Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjigistan çagalara gizlin dini bilim berýänleri jenaýat işine çekmegi girizýär


Illýustrasiýa suraty

Täjigistanyň häkimiýetleri bikanun dini bilim üçin berilýän jezalary güýçlendirýär.

Täjigistanyň mejlisiniň aşaky palatasynyň, ýagny Majlisi Namoýandagonyň deputatlary ýurduň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler girizip başladylar. Üýtgedilýän täze kanunlara laýyklykda, bikanun dini bilim, şol sanda internet arkaly berilýän sapak üçin, üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy göz öňünde tutulýar.

Täjigistan Respublikasynyň Jenaýat kodeksine hökümet tarapyndan taýýarlanyp teklip edilýän üýtgetmeler Milli döwlet howpsuzlyk komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Nusratullo Mirzoýew tarapyndan, Mejlisiň aşaky palatasyna hödürlendi.

"Geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, barlyşyksyz toparlara we guramalara goşulan ýaşlaryň 95% başlangyç bilimini hususy dini mekdeplerde alanlar" diýip, Mirzoýew aýdýar. Onuň sözlerine görä, 2019-2020-nji ýyllarda, şu ýylyň hem geçen 9 aýynda, dini bilimiň bikanun durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly 1833 ýagdaý ýüze çykarylypdyr.

Çagalara dini bikanun öwretmek bilen meşgullanýanlaryň arasynda 43 ymam hatyp, 983 resmi däl ruhany, 32 mugallym we 17 student-talyp bar. Bikanun sapak berýän ruhanylar çagalardan, 200-den 5000 somoni aralygynda hak alandygyny ol resmi aýdýar.

Döwlet howpsuzlyk komitetiniň başlygynyň orunbasarynyň sözlerine görä, çagalaryny hususy dini mekdeplere iberen ene-atalardan 33 adam administratiw jogapkärçilige çekilipdir.

Häzire çenli dini bilimiň bikanun öwredilmegi bilen baglanyşykly administratiw çäre hökmünde, 48 müňden 72 müň somoni aralygynda jerime salynýardy. Täjigistan Respublikasynyň Jenaýat kodeksine girizilen üýtgetmelere laýyklykda, şular ýaly faktlar üçin administratiw jeza berlen raýat bir ýylyň dowamynda şeýle hereketi gaýtalasa, üç ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner. Täjigistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygynyň birinji orunbasarynyň aýtmagyna görä, bikanun dini bilim internet arkaly hem alnyp barylýar. "Şundan ugur alyp, kanuna girizilýän düzedişlerde, bikanun dini bilim berýänleri azatlykdan mahrum etmek we bikanun dini bilim alýanlary jenaýata çekmek göz öňünde tutulýar" diýip, Nusratullo Mirzoýew sözüne goşdy.

Täjigistan 2016-njy ýyldan bäri ähli hususy dini mekdeplere gadaganlyk girizdi. Hususy dini bilim edaralarynyň işini gadagan etmek karary radikalizm we ekstremizm howpuna esaslanýar. Ekstremist elementleriň ýaşlara gözegçilik etmek kyn bolan ýapyk şertlerde, bilelikde doga etmegine düýpli itergi berip biljekdigine häkimiýetler ynanýarlar.

Ýatladyp geçsek, Täjigistanda 2011-nji ýylda diňe häkimiýetleriň razyçylygy bilen we ýurtda şeýle bilim ulgamyny gutarandan soň, daşary ýurtlarda dini bilim almaga mümkinçilik berýän düzedişler kabul edilipdi. Ondan öň prezident Emomali Rahmon daşary ýurt medreselerindäki täjikleriň "molla däl-de, terrorçy bolýandygyny" aýdy. Dini meseleler boýunça Komitetiň maglumatyna görä, 2010-njy ýyldan bäri Ýemende, Siriýada, Müsürde, Pakistanda, Owganystanda, Yrakda we Eýranda bikanun bilim alan 3 müňden gowrak talyp watanyna gaýtarylyp getirilipdi.

Täjigistanyň häkimiýetleri öz hereketlerini ýaşlaryň arasynda radikalizme garşy göreşmek zerurlygy bilen düşündirýärler. Şeýle-de bolsa, imanly adamlaryň köprägi dini bilimdäki çäklendirmeleri öz hukuklarynyň bozulmagy diýip hasaplaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG