Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow “EKSPO-2020” gatnaşmak üçin Dubaýa sapar edýär


“EKSPO-2020” sergisinde Türkmenistanyň pawilýony
“EKSPO-2020” sergisinde Türkmenistanyň pawilýony

9-njy oktýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýdaky “EKSPO-2020” sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrýar. Bu barada ýurduň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Resmi maglumata görä, Berdimuhamedow saparyň çäklerinde ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn dokumentlere hem gol goýmak meýilleşdirilýär.

Türkmen daşary syýasat edarasynyň beýanatynda serginiň türkmen pawilýonynda ýurduň ýeten sepgitleriniň beýan edilýändigi aýdylýar. Türkmenistan soňky birnäçe ýylyň dowamynda garaşsyzlykdan soňky iň agyr ykdysady çökgünligi başdan geçirýär.

Dubaýda gurnalan sergi 2022-nji ýylyň martyna çenli dowam eder.

XS
SM
MD
LG