Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýet Türkmenistandan ýene 176 raýatyny çykardy


Orsýet Türkmenistandan 25-nji çykyş uçaryny gurnap, bu gezek Türkmenabatdan Moskwa 176 ýolagçyny göçürip getirdi.

Orsýetiň S7 howa ýollarynyň 29-njy oktýabrdaky 8536 belgili gatnawy hem Aşgabatdaky rus ilçihanasy tarapyndan gurnaldy.

Bu bir aýyň içindäki üçünji uçar gatnawy bolýar. 22-nji oktýabrda Türkmenabatdan Moskwa 178 ýolagçy geldi diýip, RIA Nowosti habar berdi. Ondan öňki uçar gatnawy 15-nji oktýabrda amala aşyrylypdy.

Mundan öň Türkmenistandan Russiýa 24 gezek uçar gatnawy gurnaldy, RF Aşgabat howa gatnawyny togtatandan soň, 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri, öz raýatlaryny Türkmenistandan yzyna getirýär diýip, habarda bellenýär.

Rus uçarynda Moskwa gelýän adamlaryň köpüsi şol bir wagtda Türkmenistanyň hem raýatlary bolup, aýdylmagyna görä, olar dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ata watanlaryny hemişelik terk etmek kararyna gelen türkmenler hasaplanýar.

Türkmen Helsinki fondunyň maglumatyna görä, Türkmenistandan Orsýete göçüp gitmek isleýän adamlaryň sany eýýäm birnäçe ýyl bäri dowamly köpelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG