Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Düşnüksiz COVID-19 ýagdaýy. ABŞ raýatlarynyň Türkmenistana sapar etmegi maslahat berilmeýär


Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezi Türkmenistany koronawirus ýokuşma töwekgelliginiň derejesi nämälim bolan ýurtlaryň sanawyna girizdi.
Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezi Türkmenistany koronawirus ýokuşma töwekgelliginiň derejesi nämälim bolan ýurtlaryň sanawyna girizdi.

ABŞ-nyň Saglyk departamenti ýurduň raýatlaryna Türkmenistana sapar etmegiň maslahat berilmeýändigini aýtdy, munuň sebäbi merkezi aziýa ýurdundaky COVID-19 ýagdaýynyň düşnüksizligi, has anygy, koronawirusyň ýokuşma howpunyň derejesini kesgitläp bolmazlygy bilen düşündirilýär.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň Birleşen Ştatlaryň Saglyk departamentiniň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezine salgylanyp ýazmagyna görä, gürrüňi edilýän dokumentde COVID-19 ýokuşmasynyň bary-ýogy bäş derejesi görkezilýär we olar “örän ýokary” (Very high), “ýokary” (High), “aram” (Moderate), “pes” (Low) we “nämälim” (Unknown) diýip atlandyrylýar.

Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezi Türkmenistany koronawirus ýokuşma töwekgelliginiň derejesi nämälim bolan ýurtlaryň sanawyna girizipdir.

“Türkmenistandaky häzirki ýagdaý belli bolmansoň, hatda doly sanjym edilen syýahatçylar hem COVID-19-yň dürli görnüşlerine uçramak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolup biler. Türkmenistana syýahat etmegiňiz zerur bolsa, syýahat etmezden ozal doly sanjym edilendigiňize göz ýetiriň. Syýahatçylar Türkmenistanyň görkezmelerine ýa-da talaplaryna boýun bolmaly, şol sanda maska geýmek we beýlekilerden 6 fut uzaklykda bolmak düzgünlerini berjaý etmeli" diýip, maglumat habarynda aýdylýar.

Bellemeli ýeri, ABŞ-nyň saglyk edarasynyň “näbelli” diýen kesgitlemesini sebitde diňe Türkmenistan almandyr. Merkezi aziýa ýurtlaryndan Gazagystan, Täjigistan we Özbegistan hem "näbelli" diýen derejäni alan bolsa, Gyrgyzystan wirusyň ýokuşma derejesiniň “pes” ýurtlarynyň sanawyna girizilipdir. Emma öňki sowet ýurtlarynyň iň ulusy bolan Orsýetde wirusyň ýokuşma derejesi “örän ýokary” diýen kesgitleme bilen bellenipdir.

Başda koronawirusa garşy ýüzärlik, sazak püri ýaly “derman ösümlikler” we burçly unaş ýaly halk emleri bilen göreşmegi giňden wagyz eden Türkmenistan ýurtda COVID-19 bilen kesellän adamlaryň bardygyny inkär etmegini şindi hem dowam etdirýär we şol bir wagtda-da berk çäklendirme düzgünlerini saklap galýar.

Azatlygyň ýerli habarçylarynyň we daşary ýurtlardaky zähmet migrantlarynyň aýtmaklaryna görä, ýurt içinde girizilen hereket çäklendirmeleri, dükanlaryň we bazarlaryň bölekleýin ýapylmagy, uçar gatnawlarynyň uzak wagt bäri açylman saklanmagy ýurtdaky ykdysady kynçylyklardan kösenýän mätäç maşgalalary, işsiz raýatlary has agyr ýagdaýa salýar.

Emma muňa garamazdan, bir tarapdan adamlary ýüz maskalaryny geýmäge, sanjym almaga mejbur edýän hökümet ikinji tarapdan, wada berendigine garamazdan, BSG-nyň missiýasynyň ýurtda garaşsyz synag geçirmegine ýol bermän gelýär.

Azatlygyň ynamdar çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda ilat soňky iki ýyldaky pandemiýa döwründe COVID-19-yň birnäçe tolkunyndan ejir çekdi, 25 müňden gowrak adam bolsa resmi taýdan tassyklanmadyk keselden heläk boldy.

Şu aralykda, BMG-niň Türkmenistandaky edarasy 26-njy oktýabrda ýurduň ýaşaýjylary üçin koronawirus pandemiýasy barada habardarlyk we oňa garşy sanjym temasy boýunça onlaýn pikir soramalaryny ýola goýdy. Beýleki meseleler bilen birlikde, BMG-niň edarasy sanjym edilenleriň sany, epidemiýa baradaky maglumat çeşmeleri we sanjym etdirmek islemeýän raýatlaryň gorkusy barada maglumat toplamakçy bolýar.

Azatlygyň habarçylarynyň soňky beren maglumatlaryna görä, türkmen häkimiýetleri ilat üçin juda zerur bolan çaklaňja azyk dükanlarynyň işine hem çäklendirme girizýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG