Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täzeden ýazylýan taryh. Geçmişi bilmek näme üçin zerur?


Türkmen atlylary. Gökdepe muzeýinde düşürilen surat.
Türkmen atlylary. Gökdepe muzeýinde düşürilen surat.

Türkmenistan 27-nji sentýabrda Garaşsyzlyk baýramynyň 30 ýyllygyny belledi. Emma ozal Türkmenistan bu baýramy 27-nji oktýabrda belleýärdi. Bu taryhyň täzeden ýazylmagynyň ýene bir, şonuň bilen bir wagtda-da, synçylaryň pikiriçe, oňaýsyz synanyşygy boldy. Emma taryhyň sowet döwründen soňky öwrenilişinde bir topar oňyn tendensiýalar hem bar we taryhçylaryň soňky ýyllarda çap edýän wideolary barha kän adamyň ünsüni özüne çekýär. Azatlyk radiosy post-sowet ýurtlarynyň taryhy we taryhy täzeden öwrenmek we ýazmak meseleleri, şol sanda bu meselä Türkmenistanda seredilişi barada, 19-njy asyrdaky imperiýa taryhyny, şol sanda Merkezi Aziýadaky rus agalygyny öwrenýän taryhçy alym, Angliýanyň ýokary okuw jaýlarynda taryhdan sapak berýän Aleksander Morrison bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Post-sowet ýurtlarynda, şol sanda Orsýetde taryhy täzeden ýazmak synanyşyklary edilýär, emma Türkmenistan 1980-nji ýyllaryň ortasynda başlanan prosesi soň gaýtadan duruzdy. Ýöne Türkmenistana geçmezden öň post-kolonial tendesiýalar we olaryň mümkin bolan netijeleri barada sorasym gelýär. Eýsem, post-sowet ýurtlarynyň her biri taryha täzeçe ýa-da öz milli bähbitleri nukdaý nazaryndan seretse, bu, Orsýet bilen Ukrainanyň arasynda bolşy ýaly, käbir oňuşmazlyklara getirip bilermi ýa-da, nähilem bolsa, bir kada hem öwrülip bilermi?

Aleksander Morrison: Bu gyzykly sorag, sebäbi, meniň pikirimçe, öňki sowet respublikalarynyň arasyndaky post-sowet bölünişikleriniň zorlukly wakalara ýazyp biljekdigi hakynda örän giň ýaýran bir düşünje bar we, bu, elbetde, Orsýet we Ukraina babatynda hakykatdan hem boldy, ýaňy-ýakynda bolsa, Ermenistan bilen Azerbaýjan meselesinde şeýle boldy, emma beýle zat Merkezi Aziýada bolmady. Ýagny, men bu ýerde hakykatda, umuman alnanda, post-sowet döwründe, siziň bilşiňiz ýaly, Merkezi Aziýadaky zorlukly wakalaryň gaty çäkli bolandygyny nazarda tutýaryn. Munuň esasy mysaly Täjigistanda bolan raýat urşy, emma ol Täjigistanyň içinde boldy, bu uruş post-sowet ýurtlarynyň arasynda bolan uruş däl.

Aleksander Morrison
Aleksander Morrison

Şeýlelikde, post-sowet döwründe biziň Merkezi Aziýa ýurtlarynda gören zadymyz, elbetde, döwlet gurmak işiniň dowam etdirilmegi boldy. Biz bäş post-sowet respublikasynyň ählisiniň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň ozaly, belli bir derejede, sowet döwründe işlenip düzülen, şol milli taryhlaryň köpüsiniň ilki döredilen wagtyndaky ritorikalar esasynda, emma käbir möhüm goşmaçalar bilen, täze milli ritorikalaryň döredilýändigini gördük.

Mysal üçin aýtsak, Özbegistanda Mirza Ulugbek, Alişir Nowaýy ýaly şahslar beýik özbek şahslary hökmünde bireýýämden bäri ýatlanýardy, hatyralanýardy, ýogsa, siziň bilişiňiz ýaly, Nowaýy bu günki gün Owganystanyň çäginde ýerleşýän Hyratda ýaşapdy, ýa bolmasa Ulugbek timuridlerdendi, timuridler bolsa Merkezi Aziýadan hakykatda özbekler tarapyndan gysylyp çykarylypdy. Emma muňa garamazdan, ýa özbek dili, ýa-da häzirki Özbegistanyň territoriýasy bilen baglanşygy nazara alnyp, olar häzirki zaman ýurdunyň mirasynyň bir bölegi boldy. Ýöne sowet döwründe Emir Timuryň hatyrasy tutulmazdy, ol tiran ýa feodal zulumkeş hasaplanardy. Her niçik-de bolsa, bu günki gün ol post-sowet Özbegistanyň milli ideologiýasyndaky esasy şahs bolup durýar. Şeýlelikde, sowet döwründen bäri bu ýerde milli taryhyň mazaly özgerdilendigini we oňa uly ähmiýet berilýändigini aýtsa bolar.

Emma muňa garamazdan, meniň täsin gören zadym, bu ýagdaý açyk çaknyşyklara alyp gelmedi, käbir meselelerde gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagyna getirdi, hususan-da Täjigistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklar ýaramazlaşdy, sebäbi ol köp ugurlarda bir-biri bilen bäsleşýärdi. Men bu ýerde, elbetde, kimlik meselesini nazarda tutýaryn. Siz bilýänsiňiz, olaryň arasynda örän kän umumy medeniýet we miras bar. Onsoň bu ýagdaý zatlaryň ýa özbek, ýa täjik tagmasy bilen tagmalanmagyna getirýär. Hakykatda bolsa, bu zatlar olaryň ikisine hem degişli. Bu ýagdaýlar ahyrynda Daşkent bilen Duşenbäniň arasynda köp ýyllap göni uçar gatnawlarynyň bolmazlygyna getirdi, täjik ylmy-barlagçylarynyň Özbegistanda işlemegi kynlaşdy. Emma bu hakyky çaknyşyga alyp gelmedi, toprak dawalary bolsa, degişlilikde, kiçi boldy. Olar esasan Fergana jülgesinde, Täjigistan, Gyrgyzystan ýa-da Özbegistan arasynda ýüze çykdy, özem olar köplenç ýokary hökümet derejesinden gaýtmady-da, hakykatda ýer, suw üstünde turan ýerli dawalar boldy, ýerli syýasatçylardan gözbaş aldy.

Meniň pikirimçe, bu ýerde milli taryhlaryň gelip çykyşy bilen bagly problemalar bar. Men olaryň içinde köplenç halatda o diýen anyk bolmadyk manydaky taryhy problemalar hem bar diýip pikir edýärin. Özem men olary merkezi aziýa halklarynyň arasyndaky tapawut duýgusyny güýçlendirip biljek, umumy taryhyň köpüsiniň üstüni örtýän problemalar diýip pikir edýärin. Emma iş ýüzünde bu ýagdaýlaryň netijeleri biziň Kawkaz ýurtlarynda, ýa-da hakykatdan hem Orsýet bilen Ukraina arasynda görenlerimizden has az problemaly we has az toksik boldy.

Meniň diýjek bolýan zadym, Sowet Soýuzy dargandan soň Aziýada milli jebislige belli bir derejede üns berilmegi düşünilki zat. Sebäbi bu döwletleriň ählisi täzedi, hemmesi biraz gowşakdy, olaryň barysy ykdysady sarsgynlary başdan geçiripdi, ...käsiniň örän garyşyk ilaty bardy, hususan-da Gazagystanda 1991-nji ýylda etniki köplük ýokdy. Şeýlelikde, döwlet gurluşygy prosesinde umumy milli ritorika basym berilmelidigi belli bir derejede düşnüklidi.

Meniň pikirimçe, megerem, Täjigistan ýa-da Türkmenistan babatda edil beýle bolmasa-da, häzir bu ýurtlarda ýeterlik derejede howpsuzlyk duýgusy bar we adamlar indi Merkezi Aziýa halklarynyň bir-birinden näderejede tapawutlanýandygyna basym berip başlap biler, emma hakykatda olaryň medeniýet, aýdym-saz, edebiýat we dil meselelerinde örän köp umumylygy bar. Şeýle-de olaryň örän köp umumy taryhy bar.

Mysal üçin, rus basybalyjylygyndan öň Merkezi Aziýanyň günortasynda döredilen üç döwleti, Kokandy, Buharany we Hywany alyp görsek, olaryň hiç biri biziň etniki diýip atlandyryp biljek döwletimiz bolmady. Buhara dolandyryjy elitasy özbeklerden we täjiklerden durýan döwlet boldy, Hywada siz, türkmenler örän möhüm rol oýnadyňyz, hususan-da onuň ýaragly güýçleriniň içinde. Kokand elitasynyň içinde bolsa iş ýüzünde gyrgyzlar we özbekler möhüm adamlar boldy. Meniň pikirimçe, bu taryhy gaýtadan açmak Merkezi Aziýa örän oňyn täsir ýetirip bilerdi.

Azatlyk: Aýdylyşy ýaly, taryh ýeňijiler tarapyndan ýazylýar. Häzirki pursatda ýeňijiler kimler? Şol bir wagtda, rus taryhçylarynyň arasynda hem imperiýa syýasaty astynda ýoýulan taryhy faktlara täze göz bilen garap, başgaça pikir öwürýänler bar. Bu meselede esasy çelgi, oriýentir näme bolmaly?

A.Morrison: Hawa, bu günki gün kim ýeňiji? Meniň çakyma görä, bu seniň muňa haýsy derejede seredýändigiňe bagly. Men bu ýerde olara her bir Merkezi Aziýa döwletiniň içinden seredilişini nazarda tutýaryn. Ýagny, meniň pikirimçe, hut döwlet we döwlet tarapyndan ygtyýar berlen we döwlet eýeçiliginde bolan ritorikalar giňden dabaralanýar, ýogsa olar, hususan-da Gyrgyzystan we Gazagystan ýaly, beýlekilere garanda has janly raýat jemgyýeti bolan ýerlerde belli bir gapma-garşylyga hem duçar bolýar.

Elbetde, eger-de biz, aýdaly, rus diline, has anygy internete giňräk nazar aýlasak, onda käbir derejede, meniň pikirimçe, Merkezi Aziýadaky rus ritorikasy şindem agdyklyk edýär. Bu, belki-de, bir tarapdan uly möçberdäki sanlara bagly bolsa, beýleki tarapdan, elbetde, Orsýetiň aýratynlykda alnan merkezi aziýa döwletleriniň her birinden şindi hem baý we has güýçli döwlet bolmagy bilen bagly.

Ýöne men bu ýerde, her bir merkezi aziýa ýurdunda we Orsýetde taryhçylaryň ýazýan we çap edýän zatlaryndan çen tutsak, hakykatda köp özgerişligiň bolup geçendigini aýtmak isleýärin, sebäbi olar sowet döwründäkiden has az gözegçilikde saklanylýar we bu dogry, belki-de, Türkmenistan bu meselede kadadan çykma bolup biler. Şeýle-de, bu Özbegistan babatda hem dogry bolman biler, emma Özbegistan hem indi hakykatda biraz açylýar. Orsýet babatda aýdylanda bolsa, hawa, bu ýerde döwlet ritorikasy bar we bu ritorikadan çen tutulsa, Orsýet hiç wagt kolonial güýç bolmady hem-de şol bir wagtda-da beýik güýç boldy, elbetde, olar muňa buýsanýarlar. Ýöne bu iki zadyň arasynda gapma-garşylyk bar.

Şeýle-de, hatda bu ýerde paralleller bolsa-da, olar Orsýetiň günbatar kolonialzmine, fransuz ýa-da britan kolonializmine deňelmegini islemeýärler. Emma men çynlakaý taryhçylaryň köpüsi bu meseledäki pikirini gaty açyk aýtdy diýip pikir edýärin we Orsýetde bu liniýa eýermeli bolmadyk gaty kän alym bar, olar Sergeý Nikolaýewiç Abaşin ýaly adamlary, sowet döwründe etjek boluşlary ýaly, berk gözegçilikde saklamaýarlar. Şeýlelikde, Orsýetde diňe şol bir görnüşdäki zatlar çap edilmeýär.

Mysal üçin aýtsak, Merkezi Aziýada 1916 ýylda bolan gozgalaňyň bu wakalaryň 100 ýyllygy bilen bagly düşündirilişine, hususan-da bu meselede rus we gyrgyz taryhçylarynyň arasynda giden çekişmelere seredip bileris. Gyrgyz taryhçylarynyň käbiri rewolýusiýanyň rus patyşasy tarapyndan güýç bilen basylyp ýatyrylmagyny genosid diýip atlandyrsa, rus alymlarynyň käbiri muňa örän erjel garşylyk görkezdi.

Meniň pikirimçe, iň netijeli çemeleşme hemişe dialoga, gepleşige üns berilmegi bolsa gerek. Başgaça aýdylanda, ne rus, ne-de gyrgyz taryhçylary öz berkitmeleriniň arkasyna çekilip, bir-birine zat zyňmaly. Muňa derek, iş ýüzünde, rus we merkezi aziýa taryhçylary jemlenip, bilelikde maslahat geçirmeli, hatda olar gelip, özara ylalaşmazlyklaryny dowam etdirseler-de, bir-birek bilen özara gürleşmegiň, pikir alyşmagyň usullaryny, ýollaryny tapjak bolmaly.

Taryhy täzeden ýazmakda esasy ugur ýa çelgiler barada aýdylanda, men bu ýerde hakykatda birinji soraga jogap beremde aýdanlarymy gaýtalap, Merkezi Aziýada sowet döwrüniň döredijiligi bolan örän berk milli çäklerden belli bir derejede çekilmek zerurlygy barada pikir edýärin.

Siz bilýärsiňiz, bu ýerde bir [çykarylmaly] many bar. Ýene Hywany mysal getirip aýtsam, Hywa gürrüňsiz özbek taryhyna degişli hasaplanýar. Şonuň üçin Hywa üstünde işleýän adamlaryň köpüsi esasan Özbegistanda ýaşaýar. Emma Hywa şol bir wagtda, özbek taryhy bolşy ýaly, türkmen taryhy hem bolup durýar. Belki-de şol wagt dolandyryjy dinastiýanyň içindäkileriň köpüsi özbek bolandyr, ýöne muny Hywanyň oturymly ilatynyň köplügi babatynda aýdyp bolmaýar. Onsoň, siz bilýärsiňiz, iň gowy taryhçylar bu zatlara milli serhetleriň çäginden daşarda seretmäge ukyply bolýar.

Şeýle taryhçylaryň biri, uly nesilden, meniň uly hormat goýýan adamlarymyň biri, merhum, özi gazak we karýerasynyň uly bölegini Gazagystanda ýaşap we işläp geçiren Timur Beýsembiýew. Emma ol Kokandyň taryhyny öwrenmek bilen uly at-abraý gazandy. Elbetde, Kokanda özbek döwleti hökmünde seredilýär. Emma Beýsembiýew ol döwletiň dolandyryjy eltasynyň, eger-de biz şu günki günde ulanylýan häzirki zaman milli ýa-da etniki kategoriýalary ulansak, özbekleri, gazaklary we gyrgyzlary öz içine alýandygyny görkezmegi başardy. Onsoň, hakykatdanam, ol döwletiň taryhyna dogry düşünjek bolsak, haçanda bu bölünişikleriň o diýen uly ähmiýeti bolmasa, onda biz ol milli ýarlyklary arkada goýup, oňa öz wagtyna laýyklykda we öz mazmunynda düşünmäge çalyşmaly.

Emma oturymly we çarwa ilatyň arasyndaky käbir beýleki bölünişikler şindi hem, hatda 19-njy asyrda hem möhümdi. Ýöne ol [Býesembiýew] özboluşly dar çäklerden has aňyrdaky zatlary görmegi başaran adam boldy, ýogsa onuň özi gazakdy we, düşünilişi ýaly, gazak taryhynyň üstünde işlemelidi. Emma ol muny etmedi, ol özüni beýle dar çygra salmaga ýol bermedi we bu meniň hut görmek isleýän zadym.

Diýjek bolýan zadym, elbetde, hakykatda men merkezi aziýaly taryhçylaryň öz isleýän islendik döwürleriniň ýa ýerleriniň taryhy üstünde işläp bilmegini islärdim. Onsoň, siz bilýärsiňizmi, näme üçin biz uzagyndan Birleşen Patyşalygyň öňdebaryjy taryhçysynyň Türkmenistandan gelip çykmagyna umyt baglamaly däl, men [bu ýerde] sebäp görmeýärin. Dogry, bu bolýança belli bir döwür geçir biler, ýöne ol biziň hakykatda ymtylmaly zadymyz. Ýöne gysga möhlet nukdaý nazaryndan alnanda, eger merkezi aziýa taryhçylary bir-biri bilen has kän hyzmatdaşlyk etseler we ýaňy-ýakynlara çenli hem gaty gabanjaň seredilen, olaryň boluşlary ýaly, milli siloslara bölünen taryh hakynda ýazsalar, bu gaty gowy bolardy.

Azatlyk: Türkmenistanda ýerli häkimiýetler her ýylyň 12-nji ýanwarynda, Gökdepe galasynyň partladylan gününde ýurt gorap ölenleriň Hatyra gününi bellemäge başladylar. Emma soň bu ýatlama güni 1948-nji ýylda bolan ýer titremesinde ölenleriň ýatlama gününe goşuldy. Döwlet eýeçiligindäki metbugat bolsa indi rus patyşasynyň goşunlarynyň Gazawatda, Gökdepede eden gyrgynçylyklaryny ýatlamakdan gaça durýar. Siziňçe, bu ýagdaýlaryň arkasynda näme bolup biler?

A.Morrison: Meniň pikirimçe, munuň arkasynda gös-görnetin diýen ýaly syýasy düşündiriş bar. Men onuň anyk nämedigini bilemok. Men şu ýylyň ýazynda orsýetli kärdeşlerimiziň gurnan halkara maslahatyna gatnaşdym, bu maslahat ruslar bilen türkmenleriň arasyndaky taryhy gatnaşyklara bagyşlanypdy we ol ýerde Türkmenistandan gelenleriň hem käbiri çykyş etdi. Şonda, bilýärsiňizmi, bu gatnaşyklaryň pozitiw (oňyn) we konstruktiw (gurujy) taraplary aşa kän nygtaldy, men muňa örän haýran galdym. Emma bolup geçen zorlukly wakalar, hususan-da 19-njy asyrda ýa-da Gökdepede bolan gyrgynçylyklary, Hywa basylyp alnandan soň, 1873-nji ýylda bolan ýomut gyrgynçylygy hakynda hiç kim gürrüň etmek islemedi.

Onsoň men bu barada gürrüň etmeli boldum we munuň tankyt etmek üçin edilmeýändigini belledim. Sebäbi, elbetde, Britaniýa hem öz koloniýalarynda gyrgynçylyk edipdi we bu 19-njy asyrdaky kolonial döwlet dolandyryşynyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýardy. Ýöne men Orsýet ala-böle, aýratyn alnan bir erbet döwlet diýjek bolmaýaryn. Emma biz rus-türkmen gatnaşyklarynyň bu döwürdäki gatnaşyklary hakynda gürrüň edemizde, meniň pikirimçe, hemme zatdan ozal, rus kolonial goşunlarynyň amala aşyran iň gazaply iki gyrgynçylygynyň esasy pidalary näme üçin türkmenler boldy diýip oýlanmaly. Sebäbi olar, beýleki merkezi aziýa halklaryna garanda, türkmenler babatynda has gazaply boldular we şonuň bilen baglylykda bu ýerde nähilidir bir düşündiriş berilmegi zerur.

Onsoň, siz bilýäňizmi, ol ýerde birhili egin ýygyrmalar, hawa, hakykatdanam şeýle zat boldy diýen ýaly boýun alyş yşaratlary boldy. Emma adamlar esasan bu barada gürrüň etmek islemediler we: ýeri, näme, şeýle zatlar bolýar ahyry diýdiler. Emma men munuň jogaby esasan şu günki rus-türkmen gatnaşyklaryny ýuwmarlamak we gowulandyrmak islegi bilen baglanyşykly bolsa gerek diýip pikir edýärin. Ýöne bu, elbetde, azaşdyrma bolýar. Sebäbi diýseň, her näme diýlende-de, siz bilýärsiňiz, Türkmenistanda bu hili köpçülikleýin gyrgynçylygyň bolandygyny hiç kim ýadyndan çykarmaz. Hatda döwlet muny boýun almasa hem, ýa muny haýsydyr bir görnüşde ýatlamasa-da, görnüp duran zat, bu [taryh] halk hakydasynda ýaşar.

Onsoňam, geçmişde şeýle zatlaryň bolandygy baradaky islendik ýatlama häzirki günde gowy gatnaşyk gurulmagyna päsgelçilik döretmeli däl. Siz bilýärsiňiz, britan hökümeti 1919-njy ýylda Hindistanda eden Amritsar gyrgynçylygyny yzygiderli diýen ýaly boýun alýar, ýogsa onuň möçberi hakykatda ruslaryň Gökdepede eden we köp ugurlary boýunça has elhenç diýip bilinýän gyrgynçylygyndan has kiçi. Görnüp duran zat, Britaniýa bilen Hindistanyň gatnaşyklary, elbetde, hemişe gül ýaly däl, emma bu, eger-de biz köplenç Hindistandaky britan dolandyryşynyň bir bölegi bolan zorluklary, hamala, bolmadyk bir zat ýaly görkezjek bolsak, biziň gatnaşyklarymyz has ýaramaz bolardy. Biz bu meselelerde ulalyp-oňalmaly we olaryň bolup geçen zatlardygyny boýun almaly, şeýle-de biz häzirki nesilleriň ol bolan zatlar üçin günäkär däldigini boýun almaly.

Olar üçin bu, siz bilýärsiňiz, birçak, gadym wagtda bolup geçen zat. Häzirki zamanyň ruslary we rus döwlet işgärleri 1880-nji ýyllarda edilen zatlar üçin jogapkärçilik çekmeýär. Ýöne olar, elbetde, bu bolan zatlaryň ylmy derňewini basyp ýatyrmak isleseler, munuň üçin jogapkär bolarlar. Özem bu has uly, bagyşlamasy has kyn iş bolar.

Azatlyk: Türkmen metbugaty bolşewikleriň eden gyrgynçylyklary, sowet döwrüniň repressiýasy hakynda hem dymýar. Okuw kitaplarynda bolsa, 1930-njy ýyllarda atylan, sürgün edilen syýasy işgärler, ýazyjylar, alymlar hakynda hem doly maglumat berilmeýär. Şol bir wagtda-da rowaýaty gahrymanlaryň heýkellerini dikip, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemegiň ähmiýeti nygtalýar. Eýsem, öz ýurdunyň taryhyny bilmeýän ýaşlar watançy bolup bilermi?

A.Morrison: Men bu ýerde hakykatda iňlis kontekstinde o diýen döwrebap eşidilmejek bir zat aýtmakçy bolýaryn, sebäbi men watançylyk möhüm diýip pikir edýärin. Siz bilýärsiňiz, men adamlar öz watanyny söýmeli we özlerini jemgyýetiň bir bölegi hökmünde duýmaly diýip pikir edýärin, sebäbi olaryň öz daş-töwereklerinde ýaşaýan adamlar bilen, biziň haýsymyzyň nähili köp we dürli-dürli gatlaklardan gelip çykandygymyza garamazdan, umumy taryhy geçmişi bar.

Dogry, muny [watançylygy] nädip ösdürjegiň örän ynjyk mesele, emma men ýokardan aşak gaýdýan we döwlet tarapyndan goldanylýan ritorika bu işde dogry usul bolar öýtmeýärin. Bu ýerde ylmy-barlaglaryň azat-erkinligine rugsat berilmeli. Siz taryhçylara, döwletiň gazaply gatyşmazlygynda, bu zatlary ara alyp maslahatlaşmak, çekişmek, jedelleşmek şertlerini döretmeli. Meniň öňem aýdyşym ýaly, geçmişde bolan oňaýsyz we amatsyz faktlary doly bassyr-ýussur etmek öz-özlüginde, ahlak taýdan hem kabul ederlik däl, sebäbi hakykat möhüm, onuň ähmiýeti bar, biz oňa mätäç. Biziň hakykaty onuň öz hatyrasyna hem bilmegimiz gerek. Belli bolşy ýaly, döwlet gurluşygyna ýa-da watançylygy ösdürmäge näderejede peýdalydygyna garamazdan, [hakykatyň bilinmegi zerur]. Geçmiş baradaky hakykatyň şindi hem saklanmagy, bolmagy gerek. Olaryň käbiriniň şindi hem bilinmegi zerur. Emma men, her hili bolanda hem, bu hili tagallalar [basyşlar] hiç wagt [oňyn] netije berer öýdemok.

Bu ýerde boljak zat näme, [taryhy faktlar baradaky] gürrüňler gizlin, aşakdan ediler we dilden-dile geçende kän ýoýulmalara sezewar bolup, hakykat ýüzünde uly etnigara dartgynlyga hem goşant goşup biler. Eger adamlaryň olar barada gürrüň etmegi gadagan edilse, olar bu meseleler barada açyk we ýürekden gürrüň edip bolan ýagdaýyndakydan has erbet, ýykgynçylykly görnüşlere eýe bolar.

Hawa, siziň bilşiňiz ýaly, bolşewikler döwri baradaky problema islendik görnüşdäki häzirki zaman milli ritorika üçin bulaşyk, hususan-da onuň türkmen görnüşi örän garjaşyk. Bu döwürde Han Ýomudskiý, Seýitmyrat Öwezbaýew ýaly, irki medeni işlerde uly rol oýnan, emma soň, Stalin döwründe atylan we basylan, hakykatdan hem gaty möhüm şahslar bar. Olar bu döwürde türkmen kimliginiň nähilidir bir birleşen manysynyň döredilmegine kömek etdi.

Olar barada, aýdaly, alaga-da, ruslaryň pidalary bolan türkmen watançylary hökmünde oýlansak, bu o diýen dogry bolmaz. Sebäbi diýseň, mysal üçin aýtsak, Han Ýomudskiý patyşa Russiýasynyň ygrarly raýatydy, Seýitmyrat Öwezbaýew bolsa patyşa Russiýasynyň goşun ofiseridi. Olaryň ikisi hem irki ýyllarda, haçanda bolşewikler ýerli hyzmatdaşlara mätäç bolanda, bolşewikler bilen işlemek isleýärdi. Bu ýerde bolan zat hakykatda sowet syýasatynyň içinde bolup geçen käbir üýtgeşmeler bilen bagly. Emma bu çylşyrymlylyklar adamlaryň öwrenmeli, bilmeli we düşünmeli zatlary bolup durýar. Siz bilýärsiňiz, geçmişde adamlar köplenç örän kyn we çylşyrymly ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz boldy, siz bu hili ýagdaýda aňsat seçgi edip biljegiňizi bilmeýärsiňiz.

Meniň pikirimçe, adamlaryň bu zatlary bilmegi möhüm. Onsoň, hawa, bu zatlara has töwerekleýin, ähli taraplaryny we çylşyrymlylyklaryny nazara alyp, giňişleýin baha bermeli. Şonda, eger bilseňiz, bu adamlary ýönekeý, bilkastdan arassalanana meňzeýän galp ritorika bilen doýuranyňdan, hakykatda has köp watançy etmäge kömek edip bilerdi. Öwezbaýew meniň üçin hakykatdanam görnükli şahsyýet, ilki rus kolonizatorlary üçin işlemegi, soň sowet režimi bilen işlemegi hem onuň görnükliligini kemeltmeýär. Ol ýokary derejede bilim alan we aşa akylly adam bolupdyr, häzirki zaman Türkmenistanynda ol adamlaryň bilmeli, tanap goýmaly ynsanlaryndan bolsa gerek.

Azatlyk: Siz häzir taryhlaryny özleriçe täzeden ýazmaga çalyşýan post-sowet halklarynyň gelýän bäş-on ýyldaky durumyny nähili göz öňüne getirýärsiňiz? Bu ýurtlar häzirki geçiş döwründen sag-aman geçip bilermi?

A.Morrison: Bu ýurtlar häzirki geçiş döwründen sag-aman geçip bilerlermi? Meniň pikirimçe, prinsipde, hawa, olar muny başarar. Häzirki pursatda Merkezi Aziýa ýurtlaryna abanyp biljek iň uly howp, belki-de, hakykatda bolaryndan bolmazy ýakyn, meniň çakyma görä, Hytaýyň bu sebitde ýaýbaňlanmak ähtimallygy bilen bagly. Emma iň uly howp-hatar hakykatda daşky gurşaw [meseleleri] bolup, bu mesele suw serişdeleri bilen baglanyşykly. Meniň pikirimçe, bu gowşaklygyň iň uly we olaryň arasyndaky mümkin bolan çaknyşyklaryň döräp biljek ýeri bolup durýar.

Emma olaryň sosial gurluşlaryna we beýlekilere gezek gelende, belki-de bu meniň hakykatda aşa optimistligimdendir, sebäbi men Gazagystanda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady taýdan iň gülläp ösýän ýurtda köp wagt ýaşadym we, dogrusy, haýran galdym. Hawa, hakykatdan hem şeýle, men gelejek barada optimist. Sebäbi bu ýurtlaryň ýaş we, bilýäňizmi näme, köp babatda hakykatdanam örän gowy bilim berlen ilatlary bar. Meniň pikirimçe, olarda içerki sosial raýdaşlygyň örän berk baglanyşyklary bar. Men olaryň örän baý, baý medeni mirasy bar we, olar muňa sowet döwründe düşünip bilişlerine garanda has gowy düşünip başladylar diýip pikir edýärin.

Emma bu ýerde sebitdäki dürli-dürli ýurtlara seretseň, olaryň arasyndaky tapawudy, dürli-dürli ýagdaýlary hem görýärsiň. Men Täjigistan babatynda has pessimist, sebäbi bu ýurduň hökümeti örän korrumpirlenen we netijede, ýaş täjikler üçin öz ýurtlarynda döredilen mümkinçilik gaty az. Sebäbi bu ýurt esasan kleptokrasiýa bolup durýar.

Türkmenistan hem şuňa meňzeş, men bu ýurt babatda hem gysga möhletde gaty optomist däl. Ýöne kim bilýär? Dogrusy, men Türkmenistan boýunça düýpden ekspert däl, emma özümde galan täsirleri aýtsam, häzirki režim repressiw bolup durýar. Ýöne hakykatda azyk nyrhlary ýa-da suw ýetmezçiligi, ýa-da şuňa meňzeş bir zat bilen baglanyşykly, edil häzirki wagtda bolmaýan ýaly hem bolsa, gazyň bahasynyň gaty peselmegi bilen, käbir derejede gaty näzik we haýsydyr bir derejede gazaply sarsgyn hakykatdanam bir netijeli syýasy üýtgeşiklige getirip biler.

Gyrgyzystan barada aýdylanda, Gyrgyzystan beýleki merkezi aziýa ýurtlarynda garanda hemişe has liberal ýurt boldy. Mundan başga, elbetde, bu syýasy taýdan has durnuksyz ýurt bolup durýar. Emma siz bilýänsiňiz, Gyrgyzystandan örän köp ýaş, talantly adam çykýar we olaryň käbiri bolmanda özleri üçin mümkinçilik döretmegi başarýar, ýogsa ol ýurtda ykdysady klimat hemişe beýle bir gowy hem bolup durmaýar.

Gazagystanda hem, hususan-da Özbegistanda soňky birnäçe ýylda örän umytlandyryjy alamatlar peýda boldy. Meniň pikirimçe, olar Kerimow döwrüniň repressiýasyndan daşlaşýar. Diýjek bolýanym, men ol ýerde esli wagt bäri hakyky demokratiýanyň düýp tutuşyny görmeýärin, ýöne olar iň azyndan öz berip biljek bilimlerini liberallaşdyryp bilerdiler, ýaş adamlar üçin has kän ykdysady mümkinçilik döredip bilerdiler.

Meniň pikirimçe, bular örän ýagty gelejegi bolup biljek ýerler. Eger-de 1991-nji ýyly ýatlasak, men bir ýagdaýa, adamlaryň, hususan-da günbatar žurnalistleriniň we Günbatardaky syýasaty öwrenijileriň Merkezi Aziýa barada eden çaklamalaryna hemişe dolanyp durýaryn. Olaryň çak eden zatlarynyň hatarynda ykdysady taýdan çagşamak we daşky gurşawyň juda ýaramazlaşmak ähtimallygy hem bardy. Olaryň tas ählisi diýen ýaly bu sebitde gazaply etniki çaknyşyklaryň dörejekdigini, köp zorlukly hadysanyň boljakdygyny, şeýle-de bu ýerde uruş barynyň turjagyny çak etdi. Emma tersine, men bu aýdylan zatlaryň näderejede az bolandygyny gördüm. Dogry, Täjigistanda raýat urşy boldy. Oşda, Gyrgyzystanda zorlukly çaknyşyklar boldy, ýöne bular, siňe seretsek, kadadan çykma bolup görünýär, düzgün-kada bolup görünmeýär. Eger-de biz muny başga regionlar, Günorta Aziýa bilen deňeşdirsek, Merkezi Aziýa hakykatda örän parahat sebit bolup görünýär.

Gazagystanda meni bir fakt gaty haýran galdyrdy, bilşiňiz ýaly, men bu ýerde 3 ½ ýyl ýaşadym, bu 20-nji asyrda örän agyr trawmalary başdan geçiren sebit. Gazak ilatynyň 40 prosenti Staliniň kollektiwleşdirmesi we açlyk esasynda gyryldy. Ýöne mundan öň, 1916-njy ýylda bolan gozgalaňdan soňky agyr netijelere seredilende, olar hakykatdanam gazaklar bilen ruslaryň arasynda bolan erbet etnigara çaknyşyklar boldy. Şeýle-de sizde bu sebitiň rus kolonial taryhy bar. Siziň aýylganç ekologiýa, daşky gurşaw mirasyňyz hem bar: olar Aral deňzini guradýar, Semipalitinsk poligony hem üstesine... Ýurduň demirgazygyndaky lagerler, Stalin döwründe ilatyň azyndan üçden biriniň deportasiýa edilen ýa Gulag diýip at alan türmelerde tussaglykda saklanan ýerleri. Bu örän agyr, lapykeç geçmiş, ýöne muňa garamazdan, men bu ýerde ýaşamda, bilýärsiňizmi, şol agyr ýagdaýlardan soňam bu ýerde hakykatda örän adamkärçilikli we çydamly, ýaşaýjylaryň bir-biri bilen gowy gatnaşýan jemgyýetiniň dörändigine şaýat boldum.

Mysal üçin aýdylsa, ol ýerde ýokary derejelerdäki etnigara, garyşyk nikalar hem bar. Bu, elbetde, edil Günbatar Ýewropadaky ýaly kosmopolit jemgyýet däl, ýöne ol, her niçik-de bolsa, öz ugruna berk ýerlilik we medeniýet duýgusy bolan, şol bir wagta-da örän kosmopolit jemgyýet. Men şu ýerde bir ýagdaýy ýatlamak isleýärin. Haçanda men Astanada ýaşamda, aýalym bilen her hepde katolikleriň ýygnanyşygyna giderdik. Ol ýerdäki katolikler esasan german ýa polýak asylly, olar bu ýere Stalin tarapyndan deportasiýa edilipdr. Olar, görnetin, öz ynançlaryna ygrarly adamlar we indi rusça gepleýärler.

Emma muňa garamazdan, olaryň arasynda ýerli gazaklar, rus däller bilen nikalaşanlary hem kän. Ýöne geň galmaly zat, haçanda bir baýramçylyk ýa üýşmeleň bolsa, olar hökman ýa bäşbarmak, ýa-da palaw bişirýärler. Bu olar üçin, eger isleseňiz, öz ýerli kimliklerini görkezmek bolýar. Şu hili zatlar meni köp umytlandyrdy. Belki, men aşa optimistdirin, belki-de ýöntemdirin. Men umuman Merkezi Aziýa hakynda gürrüň edýärin, aýratyn alnan Türkmenistan barada gürrüň etmeýärin, sebäbi men ol barada az zat bilýärin.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG