Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zyýanly metan: Türkmenistanyň gaz problemasy


Türkmenistan bir gaz kompressory. Illýustrasiýa suraty.

Dünýä türkmenleriniň bu sany türkmen gazynyň ýokarlanan bahasyna we Türkmenistanyň ‘metan meselesine’ syn edýär.

Hytaý Türkmenistanyň iň esasy energiýa müşderisidir. Energiýa Türkmenistanyň iň esasy girdeji çeşmesidir. Energiýa söwdasynda bolup geçýän täzelikler her bir türkmen raýatynyň ykdysady durmuşyna gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn täsir edip biler.

Bu aralykda, 19-njy oktýabrda “Bloomberg” neşiri Türkmenistanyň çäginden atmosfera syzyp çykýan zyýanly metan gazy barada hasabat çap etdi. Maglumata görä, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän gaz känlerinden syzyp çykýan zyňyndylar daşky gurşaw üçin problema döredýär.

Türkmenistanyň hökümeti tebigaty goramak üçin iňňän uly iş bitirýändigini aýdýar. Resmi media bu işleri ýurduň çäginde her ýyl oturdylýan bag nahallary bilen delillendirmäge synanyşýar.

Daşky gurşawy goramak, ony aýawly saklamak we geljek nesillere arassa howany miras goýmak ýer planetasynyň ähli ýaşaýjylary üçin baş aladalaryň biri bolup durýar.

Dünýä türkmenleriniň bu sany türkmen gazynyň ýokarlanan bahasyna we Türkmenistanyň ‘metan meselesine’ syn edýär.

Zyýanly metan: Türkmenistanyň gaz problemasy
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG