Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Daşoguz-Akdepe ýolunda ýol heläkçiliginde sekiz adam öldi


Illýustrasiýa suraty

2-nji oktýabrda Daşoguz-Akdepe awtoulag ýolunda bolan ýol heläkçiliginde sekiz adam wepat boldy. Betbagtçylykdan soň awtoulag ýoly ýapyldy diýip, Turkmen.news neşri 4-nji oktýbarda habar berdi.

Maglumata görä, heläkçilik Dýueji obasynyň we şypahananyň golaýynda bolupdyr. Hersinde dört adamdan bolan iki awtoulag çaknyşyp, adamlaryň hemmesi wepat bolupdyr.

Neşir Daşoguz tarapyndan barýan ulagy polisiýa işgäriniň surendigini we onuň jenaýat derňewiniň işgäri bolandygyny habar berýär. Çeşmelere görä, ol güýçli alkogollyň täsiri astynda serhoş ýagdaýda bolupdyr. Netijede, polisiýa işgäri garşy tarapdan gelen taksä urupdyr. Ulaglaryň ikisi-de uly ýitgi çekipdir diýip, Türkmen.news ýazýar.

Türkmen häkimiýetleri adam heläkçiligi bilen baglanyşykly betbagtçylyklar we tebigy hadysalara barada resmi taýdan habar bermeýär. Içeri işler ministrligi we polisiýa bölümleri ýol heläkçilikler barada habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryny kommentirlemekden boýun gaçyrýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda her ýyl sentýabrda geçirilýän ýol hereketiniň howpsuzlygy aýlygynyň dowamynda diňe bir welaýatda Lebapda, şol sanda adam pidaly azyndan 31 sany ýol hadysasy hasaba alynypdyr. Bu barada habarçylar polisiýanyň ýol gözegçilik gullugyndaky (PÝGG) çeşmelerine salgylanýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG