sentýabryň başyndaky 160 müňlük görkezijiden pes.

Wirus bilen keselhana ýerleşdirilen adamlaryň gündelik ortaça sany 79,000 näsag bolup, sentýabryň başyna garanyňda 20,000 näsag az, ýöne olar saglyk ulgamynda kynçylyk döremegi üçin ýeterlik.

330 million ilatly ABŞ dünýäde koronawirusdan ölenleriň iň köp hasaba alnan ýurdy boldy.

Ýer togalagynda takmynan bäş million adam covidden öldi, ýöne hakykatda ölenleriň sany has ýokary hasaplanýar.

Dekabr aýynda sanjym kampaniýasy başlaly bäri 12 we ondan uly ýaşly amerikalylaryň 65 göterimi doly sanjym aldy. 76 müňe golaý adam azyndan birinji dozany aldy.

XS
SM
MD
LG