Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Pandora” dokumentleri Alyýewiň, Zelenskiniň we beýleki dünýä liderleriniň gizlin baýlygyny paş edýär


“Pandora dokumentleri” faýllara häzirki we öňki ýolbaşçylar we 300-den gowrak resmi barada maglumat girýär.
“Pandora dokumentleri” faýllara häzirki we öňki ýolbaşçylar we 300-den gowrak resmi barada maglumat girýär.

Maliýe dokumentleriň giňden ýaýramagy Azerbaýjanyň we Ukrainanyň prezidentleriniň, şeýle hem dünýäniň ýüzlerçe syýasatçylarynyň we milliarderleriniň baýlygyny gizlemek üçin salgytdan azat zonalaryny ulanýan kompaniýalar bilen aýdylýan arabaglanyşygynyň üstüni açdy.

“Pandora kagyzlary” diýlip atlandyrylýan ofşor kompaniýalaryndan alnan faýllara 35 sany häzirki we öňki ýolbaşçylar we 300-den gowrak resmi barada maglumat girýär.

Derňeýji žurnalistleriň Halkara Konsorsiumy (ICIJ) tarapyndan jemlenen iň uly dokumentler toplumy 3-nji oktýabrda çap edildi.

Derňewlerde Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň maşgalasynyň Britaniýadaky emläk şertnamalaryna gizlin gatnaşandygy anyklandy. ICIJ konsorsiumynyň bir bölegi bolan Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa boýunça hasabat proýektine (OCCRP) görä, ofşor kompaniýalaryny ulanmak bilen takmynan 700 million dollarlyk şertnama baglaşylypdyr.

Bu emläkleriň köpüsi nagt görnüşinde satyn alnypdyr.

BBC-iň habaryna görä, faýllarda bu Günorta Kawkaz ýurdunda korrupsiýada günäkärlenýän Alyýewleriň jemi 17 emläk satyn alandyklary görkezilýär.

Alyýewiň ogly Heýdar, 11 ýaşyndaka Londonyň Maýfaýr ýerinde dört binanyň eýesi bolupdy.

44,7 million dollarlyk toplum 2009-njy ýylda prezidentiň dostuna degişli bir kompaniýa tarapyndan satyn alyndy we bir aýdan soň Heýdara geçirildi.

Ylham Alyýewiň administrasiýasy we maşgalasy bu aýyplamalar barada düşündiriş bermek baradaky ýüzlenmelere jogap bermedi.

Gizlin dokumentler şeýle hem, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň we onuň ýakyn adamlarynyň, Londonda gymmat bahaly emläkleri öz içine alýan ofşor kompaniýalaryndan peýdalanandyklaryny görkezýär.

Maglumatlarda Zelenskiý we "Kwartal 95" prodýusser telekompaniýasy özara hyzmatdaşlykda azyndan 2012-nji ýyldan başlap ofşor firmalarynyň ulgamyny döredendigi aýdylýar. Beýleki zatlar bilen birlikde, Zelenskiniň kärdeşleri Britaniýanyň paýtagtynyň merkezinde üç sany esasy kaşaň emlägi satyn almak üçin ofşordan peýdalanypdyr.

Şeýle hem Zelenskiý 2019-njy ýylda ýurduň syýasy režimine garşy halkyň gahar-gazap bildirmek tolkunynda prezident saýlanmanka, gizlin ofşor kompaniýadaky paýyny işewür hyzmatdaşy, soňra prezidentiň kömekçisi bolan ýaranyna geçiripdir.

Gysga wagtda kompaniýa onuň aýalyna degişli boldy we girdejileriň tölenip durmagy üçin şertnama düzüldi.

Zelenskiniň metbugat sekretary bu barada maglumat bermekden saklandy.

OCCRP-iň habaryna görä, ýaýradylan beýleki resminamalarda Gazagystanyň öňki prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň “resmi däl üçünji aýalynyň” “tas mugt diýen ýaly” 30 million dollara eýe bolandygy görkezilýär.

Derňeýji žurnalistler toparynyň maglumatyna görä, Assel Kurmanbaýewa edilen tölegler gizlinligi bilen ýakasyny tanadan Britan Wirgin adalarynda hasaba alnan alty sany ofşor kompaniýasynyň gatnaşmagynda birnäçe tapgyrlaýyn amala aşyrylypdyr.

Tölegler söwda ýaly bir görnüşde amala aşyrylypdyr, Kurmanbaýewa söwda bilen meşgullanmaýan kompaniýadaky paýyndan ýüz öwüripdir. Ol bu pullary 2010-njy ýylda Nazarbaýewiň ynamdar adamy hasaplanan Wladimir Ni atly oligarhyň öleninden iki aý soň, onuň gyzyna geçen kompaniýadan alypdyr.

Nazarbaýew bu talaplar barada düşündiriş bermek haýyşyna jogap bermedi.

Çap bolan dokumentler Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini Monakodaky gizlin emläkler bilen hem baglanyşdyrýar.

Derňeýji žurnalistler konsorsiumyna girýän "Washington Post" gazeti 2003-nji ýylyň aprelinde Karib deňziniň Tortola adasynda ýerleşýän ofşor kompaniýasynyň üsti bilen Monako kwartirasynyň eýesi rus zenan Swetlana Kriwonogih barada habar berdi. Bu zenan agzalan jaýa gyz çagany dogurmagynyň yzýany eýe boldy.

ABŞ-niň gazeti zenanyň şol wagt Putin bilen gizlin we köp ýyllyk gatnaşykda bolandygyny belleýär.

Kriwonogih, onuň 18 ýaşly gyzy we Kreml bu sowallara düşündiriş bermek haýyşlara jogap bermedi.

BBC habar gullugynyň maglumatyna görä, Pakistanyň premýer-ministri Imran Hanyň ýakyn töweregi, şol sanda ministrler we olaryň maşgala agzalary, millionlarça dollarlyk kompaniýalara we fondlara gizlinlikde eýeçilik edýär.

Şeýle hem, bu faýllarda Iordaniýanyň şasy Abdullah Ikinjiniň, Çehiýanyň premýer-ministri Andrej Babisiň we Britaniýanyň öňki premýer-ministri Toni Bleýriň ofşor kompaniýalara gatnaşyklary we Russiýadan, ABŞ-dan, Türkiýeden hem beýleki ýurtlardan 130-dan gowrak milliarderiň maliýe işleri jikme-jik görkezilýär.

Dokumentlerdäki pul hereketleriniň köpüsinde hiç hili kanuny ýalňyşlyk ýok, ýöne Derňeýji žurnalistleriň Halkara Konsorsiumyndan (ICIJ) Fergus Şiel syzdyrylan dokumentleriň "ofşor kompaniýalarynyň adamlara nagt pullary gizlemek ýa-da salgytdan gaça durmak üçin hödürläp biljek mümkinçilikleriniň" hakykatyny görkezýändigini aýtdy.

"Olar şol ofşor hasaplaryny, şol ofşor fondlaryny beýleki ýurtlarda ýüzlerçe million dollarlyk emläk satyn almak we raýatlarynyň hasabyna maşgalalaryny baýlaşdyrmak üçin ulanýarlar" -diýip Şiel aýtdy.

“Pandora dokumentleri” hasabatynyň neşir edilmegi, 2016-njy ýylda “Panama Papers” diýlip atlandyrylan paş ediji derňew maglumatlarynyň çap edilmeginden bäş ýyl soň ýüze çykdy.

ICIJ, Britaniýanyň Wirgin adalary, Panama, Beliz, Kipr, Birleşen Arap Emirlikleri, Singapur we Şweýsariýa ýaly ýurtlardaky müşderileri üçin hyzmatlary hödürleýän 14 maliýe kompaniýasyndan 12 milliona golaý gizlin faýly toplap bildi.

150 sany habar beriş serişdesinden bolan 600-den gowrak žurnalistden ybarat bu topar iki ýyllap gözleg geçirdi, çeşmeleri yzarlady we onlarça ýurtdan sud resminamalaryny we beýleki jemgyýetçilik ýazgylaryny öwrendi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG