Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Alym 'türki hökümdarlaryň atasy hasaplanan' Alp Er Tonganyň mazaryny Buharadan tapandygyny aýdýar


Illýustrasiýa suraty. Buhara, Özbegistan.

Dünýä Türkmenleri programmamyz türki halklaryň gadymy taryhynda ady rowaýata öwrülen “taryhy şahsyň” mazarynyň türk professory tarapyndan Buharada tapylmagy baradaky soraglaryň töwereginde pikir ýöretmäge synanyşýar.

Oktýabryň başynda türk ylmy barlagçysy, dürli çeşmelere görä, “taryhda döwlet dolandyran türki hökümdarlaryň atasy hasaplanýan” Alp Er Tonganyň (Alp Är Toňňa) mazaryny, özüniň ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri alyp barýan ylmy barlaglarynyň netijesinde, Buharadan tapandygyny mälim etdi.

Ylym işgäriniň bu bildirişi türk dilli sosial media ulanyjylarynyň arasynda giň seslenme döretdi. Türk media serişdeleri bu habara uly gyzyklanma bildirdi.

Alym 'türki hökümdarlaryň atasy hasaplanan' Alp Er Tonganyň mazaryny Buharadan tapandygyny aýdýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

"Açyş"

1-nji oktýabrda Türkiýäniň Gazi uniwersitetiniň professory Nejati Demir uzak ýyllaryň dowamynda özüniň Özbegistanda alyp baran meýdan işleriniň netijesinde gadymy türk halklarynyň arasynda, rowaýatlara görä, möhüm hökümdar, serkerde hasaplanan Alp Är Toňňanyň mazaryny Buharadan tapandygyny aýtdy. Ol bu açyş bilen bagly barlag netijelerini Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe hödürländigini mälim etdi. Ylmy barlagçy ýakyn wagtlarda bu açyşyň özbek prezidenti tarapyndan türk dünýäsine mälim ediljekdigini aýtdy.

“Hormat bilen türk dünýäsiniň dykgatyna hödürleýäris... Türkiligiň umumy atasy Alp Är Toňňanyň mazaryny Buharadan tapdym. Jikme-jik maglumatlar öňümizdäki günlerde [paýlaşylar]. Türk dünýäsine salam bolsun” diýip, Demir özüniň şahsy Twitterde hasabynda ýazdy.

Ýöne türk professory, her näçe detallaryň ýakyn wagtlarda köpçülige ýetiriljekdigini aýtsa-da, goşmaça maglumatlardan daşary, has takyk jikme-jiklikler heniz mälim edilmedi.

Bu bildirişiň döreden rezonansyny nazarda tutup, ylym işgäri, 3-nji oktýabrda Ankarada metbugat konferensiýasyny geçirýändigini mälim etdi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini ýygnaga çagyrdy.

Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “TRT Haber” telekanalyna görä, alym bu gubury tapmak üçin 25 ýyl ylmy gözleg geçiripdir, meýdan işlerini alyp barypdyr. Galyberse-de, türk telewideniýesine görä, ylmy barlagçynyň täze açyşyň üstünde işlemegine Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň giýewsi Otabek Umarow hemaýat beripdir.

“Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli mazaryň ýerleşýän ýerini aýan edip bilmeýärin. Bar bolan maglumatlaryň ählisini Özbegistan döwletine berdim. [Bu iş boýunça taýýarlanan] bukja Özbegistanyň prezidentiniň stolunda... Özbegistan döwletiniň berjek görkezmesine laýyklykda, ýa-da olaryň gönükdirmeleri bilen mazaryň ýerini mälim ederis” diýip, Türkiýäniň “Hürriýet” neşiri türk professorynyň sözlerini sitirledi.

Türkiýäniň “Milliýet” gazeti Alp Är Toňňanyň mazarynyň tapylandygy baradaky habarlara şübheli çemeleşýän ylym işgärleriniň we ýazyjylaryň sözlerini sitirledi.

