Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karantin çäklendirmeleriniň saklanyp galmagy ilat arasynda nägilelik çykyşlaryny döretdi


Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Noýabryň başyndan bäri Türkmenabatda ýaşaýjylaryň iki aýdan gowrak ozal girizilen karantin çäklendirmelerine garşy nägilelik bildiriji köpçülikleýin çykyşlary döredi. 1-nji noýabrda onlarça bazar satyjysy işiň täzeden başlamagyny talap edip, bazaryň gapdalyndaky uly köçäni petikledi we 5-nji noýabrda awtobus sürüjileri iş taşlaýyş etdi. Azatlygyň habarçylary Türkmenabatda bolup geçen wakalaryň jikme-jikliklerini 8-nji noýabrda habar berdiler.

5-nji noýabrda "Lebapawtoulag" transport kärhanasynyň ençeme sürüjisi işlemekden ýüz öwürdi. Jemi 30 töweregi awtobus sürüjisi iş taşlaýyşa gatnaşdy.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatyna görä, kärhananyň ýolbaşçylarynyň Aşgabatdan gelen karara esaslanyp, şäher awtobuslarynda daşamaga rugsat berilýän ýolagçylaryň sanyny ep-esli azaltmagy talap etmegi sürüjileriň iş taşlaýyşyna sebäp bolupdyr. Talaba görä, sürüjiler her awtobusda ýolagçylaryň sanynyň 10 adamdan geçmezligini üpjün etmeli, bolmasa sürüjiler düşündiriş ýazmaly we ikinji gezek düzgüniň bozulan halatynda işden çykarylmaly bolar.

Şol bir wagtyň özünde, sürüjilerden her gün 300 manat girdeji gazanmak talaby güýjünde saklanýar. Gündelik plan ýerine ýetirilmese, sürüjilere işden aýrylmak howpy abanýar.

"Awtobusa 10-dan köp bolmadyk ýolagçy mündürseň gündeki plana görä, 300 manat gazanyp bolmaz. Plany bozsaň hem ýene-de düşündiriş ýazmaly we işden kowulmak howpy döreýär. Başlyk biziň ýerine ýetirişimizi hut özi gözegçilikde saklajakdygyny duýdurdy" diýip, kärhananyň sürüjisi adynyň agzalmazlygy şerti bilen gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçylary jemgyýetçilik transportynda ýolagçylaryň rugsat berilen sany barada hakykatdanam buýrugyň bardygyny habar berdiler. Bu, koronawirus pandemiýasynyň çäginde sosial aralygy saklamak talaby bilen baglanyşykly. Emma talaplara laýyklykda, ýolagçylaryň sany zawod tarapyndan awtobusda göz öňünde tutulan oturgyçlaryň sanyndan köp bolmaly däldir. Türkmenistanda awtobuslar jemgyýetçilik transportynyň ýeke-täk görnüşi bolup, awtobuslarda köplenç adam köp bolýar, dyknyşyk döreýär we goşmaça oturgyçlar oturdylýar.

Awtobus sürüjileriniň iş taşlaýyşy şäher ulaglarynyň işine täsir edip, Türkmenabatda awtobus gatnawyny ep-esli çäklendirdi.

"Lebapawtoulag" sürüjileriniň çäklendirmelere boýun bolmazlyk hereketi, Türkmenistanyň gündogar sebitinde ilatyň nägileligini görkezýän ýeke-täk köpçülik çykyşy däl. Habarçylaryň maglumatlaryna görä, 1-nji noýabrda Türkmenabatdaky 5-nji bazaryň satyjylary we dükan eýeleri karantin çäklendirmeleriniň uzaldylmagyna garşylyk görkezipdir.

1-nji noýabrda bazaryň işläp başlamagyny umydy bilen baran onlarça söwdegär häkimiýetleriň wadalaryna garamazdan, bazar açylmansoň, golaýdaky köçäni bekledi.

"1-nji noýabrda 5-nji bazara ýygnanan satyjylar onuň açylmagyna biderek garaşdylar. 8 sagatdan gowrak wagtdan soň bazaryň ýerleşýän Amul köçesini tutuşlygyna petiklediler. Ellerinden tutup, köçäni böwetlediler. Köçede geçip barýan awtoulaglardan we awtobuslardan uly dyknyşyk döredi" diýip, bu wakanyň şaýady Azatlyk bilen gizlin söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçylarynyň habar bermegine görä, gysga wagtyň içinde ulag ýolunda uzynlygy tas 4 kilometrlik dyknyşyk emele gelipdir we dessine onlarça polisiýa işgäri 5 sany patrul awtoulagynda barypdyr.

"Gelen polisiýa işgärleri demonstrantlary zor bilen ýoldan aýyrmaga synanyşdylar, ýöne dessine başarmadyr. Soňra ýene goşmaça güýç çagyrdylar. Polisiýa gelen ulaglara protestçileri zor bilen salyp başladylar. Şeýlelikde polisiýa ýoly arassalady we ýol hereketi täzeden başlandy" diýip, bu ýagdaýa gatnaşanlaryň biri gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy demonstrantlaryň soňky ykbalyny anyklamaga synanyşýar.

Türkmenabadyň 5-nji bazary Amul we Arkadag köçeleriniň çatrygynda, at aýlawynyň golaýynda ýerleşýär. Bu uly köçede şäheri halkara howa menzili bilen birleşdirýän awtobus duralgalary ýerleşýär.

Noýabr aýynyň başynda pandemiýa sebäpli iki aýdan gowrak mundan ozal girizilen karantin çäklendirmeleriniň ýene-de uzaldylandygy belli boldy. Hökümet karantin çäklendirmeleriniň başlanmagy, uzaldylmagy we bu barada indiki planlary barada ilata resmi taýdan habar bermedi. Ýaşaýjylar bu ýagdaýlary ýerli häkimiýetlerden dilden bilip galýar.

Bu aralykda, Aşgabatda karantin çäklendirmeleriniň, garaşylyşynyň tersine, ýene onlarça azyk dükany ýapyldy.

Ýaşaýyş jaýlaryň ýerzeminlerdäki azyk dükanlary geçen hepde ýapylyp başlandy, Parahat -1, 2, 3, 4 etrapçalaryndaky dükanlar dynç günlerinde-de ýapyk durdy.

Aşgabatda satyjylar we dükançylar prokuratura ýüz tutmak üçin gol ýygnaýarlar. Gulplamalaryň çäginde köp telekeçi girdejisini ýitirdi we ýitgi çekdi, ýapyk desgalaryň işgärleri eklençsiz galdy. Türkmen döwleti koronawirus pandemiýasy wagtynda ilatyna kompensasiýany we maddy goldawy göz öňünde tutmaýar.

Ýurtda koronawirusyň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýän Türkmenistanyň hökümeti resmi taýdan yglan etmezden, şu ýylyň awgust aýynda söwda, hyzmat we güýmenje kärhanalaryny ýapdy. Bu koronawirusyň güýçli tolkunyna gabat gelip, hassahanalar COVID-19 diagnozly hassalardan doldy, morglarda merhumlar köpeldi, gonamçylyklarda jaýlanyş çäreleri gije-gündiz geçirildi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

XS
SM
MD
LG