Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Samarada 68 özbek raýatynyň zäherlenmeginde aýyplanan adama şertli ýyl kesildi


Bezeg suraty

Samara sebitiniň Syzran etrap kazyýeti “Koşelewskiý Posad” kompaniýasynyň däne ammarynyň öňki müdiri Walentina Ýakunina garşy höküm çykardy, ol 40-dan gowrak adamyň geleňsizlik esasynda zäherlenmegine we üç adamyň ölmegine sebäp bolmakda aýyplandy.

Ýakunina Jenaýat kodeksiniň 109-njy maddasynyň 3-nji bölüminde, seresapsyzlyk bilen ölüme sebäp bolmakda günäkär tapyldy.

Kazyýet oňa iki ýyl synag möhleti bilen üç ýyl şertli tussaglyk hökümini çykardy.

Şeýle-de oňa, ýöriteleşdirilen döwlet edarasyna habar bermezden, hemişelik ýaşaýan ýerini üýtgetmek gadagan edildi. Ol günäsini doly boýun aldy.

“Interfaks” habarlar gullugynyň maglumatyna görä, pidalaryň öwezini dolmak baradaky talaplaryna, olaryň haýyşy boýunça, ýaşaýan ýerlerinde serediler.

Kazyýet işçileriň 2019-njy ýylyň 21-nji martynda “Koşelewskiý Posadyň” däne ammarynyň çäginde kärhananyň baglarynyň çäginde bölekleýin ulanylýan kumarin esasynda, günebakar çigidinden we syçan zäherinden gemrijiler üçin aldawaç edendigini kesgitledi.

Gemrijilere garşy ulanylmaly aldawajyň galan dört haltasy däne ammarynda saklanýar we birnäçe aýdan soň günebakar ýagynyň gaýtadan işlenmegi üçin berilýär.

2019-njy ýylyň tomsunda bu ýag Ulýanowsk sebitinde iki adamy we Samara sebitindäki naharhanada nahar iýen özbegistanly işçileriň 43 sanysyny zäherledi.

Zäherlenen adamlaryň üçüsi heläk boldy.

Bu zäherlenme bilen bagly jemi 69 adam lukmançylyk kömegini almaly boldy.

Zähmet migrantlaryna kömek etmek üçin Özbegistanyň baş toksikology we gematology Russiýa uçup geldi.

Ejir çekenleriň dördüsi Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň ýörite uçary bilen, bejergi almak üçin, Moskwa äkidildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG