Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyz kazyýeti ömürlik tussag edilen täjikleriň şikaýatlaryna sereder


Gyrgyzystanda tussag edilen täjigistanly Abdurozik Abdukahharow

Gyrgyzystanyň Batken sebitiniň Leýlek etrap kazyýeti iki täjigistanlynyň özlerine garşy çykarylan ömürlik tussaglyk hökümine garşy şikaýatlaryna sereder. Olar 2021-nji ýylyň ýazynda Täjigistan bilen serhetdäki ýaragly çaknyşykda jenaýat etmekde günäli tapyldy. Bu barada Azatlyk radiosynyň täjik gullugy habar berýär.

Sentýabr aýynyň ortalarynda kazyýet Abdurozik Abdukahharowy we Askar Ýunusowy Jenaýat kodeksiniň 380-nji maddasy ("Parahatçylyga garşy jenaýatlar") we Jenaýat kodeksiniň 391-nji maddasy ("Talaňçylyk") boýunça günäkär tapdy.

Iş kesilenleriň garyndaşlary bu hökümi adalatsyz diýip atlandyrdylar. Şol wagt bu höküme Täjigistan häkimiýetleri tarapyndan resmi reaksiýa bilidirilmedi.

Sogd sebitiniň ýolbaşçysy Rajabboý Ahmadzoda, Täjigistanyň hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde, hökümiň gaýtadan gözden geçirilmegini haýyş edip, Gyrgyzystana iki resmi hat iberendigini aýtdy. Täjigistanda günäli tapylan raýatlaryň biriniň aklawçysy kazyýetiň bu aýyplama garşy şikaýatlara serediljekdigini tassyklady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG