Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary: etraplara gatnaýan awtobuslaryň hereketi aý başynda 15-nji noýabra çenli togtadyldy


Illýustrasiýa suraty. Awtobus duralgasy. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Awtobus duralgasy. Türkmenistan.

Türkmenistanyň Mary sebitinde etraplaryň arasynda gatnaýan awtobuslaryň hereketi 15-nji noýabra çenli gaýtadan togtadyldy. Bu karar sebite Aşgabatdan iberilen inspektorlaryň sapar etmeginiň yz ýany kabul edildi.

Azatlygyň habarçysyna görä, soňky iki hepde töweregi wagt bäri paýtagtly barlagçylar Mary welaýatynda saparda bolup, sebitiň çäginde ýerleşýän hassahanalarda, mekdeplerde, liseýlerde, orta hünär mekdeplerinde, ýokary bilim edarasynda hem-de beýleki käbir edara-kärhanalarda barlag işlerini geçirdi.

Inspektorlaryň Türkmenistanyň haýsy gözegçilik ýa-da kanun goraýjy edarasyndan iberilendigi mälim däl, ýöne Azatlygyň habarçysy olaryň ähli pudaklarda barlag geçirendiklerini habar berýär.

Habarçymyza görä, paýtagtly inspektorlar pandemiýanyň arasynda welaýatda girizilen çäklendirmeleriň berjaý edilişini barlapdyrlar.

Türkmenistanda pandemiýa çäklendirmeleri geçen tomus Bütindünýä Saglyk Guramasynyň ýörite missiýasynyň koronawirusdan azatdygyny aýdýan Türkmenistana sapar etmeginden soňra güýçlendirildi. Şonda halkara saglyk ekspertleriniň topar ýolbaşçysy Ketrin Smolwud türkmen häkimiýetlerine “ýurtda COVID-19 bar ýaly hereket etmegi” maslahat beripdi.

Aradan geçen bir ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hökümeti öz çäginde koronawirus ýokanjyny gaýta-gaýta inkär edip gelýär. Smolwud ýaňy-ýakynda BBC beren interwýusynda Türkmenistanda koronawirusyň ýokdugyna şübhe beýan etdi.

“COVID-19 pandemiýasy eýýäm iki ýyl wagt bäri dünýäde ýaýraýar. Ylmy nukdaý nazardan Türkmenistanda wirusyň ýokdugyny göz öňüne getirmek kyn” diýip, BSG-niň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça baş ofiseri Ketrin Smollwud BBC beren interwýusynda aýtdy.

Mary welaýatynda koronawirus bar ýaly girizilen çäklendirmeler boýunça barlaglar BSG wekiliniň Türkmenistanyň koronawirus öňe sürmelerine şübhe bildirýän wagtlary geçirilýär.

“Ilkinjilik bilen, Maryda heniz rugsat berilmänkä awtobuslaryň gatnawa çykarylmagy merkezden gelen barlagçylaryň gözüne ildi. Barlaglaryň dowamynda awtobus we marşrutka gatnawlarynyň gaýtadan ýatyrylmalydygy aýdyldy” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Munuň yz ýany, etraplara gatnaýan awtobuslaryň hereketi 15-nji noýabra çenli gaýtadan togtadyldy.

Şeýle-de, habarçymyzyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň beýleki sebitlerinde supermarketleriň işine rugsat berilýän mahaly, Maryda marketleriň işine resmi taýdan rugsat berilmändir.

“Welaýat boýunça diňe 200 orunly “Goşa Gumry” restoranynda toý tutmaga rugsat berildi” diýip, maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Goşa Gurmy” Marynyň administratiw merkeziniň Bitaraplyk köçesiniň ugrunda, “Belent” söwda we dynç alyş merkeziniň gapdalynda ýerleşýär.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, paýtagtly inspektorlar welaýatyň ähli etraplaryna aýlanyp, käbir hususy dükanlaryň işine düýbünden rugsat bermän, olaryň ýapylmagyny tabşyryk beripdir.

Barlagçylar bu tabşyryklaryny degişli dükanlarda arassaçylyk we dezinfeksiýa işleriniň dogry berjaý edilmezligi we kassalarda alyjylar bilen satyjylaryň arasynda aýnadan çäklendirme goýulmazlygy bilen esaslandyrýarlar.

Ýöne, habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan bir telekeçi hususy dükanlarda tapylan kemçilikler bilen bagly para berip, inspektorlaryň “gözlerini ýumduryp bolýandygyny” aýdýarlar.

Ýöne telekeçi “soralýan puluň mukdarynyň köpdügini” sözüne goşýar.

Galyberse-de, Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan söwdagärler onsuz hem soňky wagtlarda söwdanyň haýallandygyny aýdýarlar.

Ýerli edara-kärhanalarda barlag geçiren inspektorlar, habarçymyzyň maglumatlaryna görä, birnäçe kemçilik tapyp, olaryň 15-nji noýabra çenli düzeldilmegini tabşyrypdyrlar.

“Ýogsa-da, çäklendirmeler ýene dowam edip biler diýip, ýerli häkimiýete duýduryş berip gitdiler” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Awtobus gatnawlarynyň ýatyrylmagy, dükan-bazarlaryň açylmazlygy adamlary kyn güne goýmaga dowam edýär” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Bu çäklendirmeler guralýan köpçülik çärelerde ýetine ýetirilmeýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG