Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýadaky syýasy tussaglaryň sany soňky bäş ýylda bäş esse köpeldi


Adam hukuklaryny goraýjylar Orsýetdäki tussaglaryň azyndan 420-sini syýasy tussag hasaplaýar.

Bäş ýyl mundan ozalky görkeziji bilen deňeşdirilende, bu ýurtdaky syýasy tussaglaryň möçberiniň bäş esse köpelendigini aňladýar. “Meduza” habar saýty bu netijäni Orsýetiň “Memorial” adam hukuklary merkezine salgylanyp çykarýar.

“Memorialyň” sanawyndaky 420 tussagyň 360 sanysy dini sebäplere görä yzarlanýan adamlar bolup, olar esasan ýurtda gadagan edilen yslamçy guramalara goşulmakda aýyplanan musulmanlardan, ekstremist guramalaryň sanawyna girizilen Ýehowa şaýatlaryna eýerijilerden ybarat.

Görnüşinden, syýasy tussaglaryň sany esasan dini sebäpli yzarlanmalar netijesinde köpelýär. Emma muňa garamazdan, “Memorial” noýabr aýynda başlanan "repressiýa tolkuny" netijesinde oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň we ony goldaýanlaryň köpüsiniň ýa tussag edilendigini, ýa ýyl alandygyny belleýär.

Russiýadaky syýasy tussaglaryň hakyky sanynyň birnäçe esse köp bolmagy hem ähtimal, ýöne olaryň hemmesi monitoringe alynmady diýip, "Memorialyň” syýasy tussaglara goldaw bölüminiň başlygy Sergeý Dawidis “Meduza” bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Bu şeýle tussaglaryň umumy sanynyň Sowet Soýuzyndaky soňky görkezijilere garanyňda has köp bolup biljekdigini aňladýar. Guramanyň maglumatyna görä, SSKP-nyň Baş sekretary Mihail Gorbaçýowyň tabşyrygy bilen boşadylýança, ýurtdaky syýasy tussaglaryň sany takmynan 700 adamdy.

XS
SM
MD
LG