Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýada koronowirusdan gündelik ölýänleriň rekord görkezijisi hasaba alyndy


Moskwanyň köçelerinden barýan ýüzi maskaly bir gyz (arhiw suraty)

Russiýanyň hökümeti 8-nji oktýabrda koronawirus ýokanjy sebäpli 936 adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Bu Ýewropada COVID-19-dan heläk bolýanlaryň iň uly görkezijili ýurdy Russiýada adamlaryň gündelik ölümi boýunça hasaba alnan iň uly san boldy.

Russiýanyň resmi maglumatyna görä, soňky üç günde gündelik adam ölümi boýunça dowamly rekord derejedäki görkezijiler hasaba alynýar. Russiýada häzire çenli koronawirusdan 214 müň adam ölümi hasaba alyndy.

Synçylaryň köpüsi Russiýanyň adam ölümlerini hasaba almak boýunça konserwatiw ýagdaýda çemeleşýändigine ünsi çekip, COVID-19 sebäpli ýogalýanlaryň asyl sanynyň has uly bolmagynyň mümkindigini belleýärler.

Rus resmileri 8-nji oktýabrda koronawirusa ýolugan 27 müň 246 täze ýagdaýyň ýüze çykarylandygyny aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG