Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda prokuratura bergidar çykan pagtaçy kärendeçilere garşy çäre görýär


Lebap welaýatynda bir gowaça meýdany. Arhiw suraty.
Lebap welaýatynda bir gowaça meýdany. Arhiw suraty.

Şu günler Türkmenistanyň gündogar Lebap welaýatynda pagta plan borçnamasyny ýerine ýetirip bilmedik pagtaçy kärendeçiler prokuratura işgärleriniň basyşlary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, welaýatyň Kerki, Farap we Çärjew etraplarynda kanun goraýjy edaralar bu ýylyň pagta hasylynda döwlete bergidar çykan kärendeçilere çäre görýärler. Görülýän çäreler kärendeçileriň döwlete bolan bergilerini yzyna töletdirmek, olaryň emläklerini mejbury ellerinden almak ýaly temmileri öz içine alýar.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, prokuratura edaralary tarapyndan ýöredilýän bu kampaniýalaryň 12-nji dekabra çenli dowam etmegine garaşylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy öz çeşmelerine salgylanyp, döwletiň welaýatda ýerine ýetirilmedik pagta plan borçnamalary sebäpli 29,5 million manat töweregi ýitgi çekendigini habar berýär.

Türkmenistanda kärendeçiler ylalaşyk esasynda döwletden ekin meýdanlaryny kärendesine alyp, döwlet tabşyrygyna girýän ekinleri, şol sanda gowaça we bugdaý ýaly ekinleri ösdürip ýetişdirýärler, hem-de ýygnalan hasyly döwletiň kesgitlän bahasy boýunça döwlet harmanyna tabşyrýarlar. Öz gezeginde, döwlet daýhanlary mineral dökün we tehnika bilen ýeňillikli üpjün etmäge borçlanýar. Döwlet plan borçnamasynyň hötdesinden gelip bilmedik kärendeçiler döwletiň öňünde bergidar çykýar we tas her ýyl, prokuratura işgärleri tarapyndan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga mejbur edilýärler.

Synçylar Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda daýhanlara hödürlenýän mümkinçilikleriň kanagatlanarsyzdygyny aýdyp, tankyt edýärler. Daýhanlar özlerine wada berilýän mineral dökünleriň ýeter-ýetmezçiliginden hem-de tehnika ýetmezçiliginden şikaýat edýärler. Tehnikalara erk edýän mehanizatorlar wagtal-wagtal ýangyç we ätiýaç şaý ýetmezçiliginden zeýrenýärler.

Bu aralykda, Türkmenistanyň hökümeti ýaňy-ýakynda 1 million 200 müň tonnadan gowrak pagta hasylynyň döwlet harmanyna tabşyrylandygyny we pagta plan borçnamasynyň doly ýerine ýetirilendigini yglan etdi. Türkmenistanda pagta hasylyny ýygnamak işleri awgustda başlady we habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, ýygym işleri heniz hem dowam edýär.

Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar Türkmenistanyň hökümetini pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edýärler.

Habarçymyzyň soňky maglumatlaryna görä, Lebapda býujet işgärleri we döwlete bergidar çykan kärendeçiler şu günler Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän gowaça meýdanlaryna pagta ýygmaga äkidilýärler.

“Babadaýhan, Sarahs we Gökdepe etraplarynda pagta hasyly heniz asla ýygylmadyk gowaça meýdanlary bar diýýärler. Ol ýerleriň ýaşaýjylary pagta girdejisiz bolansoň, taşlapdyrlar. Esgerler, býujet işgärleri ýetişmänsoň, welaýatlardan ýygymçy çekip başladylar” diýip, bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Lebapdaky habarçymyzyň maglumatlaryna görä, şäher awtobuslary lebaply ýygymçylary Ahalyň Gökdepe we beýleki etraplaryna ýygyma äkidip başlady.

Ýatlasak, mundan ozal, global koronawirus pandemiýasynyň fonunda Mary welaýatynda etraplaryň arasyndaky awtobus gatnawlary 15-nji noýabra çenli çäklendirildi.

Bu aralykda, habarçymyz Lebapda býujet işgärlerinden hem-de bazar söwdagärlerinden ýygym üçin gaýtadan pul ýygnalyp başlanandygyny habar berýär.

“Ýok söwda üçin bazardaky telekeçiler, dükan eýeleri 1000 manatdan pul berdiler” diýip, bir ýerli ýaşaýjy habarçymyz bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Muňa garamazdan, bazarlar heniz hem ýapyk” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Galyberse-de, welaýatyň dürli sebitlerinde ýerli häkimler pagta hasyly ýygnalan gowaça meýdanlaryny gözegçilikde saklaýarlar.

Köýtendag, Farap we Hojambaz etraplarynda gowaça çöpüniň çapylmagyna rugsat berilmeýär. Habarçymyz etrap häkimleriniň hut özleriniň gowaça meýdanlaryna aýlanyp, bu talaba, şol sanda pagta hasyly ýygnalan gowaça meýdanlarynda mallaryň otladylmagyna garşy gözegçilik edýärler.

“Dekabr aýynda hem pagta tabşyrmak baradaky talaby göz öňünde tutýan kolhoz başlyklary eýýäm häzirden ätiýaç üçin 2-3 tonna pagta hasylyny harmana tabşyrman saklaýarlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG