Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow BSG resmisi bilen duşuşdy, ýurduň çäginde COVID-19 ýokdugyny ýene tekrarlady


Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory Hans Klýuge
Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory Hans Klýuge

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory Hans Klýuge bilen duşuşdy, şeýle-de wirusyň ýurduň çäklerine “aralaşmagyna we ýaýramagyna ýol berilmändigini” tekrarlady.

Türkmenistan Azatlyk Radiosynda we beýleki garaşsyz neşirlerde koronawirusa ýolugýanlaryň we ondan heläk bolýanlaryň köpelýändigi, keselhanalaryň hassalaryň akymyna döz gelip bilmeýändigi baradaky çykýan habarlaryna hiç hili reaksiýa bildirmän, tersine, pandemiýa başlaly bäri öz çäginde wirusyň ýeke ýagdaýynyň-da resmi taýdan hasaba alynmandygyny öňe sürýär.

TDH maglumatyna görä, Berdimuhamedow koronawirusyň ýüze çykmagynyň ilkinji günlerinden başlap, onuň garşysyna göreşmek boýunça “maksada gönükdirilen anyk çäreleriň” görlüp başlandygyny aýdypdyr.

Ol halkara gatnawlarynyň wagtlaýyn togtadylmagy, edara-kärhanalarda dezinfeksiýa işleriniň geçirilmegi, "ýiti ýokanç keseliň ýüze çykmalaryna meňzeş ýagdaýly şahslary saklamak" üçin karantin merkezleriniň esaslandyrylmagy ýaly çäreleri agzasa-da, bularyň netijesinde ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada hiç zat aýtmady.

TDH-niň maglumatyna görä, BSG-ni[ ýokary derejeli resmisi Berdimuhamedowa “köpugurly hyzmatdaşlyga netijeli çemeleşýändigi hem-de täze görnüşli koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça umumy tagallalar üçin tüýs ýürekden hoşallyk” bildiripdir.

Şeýle-de, bu howply ýokanç kesele garşy göreşmekde "öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini kanagatlanma" bilen belläpdir.

Mundan başga-da, Berdimuhamedow ýurduň dürli künjeklerinde wirusdan gündelik ýüzden hem aşa adamyň heläk bolýandygy baradaky habarlaryň fonunda, häzirki güne çenli ilatyň eýýäm 70 göterimden gowragyna sanjym edilendigini mälim etdi.

Hans Klýuge özüniň Twitter hasabynda Berdimuhamedow bilen duşuşygynyň dowamynda pandemiýa garşy çäreleriň, regional saglyk başlangyçlarynyň, Owganystana gumanitar kömegiň dagy maslahat edilendigini mälim etdi.

Mundan öň, Klýuge ýurduň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen hem duşuşypdy.

Iki hepde gowrak mundan ozal, ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar, şol sanda “Türkmen Helsinki fondy”, “Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy” we turkmen.news garaşsyz media serişdesi Hans Klýugeniň adyna açyk hat iberip, pandemiýanyň türkmen halkyna abandyrýan howplary, häkimiýetleriň koronawirusy erjellik bilen inkär etmegi dogrusynda aladalaryny beýan etdiler.

Adam hukuklaryny goraýjylar Klýugeden Bütindünýä Saglyk guramasynda Türkmenistan boýunça pandemiýa meselesinde öz pozisiýasyny takyklaşdyrmagy, şeýle hem türkmen hökümetine bu meselede aç-açan ýüz tutmagy soradylar hem-de guramanyň Türkmenistan boýunça garaşsyz COVID-19 barlag geçirmek planlaryny ýatlatdylar.

Ýatlasak, geçen ýylyň awgustynda Hans Klýuge Türkmenistanyň koronawirus test seljermeleriniň BSG-niň öz barlaghanalarynda öwrenilmegi üçin alnyp gaýdylmagy babatynda türkmen prezidentinden rugsat sorandygyny we munuň oňyn kabul edilendigini mälim etdi.

Bir ýyl töweregi soň, 7-nji iýulda žurnalistler bilen geçiren onlaýn duşuşygynda Hans Klýuge Türkmenistanyň COVID-19 nusgalaryny Bütindünýä saglyk guramasynyň saglyk ekspertleriniň garaşsyz barlamagy boýunça, gynansak-da, öňe gidişligiň gazanylmandygyny aýtdy.

Öz çäginde koronawirusy boýun almazlykda tankyt edilýän Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynda eden wideo ýüzlenmesinde dünýä bileleşiginiň pandemiýa garşy göreş tagallalarynyň “ýeterlik däldigini” aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG