Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanyň we Hytaýyň harby komandirleri serhetdäki dartgynlylygy gowşatmak üçin duşuşdylar


Galwan Jülgesiniň satellitden alnan suraty. 2020 ý.
Galwan Jülgesiniň satellitden alnan suraty. 2020 ý.

Hindistanyň we Hytaýyň harby komandirleri 10-njy oktýabrda duşuşyp, dartgynly serhet araçäklerinde iki ýyl çemesi wagt bäri saklanýan goşunlaryny yzyna çekmek barada maslahat etdiler. Geçmişde serhetdäki harbylaryň arasynda ganly çaknyşyklar hem bolupdy.

Hindistanyň armiýasynyň metbugat wekili polkownik Sudhir Çamoli komandirleriň iki aýyň içinde ilkinji gezek duşuşandyklaryny, şeýle-de gepleşikleriň Hytaýyň Moldo şäherinde we Hindistanyň Ladakh sebitinde geçirilendigini aýtdy. Ol 11-nji oktýabrda bilelikdäki beýanatyň ýaýradylmagynyň mümkindigini hem belledi.

Soňky aýlarda taraplaryň ikisi-de Pangon Tso, Gogra we Galwan Jülgesindäki goşunlarynyň belli bir bölegini yzyna çekdiler. Emma muňa garamazdan hem sebitde taraplaryň uly goşun kontingenti bolmagynda galýar.

Mundan öň, Hindistan Hytaýyň sebite uly mukdarda esgerlerini we ýaraglaryny çekýändigi barada nägilelik bildiripdi.

XS
SM
MD
LG