Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň we Ukrainanyň liderleri Kiýewde sammite ýygnandylar


Illýustrasiýa suraty

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen we Ýewropa Geňeşinden Çarlz Mişel prezident Wolodymyr Zelenskiý bilen Ýewropanyň howpsuzlygy, ÝB-niň perspektiwalary we goňşy Russiýanyň kölegesinde gaz eksport aladalary ýaly birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin Ukraina bardylar.

Duşuşyk 23-nji Ukraina-ÝB sammiti bolup, ol sekiz ýyl bäri Ukrainanyň gündogarynda Russiýa tarapyndan goldanýan güýçler bilen dowam edýän söweşler we Zelenskiniň içerki reformalary we ýurduň korrupsiýa garşy uzak wagtlap alyp barýan göreşine gönükdiriler.

ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Josep Borrell sammitiň öňüsyrasynda ÝB liderleriniň Brýusseliň Ukrainanyň territorial bitewiligini we özygtyýarlylygyny "doly goldaýandygyny", şeýle hem "dowam edýän özgertmelere dowamly we täsirli goldawyň görkeziljekdigini" mälim etdi.

Won der Leýen bilen Mişeliň, Kiýewiň ÝB-ne agza bolmak maksady barada wada berjegine garaşylmaýar. Ukrainanyň ÝB agza bolmak islegi Moskwanyň göwnünden turmaýar.

Russiýanyň 2014-nji ýylda Krymy anneksiýa etmegi we gündogar Ukrainanyň beýleki ýerlerindäki separatistlere yzygiderli goldaw bermegi we basyp alnan Krymda başgaça pikirlileri basyp ýatyrmagy Günbataryň sanksiýalaryna sebäp boldy.

Russiýanyň ýakyn wagtda Germaniýany ýangyç bilen üpjün etmek üçin Ukrainanyň daşyndan geçýän “Demirgazyk akym-2” tebigy gazgeçirijisiniň işe girizilmegi Kiýewde uly alada döredýär we ýurdy milliardlarça dollarlyk tranzit töleglerinden mahrum edýär.

XS
SM
MD
LG