Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda "Belsat" teleýaýlymynyň wekili tussag edildi


"Belsat" TW-siniň žurnalistleri

"Belsat" teleýaýlymynyň wekili Irina Slawnikowa Minsk howa menzilinde adamsy bilen bilelikde tussag edildi diýip, "Belsatyň" direktorynyň orunbasary Alekseý Dikowitski 30-njy oktýabrda öz Facebook sahypasynda habar berdi.

Şol bir wagtda Belarusyň Žurnalistler birleşiginiň başlygynyň orunbasary bolup işleýän Slawnikowa we onuň adamsy Aleksandr Loýko 29-njy oktýabr güni giçlik, Müsürden gaýdyp gelýärkäler tussag edildi diýip, Dikowitski aýtdy.

Şeýle-de ol serhet we gümrük gulluklarynyň ofiserleriniň Irinanyň kakasyna, gyzyny garşylamak üçin aeroporta gelen ata hiç kim tussag edilmedi diýendiklerini gürrüň berdi.

Dikowitskiniň sözlerine görä, Slawnikowanyň nirede saklanylýandygy belli däl, onuň telefony hem öçürilgi.

Polşa tarapyndan maliýeleşdirilýän "Belsat" teleýaýlymy iýul aýynda belarus häkimiýetleri tarapyndan "ekstremist" diýlip yglan edildi.

Şeýle-de, metbugat we raýat jemgyýetine garşy görkezilýän basyşlaryň güýçlenmegi bilen, "Belsatyň" Belarusdaky web sahypasy we ähli sosial media hasaplary petiklendi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG