Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon resmisi Talybanyň Owganystanda YD-a garşy durmak ukybyna şübhe bildirýär


 Kolin Kahl
Kolin Kahl

Iki toparyň "gan duşmanydygy" açyk-aýdyň bolsa-da bolsa-da, "Talybanyň" “Yslam döwleti” toparyna garşy netijeli söweşip biljekdigi belli däl diýip, Pentagonyň ýokary derejeli resmisi aýdýar.

Döwlet sekretarynyň goranyş syýasaty boýunça orunbasary Kolin Kahl ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň beren bahasyna salgylanyp, 26-njy oktýabrda kongres komitetine "Talybanyň" “Yslam döwleti-Horasan welaýatynyň” (YD-H) garşysyna çykmak meselesindäki “sebäbiniň örän ýokarydygyny” aýtdy.

Emma “olaryň bu işi ýerine ýetirmekdäki ukyby, meniň pikirimçe, indi kesgitlenmeli” diýip, ol sözüni dowam etdirdi.

YD-H ýakynda talyplar awgustda Kabuldaky häkimiýeti ele geçireli bäri amala aşyrylan iň aýylganç hüjümileriň käbiriniň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Kahl Senatyň ýaragly gulluklar komitetine häzir Owganystanda YD-H-nyň "birnäçe müň" söweşijisiniň bardygyny çaklady we bu toparyň bary-ýogy alty aý möhlet içinde ABŞ-a hüjüm etmek mümkinçiliginiň hem bolup biljekdigini aýtdy.

Şeýle-de Kahl Owganystandaky “Al-Kaýda” howpy barada durup geçdi we “Talyban” bilen arasyndaky gatnaşyklary nazara alnanda, bu söweşiji toparyň has çylşyrymly mesele döredýändigini öňe sürdi.

Talyban ýolbaşçylygyndaky hökümetiň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirýär Amir Han Muttaki "Yslam döwleti" söweşijilerinden abanýan howpuň aradan aýryljakdygyny aýtdy. Şeýle-de ol Owganystanyň beýleki ýurtlara hüjüm etmek üçin ulanylýan baza öwrülmejekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG