Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Britaniýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi bellendi


London (illýustrasiýa suraty)

Britaniýanyň Türkmenistanda täze ilçisi bellendi. Britan hökümetiniň resmi websaýtynda çap bolan maglumata görä, ýurduň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine hanym Lýusiýa Waýld bellendi.

Britaniýanyň Türkmenistandaky öňki ilçisi Hýu Filpottyň ornuna geçýän Hanym Lýusiýa Waýld wezipä 2021-nji ýylyň noýabrynda girişer.

Britaniýanyň Türkmenistandaky öňki ilçisi Hýu Filpott diplomatik gullugyndan pensiýa çykýar.

Hýu Stenli Filpott Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine 2019-njy ýylyň sentýabrynda bellenipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG