Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmen görnüşleri - 46-njy hepde
1
Köçäniň ýakasynda, sowuk howa şertlerinde, söwda edip oturan bir aýal. Türkmenistan soňky biränçe ýylyň dowamynda agyr ykdysady krizisi başdan geçirýär.
2
Gyzyny mekdepden alyp barýan bir ata. Aşgabat
3
Aşgabatdaky çagalar baglarynyň biriniň daşyndaky diwaryna haly asylypdyr
4
Aşgabatda ýyladyş ulgamyny abatlaýan ussa. Türkmenistanda howanyň sowamagy bilen, ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda paýtagda tok, gaz we ýyladyş ulgamlarynda yzygiderli bökdençlikler döreýär.