“Ilkinji türkler” kitabynyň awtory Ahmet Taşagil “Milliýet” gazetine beren interwýusynda türk professoryny özüniň täze açyşyny subut etmäge çagyrdy:

“Subut etsin, biz hem göreli! Alp Är Toňňa taryhy şahsyýet däl. Onuň mazary hem bolup bilmez. Ol diňe bir “Diwany Lugat Et-Türk” kitabynda agzalýan mif bilen “Şanamadaky” meňzeşligiň önümidir. Şol sebäpden, Alp Är Toňňanyň haýsy döwürde ýaşap geçendigi belli däl... Geçmişde ýaşap geçmedik bir adamyň mazarynyň hem bolmagy mümkin däl. Ýöne, eger-de ylmy taýdan subut etse, ykrar ederis” diýip, “Milliýet” gazeti “Ilkinji türkler” kitabynyň awtoryny sitirledi.

Garaz, öňde baryjy türk gazetleri, şol sanda “Hürriýet”, “Milliýet”, “Ýeni Şafak”, “Habertürk” neşirleri türk professorynyň täze açyşy barada çekişmeli maglumatlary okyjylaryna ýetirdi.

Dünýä Türkmenleri programmamyz türki halklaryň gadymy taryhynda ady rowaýata öwrülen “taryhy şahsyň” mazarynyň türk professory tarapyndan Buharada tapylmagy baradaky soraglaryň töwereginde pikir ýöretmäge synanyşýar.

Alp Är Toňňa kim bolupdyr, türkmen medeniýetinde, halk döredijiliginde onuň ady agzalýarmy? Türkmen taryhy çeşmeleri ony haýsydyr bir faktlaryň esasynda taryhy şahsyýet hökmünde ykrar edýärmi? Köplenç gadymy mifiki şahsyýetleri dabaralandyrýan Türkmenistanyň milli-döwlet ideologiýasynda Alp Är Toňňanyň orny nirede?

Programmamyzyň bu sany şeýle soraglara jogap agtarmaga synanyşdy. Ýöne şol bir wagtda, bu makala ylmy iş bolman eýsem, täze açyşdygy aýdylýan wakanyň metbugatda şöhlelenişine nazar aýlaýar.

Türk professory Nejati Demir 3-nji oktýabrda geçiren metbugat konferensiýasyndan Alp Är Toňňanyň miladydan ozal 700-nji ýyllarda ýaşap geçen taryhy şahsyýet bolandygyny aýtdy.

Çeşmeler

Alp Är Toňňanyň her näçe taryhy şahsyýeti jedelli bolsa-da, dürli çeşmelere görä, onuň ady gadymy orhon-ýeniseý ýazgylarynda, Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany Lugat Et-Türk” kitabynda hem-de Ýusup Balasagunlynyň “Kutadgu Bilig” eserinde agzalýar. XI asyrda ýaşap geçen Balasagunly “Kutadgu Bilig”, ýagny “Bagt getiriji bilim” eserini şol wagt Kaşgaryň garahanly hökümdary Bugra hana bagyşlap ýazypdyr. Bu iş üçin Bugra han oňa “Has Hajyp” diýen ýokary ady dakypdyr.

Pars çeşmelerinde Alp Är Toňňanyň ady “Afrasýap” diýlip tutulýar. Ferdöwsiniň “Şanamasynda” Afrasýap pars ýurdunyň duşmany hökmünde görkezilýär we onuň Rüstem Zal, Keýkowus ýaly pars gahrymanlary bilen söweşendigi aýdylýar.

Alp Är Toňňanyň ady, taryhy çeşmelere görä, VIII asyr orhon-ýeniseý ýazgylarynda hem agzalýar. Daşa ýazylan Orhon ýazgylary Ýeniseý derýasynyň boýunda 1889-njy ýylda Mongoliýada tapyldy. Bu ýazgylarda Göktürk döwletiniň hökümdary Bilge hanyň hem-de onuň dogany Kül Tekiniň (Tigin) edermençiligi wasp edilýär. Oguzlaryň yslamdan öň orhon elipbiýinde daşa ýazan ýazgylarynyň VIII asyryň başlarynda ýazylandygy çak edilýär.

Gadymy Orhon ýazgylarynyň 36-37-nji setirleri
Gadymy Orhon ýazgylarynyň 36-37-nji setirleri

Kembridj uniwersitetiniň (Cambridge University) çaphanasy tarapyndan iňlis dilçisi Nora Çadwik (Nora K. Chadwick) hem-de sowet professory Wiktor Žirmunskiýniň awtorlygynda ilkinji gezek 1969-njy ýylda çap edilen “Merkezi Aziýa halklarynyň dilden aýdylýan eposlary” atly kitabyna görä, Mahmyt Kaşgarlynyň XI asyrda ýazan “Diwany Lugat Et-Türk” kitabynda ilkinji elegiýa Alp Är Toňňa bagyşlanypdyr.

Mahmyt Kaşgarlyda Alp Är Toňňa şeýle nalyş, elegiýa okalýar:

Alp Är Toňňa öldümi

Ýer eýesiz galdymy

Pelek aryn aldymy

Indi ýürek gan aglar

Pelek peýda gözledi,

Ogrynça duzak gurdy

Begler begin azdyrdy

Gaçsa nädip gutular!

Kaşgarly türki halklaryň arasynda bu legendar şahsyýetiň şanyna dilden-dile geçip, ýatdan aýdylyp gelen dokuz bent, 36 setirden ybarat nalany, elegiýany 11-nji asyrda öz eserine girizipdir.

Alp Är Toňňanyň mazaryny Buharadan tapandygyny öňe sürýän türk professory bu şahsyýet baradaky şübhelere, ikuçly teswirlere beren jogabynda Kaşgarlynyň eserindäki elegiýalara salgylandy:

“ ‘Alp Är Toňňa Nalasy’ atly elegiýa bar. Heý bir ýaşap geçmedik adama “Alp Är Toňňa öldümi?” diýip, nalyş aýdylarmy? Alp Är Toňňa oňa türki halklaryň dakan ady. Parslar oňa Afrasýap diýýär. Amyderýanyň günbatar tarapy Eýran, gündogary Turan bolupdyr. Mawernnahrda Afrasýap atly şäher bolupdyr. Bu şäheri Alp Är Toňňanyň gurdurandygy aýdylýar. Ýöne ony Çingiz Han ýer bilen ýegsan edipdir. Şol şäheriň ýerleşen ýerinde rus alymlary gazuw-agtaryş işlerini geçiripdirler. Şäherden tapylan galyndylar miladydan ozal tä VII asyrdan gözbaş alýar we muzeýlerde sergilenýär. Bu şahs barada ýeterlik ylmy barlaglar geçirilmänsoň, şular ýaly jedeller ýüze çykýar” diýip, Nejati Demir “Milliýet” gazetinde sitirlendi.

Belli türk edebiýatçysy we alym Iskender Pala Afrasýabyň Beýik Isgenderden, ýagny Aleksandr Makedonskiýden öň ýaşap geçendigini aýdýar. Aleksandr Makedosnkiý miladydan ozal 365 – 323 -nji ýyllar aralygynda ýaşapdyr.

Bu hasaplamalardan we çaklamalardan çen tutulsa, Alp Är Toňňa Beýik Isgenderden 360 ýyl töweregi ozal ýaşap geçipdir.

Alp Är Toňňa - Afrasýap

Dürli çeşmelere görä, Afrasýap “Awestada” hem agzalýar. “Routledge” neşirýaty tarapyndan ilkinji nusgasy 2014-nji ýylda çap edilen “Beýik Seljuklylaryň taryhy” atly kitapda aýdylmagyna görä, “Oguznamanyň” Watikanda saklanýan golýazmasynda hem Alp Är Toňňanyň ady agzalýar.

Galyberse-de, oguz dessanlarynyň hatarynda “Alp Är Toňňa” dessany iki müň ýedi ýüz ýyl mundan ozal bolup geçen wakalardan gürrüň berýär. Şeýle bolanda, dessanda aýdylýan wakalar miladydan ozal 700-nji ýyllara, Afrasýabyň ýaşandygy aýdylýan döwürlere gabat gelýär.

“Alp” sözi “batyr, bahadyr, gahryman” diýen manylary aňladýar; “Er” sözi häzirki zaman türkmen dilinde “erkek, är, esger” manylaryny berýär; “tunga” ýa-da “tonga” türkmen diline “sibir gaplaňy” hökmünde terjime edilýär. Orhon ýazgylarynda Afrasýabyň ady “Tonga Tigin” diýlip, agzalyp geçilipdir.

Käbir çeşmelerde Alp Är Toňňa sak hökümdary, skif serkerdesi hökmünde tanyşdyrylýar.

Türk professory Osman Karataý “Irki oguzlar” kitabynda Alp Är Toňňanyň sak hökümdary Bartatua bolandygyny çaklamaga “esas bar” diýýär. Bartatuanyň adyny grek taryhçysy Gerodot Protothias diýip tutýar.

XX asyr türk ýazyjysy Seýit Kemal Karaalioglynyň barlaglaryna görä, pars hökümdarlaryndan Keýhüsrew Alp Är Toňňany häzirki Azerbaýjanyň çäginde miladydan ozal 624-nji ýylda öldüripdir.

Günorta-günbatar Eýranyň Şiraz şäheriniň golaýynda ýerleşýän "Jemşidiň tagty" - Persepolis gadymy pars şäheriniň galyndylary. Gadymy "100 diňli köşk" harabalary
Günorta-günbatar Eýranyň Şiraz şäheriniň golaýynda ýerleşýän "Jemşidiň tagty" - Persepolis gadymy pars şäheriniň galyndylary. Gadymy "100 diňli köşk" harabalary

Karataýa görä, saklar miladydan ozal VII asyryň ortalarynda Hazar deňziniň demirgazygyndan günbatara aşýarlar. Saklar miladydan ozal 650-nji ýyllarda Kawkazlardan geçip, häzirki Azerbaýjanyň çäklerine aralaşaýarlar. Ol ýerden hem Ýakyn Gündogara çozýarlar.

Karataý “Şanamadaky” pars hökümdary Keýhüsrewiň ady bilen Gerodotyň taryh maglumatlaryndaky Kýaksaresiň atlarynda meňzeşlik bar diýýär.

Ýöne, beýleki tarapdan, eger-de hakykatdan-da, 20-nji asyr türk ýazyjysy Seýit Kemal Karaalioglynyň aýdyşy ýaly, pars hökümdary Keýhüsrew Alp Är Toňňany miladydan ozal 624-nji ýylda häzirki Azerbaýjanyň çäginde öldüren bolsa, şol bir wagtda taryhçy Osman Karataýyň Gerodoto salgylanyp, Keýhüsrew barada aýdýanlary dogry bolsa, onda bu gün Alp Är Toňňanyň mazary Buharada näme işlesin? Ol eýsem Azerbaýjanda bolmaly dälmi näme?

“Meniň üstüni açan ýerim geçmişde Alp Är Toňňa atlandyrylan we şol bir wagtda Afrasýap diýlip hem bilinýän türki hanyň mazarydyr. Men bu boýunça 1996-njy ýyldan bäri barlag geçirýärdim, bu temanyň üstünde işleýärdim. Abubakr Mohammad Ibn Jafer Narşahi tarapyndan 943-nji ýylda ýazylan “Buharanyň taryhy” atly eser bar. Şol eserde-de gürrüň edilýär” diýip, Buharada açyş eden türk alymy “Habertürk” neşirine beren interwýusynda aýtdy.

14-nji oktýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda türkmen edebiýatçysy Hudaýberdi Hally türkmen edebi we taryhy çeşmelerinde Alp Är Toňňanyň adyna özüniň duş gelmändigini gürrüň berdi. Ol Türkmenistanda gadymy çeşmeleriň düýpli öwrenilmeýändigini tankytlady.

“Meselem, Orhon-ýeniseý ýazgylary häzire çenli düýpli öwrenilenok Türkmenistanda. Şonuň bilen bir hatarda, “Oguznama” dessany, “oguznamaçylyk” hem beýle bir düýpli öwrenilmedi. Şoňa görä, bizde köp-köp taryhy maglumatlar, şonuň bilen birlikde, taryhy şahslar barada ýeterlik maglumat ýok. Hut meniň özüm ‘pylan kitapdan Alp Är Tonga barada okadym’ diýsem ol ýalan bolar” diýip, türkmen ýazyjysy gürrüň berdi.

Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany Lugat et-Türk” kitabynda Alp Är Toňňanyň Merw şäheriniň düýbüni tutandygy aýdylýar:

“Käbirleri türk territoriýasynyň “Merw aş-Şahijandan” başlandygyny aýdýar. Çünki Kazyň kakasy bolan “Tonga Alp Er” Afrasýap diýmekdir. Ol Merw şäherini bina eden şahsdyr” diýip, Kaşgarly 11-nji asyrda ýazgy galdyrypdyr.

Galyberse-de, Kaşgarly öz eserinde ähli türki hanlaryň Alp Är Toňňanyň neslinden gelýändigini, onuň neslinden bolmadyk adamlaryň “hakan/kagan” ýa-da “han” bolup bilmejekdigini aýdyp geçipdir. Elbetde, bu pikir 11-nji asyrda ýaşap geçen Kaşgarlynyň pikiri.

Geçen asyryň 14 – 78-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen görnükli türk taryhyçysy Osman Turan orta asyr yslam taryhçylaryna salgylanyp, garahanly, uýgur we seljuk hökümdarlarynyň Afrasýabyň nebereleri bolandyklaryny aýdýar.

Ýaponiýaly gündogary öwreniji, türkolog Abi Takionyň maglumatlaryna görä, garlyklar tarapyndan düýbi tutulan Garahanly döwletiniň hökümdarlary özleriniň şejere daragtynyň Afrasýabyň nesillerinden gözbaş alýandygyny erjellik bilen aýdar ekeni.

Ýene bir geň maglumat, taryhçy Osman Turan Alp Är Toňňa Oguz han diýýär. Onuň maglumatlaryna görä, biziň Oguz han diýip tanaýan şahsymyz aslynda Alp Är Toňňa ekeni.

Taryhyçy Osman Turan Osmanly döwletiniň iň soňky soltany II Aldulhamidiň körekenidir. Ýöne taryhçy Osman Karataý Alp Är Toňňanyň Oguz handygy baradaky pikir bilen ylalaşmaýar. Ýöne Karataý Oguz han bilen Alp Är Toňňanyň bir döwürde bir medeniýetiň çäginde ýaşandygy baradaky pikirleri öňe sürýär.

Sebitde etniki taýdan iň birmilletli hasaplanýan Türkmenistanyň milli-döwlet ideologiýasynda Oguz han dabaralandyrylýar. Resmi döwlet wagzynyň garaşsyzlyk, döwletlilik, milli bitewilik, jebislik ritorikalarynda köplenç Oguz han şöhlelendirilýär.

100-lik türkmen manadynda Oguz hanyň keşbi.
100-lik türkmen manadynda Oguz hanyň keşbi.

100-lik türkmen manadynyň ýüzünde Oguz hanyň keşbi bar. Suratdaky Oguz hanyň baş gabynyň öň tarapynda iki sany şah bar. Mifiki şahslardan Isgender Zülkarneýn hem baş gabynyň öň tarapyndaky iki şahy bilen tanalypdyr. Taryhçy Osman Karataý Zülkarneýn bilen Oguz hanyň arasynda arabaglanyşyk gurmaga çalyşýar. Ýöne türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally Oguz hanyň Isgender Zülkarneýn bolup bilmejekdigini aýdýar.

“Zülkarneýn – ‘iki şahly’ diýmek, ýagny ‘zül’ – iki, ‘kerneý’ – şah, Zülkarneýn – iki şahly diýmekdir. Ýöne ýene bir bellemeli zat – Isgender atly adam köp. Gurhany Kerimde-de Isgender ady geçýär. Ol, elbetde, gaty irki döwürde bolan [...] Garaz, türkmen taryhynda Isgender atlylar köp” diýip, türkmen edebiýatçysy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG