Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşme: Türkmenistanda COVID-19 sebäpli 25 müň adam ölümi hasaba alyndy


Türkmenistandaky gonamçylyklaryň biri (arhiw suraty)
Türkmenistandaky gonamçylyklaryň biri (arhiw suraty)

Türkmenistan öz çäklerinde, şol sanda daşary ýurtly ýokary derejeli saglyk resmileri bilen hem gepleşiklerinde COVID-19-yň ýokdugyny öňe sürmegini dowam etdirýän pursady, Azatlygyň ýurduň saglyk pudagyndaky ygtybarly bir çeşmesi türkmen hökümetiniň koronawirusdan ölýänleriň gizlin hasabatyny ýöredýändigini mälim etdi. Azatlygyň mundan owal-da ygtybarly habarlary beren çeşmesiniň maglumatlaryny häzirlikçe garaşsyz ikinji tarapa tassyklatmak başartmady. Türkmenistanyň Saglyk we derman senagaty ministrligi hem Azatlygyň soraglaryna jogap bermekden ýüz öwürdi.

Çeşmäniň 14-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, 2020-nji ýylda pandemiýa başlanaly bäri Türkmenistanda wirus sebäpli 25 müňden hem aşa adam ölümi hasaba alnypdyr.

“[Koronawirusdan] ölýänleriň sanlary köpçülige aýan edilmese-de, bu barada welaýatlardan her gün Saglyk ministrligine hasabat berilýär. Howpsuzlyk gullugynyň ministrlige berkidilen kuratorlary welaýatlardan iberilýän maglumatlary jemleýärler we, umuman, munuň bilen bagly ähli işlere gözegçilik edýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetiniň aýan edilmezligini soran çeşmämiz gürrüň berdi.

Ol has köp adam ölüminiň, koronawirusyň esasy ojaklaryna öwrülen, Lebap we Mary welaýatlarynda hasaba alnandygyny aýtdy. Azatlyk ozal-da ýurduň beýleki künjekleri bilen bir hatarda, ýurduň günorta we gündogar welaýatlarynyň koronawirusyň delta görnüşinden ejir çekýändigini, sebitlerde wirusa ýolugýanlaryň we ondan ölýänleriň has köpdügini, merhumlara gonamçylyklarda mazar gazyp ýetişilmeýändigi barada yzygiderli habar beripdi.

Şol bir wagtda, çeşmämiz welaýat saglyk işgärleriniň Aşgabada hasabat üçin berýän sanlaryny hem asyl görkezijilerden has peseldip görkezýändiklerini belledi.

“Sebitleriň resmileri özlerinden howatyr edip, merkeze ölenleriň asyl sanyny kiçeldip iberýärler. Bulary anyklamak mümkin däl, sebäbi ýerli ýolbaşçylaryň görkezmesi esasynda merhumlaryň ölüm şahadatnamalarynda başga netijeler görkezilýär. Soňra bularyň arasyndan diňe belli bir böleginiň koronawirusdan ölendigi aýdylyp, Aşgabada hasabat ugradylýar” diýip, çeşmämiz sözüne goşdy.

Ýatlatsak, Azatlygyň ýurduň dürli künjeklerindäki habarçylary lukmanlara COVID-19 keselini agzamazlygy we diagnoz goýmazlygy, koronawirusdan heläk bolanlaryň ölüm netijelerine ýürek näsazlygy ýaly başga alamatlary görkezmegi üçin dilden buýruk berilýändigi barada habar beripdiler.

Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, koronawirusyň pidalary baradaky ýöredilýän gizlin hasabat barada ýurduň Saglyk we derman senagaty ministrliginden kommentariýa ýa-da düşündiriş almak başartmady.

Azatlygyň ýerli habarçylarynyň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, pandemiýa Türkmenistanyň saglygy saklaýyş ulgamynyň ilatyň saglygy bilen bagly synaglara düýpden taýýar däldigini görkezdi; türkmen häkimiýetleri syzyp çykýan ölüm, keselçilik, derman ýetmezligi baradaky howsalaly habarlara düşündiriş bermeýärler we umumylykda ýurduň koronawirusdan sapdygyny tassyklamagyny dowam etdirýärler.

Geçen hepde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory Hans Klýuge bilen duşuşygynyň dowamynda, ýurduň koronawirusdan azatdygy baradaky öňe sürmesini ýene bir gezek tekrarlady. Ol häzirki güne çenli ilatyň eýýäm “70 göterimden gowragyna” sanjym edilendigini hem aýtdy.

Şol bir wagtda, iň azyndan TDH-niň maglumatyna görä, BSG-niň ýokary derejeli resmisi ýurtdaky koronawirusyň asyl ýagdaýy baradaky garaşsyz neşirlerinde beýan edilýän maglumatlary agzaman, Berdimuhamedowa wirus bilen alnyp barylýan tagallalara “hoşallyk” bildiripdir.

TDH-niň bu duşuşyk boýunçaa 8-nji oktýabra çap eden habarynda Kluýeginiň Berdimuhamedowa “köpugurly hyzmatdaşlyga netijeli çemeleşýändigi hem-de täze görnüşli koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça umumy tagallalar üçin tüýs ýürekden hoşallyk” bildirendigi aýdylýar. Şeýle-de, Klýuge Türkmenistanyň bu howply ýokanç kesele garşy göreşmekde “öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini kanagatlanma” bilen belläpdir.

Azatlyk Türkmenistanda wirusdan gündelik ýüzden hem aşa adamyň heläk bolýandygy baradaky habarlaryň fonunda, Hans Klýugeniň aýdandygy aýdylýan bu bellikleri boýunça, BSG-niň Ýewropa edarasyna ýüz tutsa-da, häzirlikçe hiç hili aýdyňlaşdyryjy kommentariýa alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG