Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda polisiýa pagta ýygmakdan boýun gaçyran raýatlary rezin dürre bilen "urýar"


Pagta ýygymyna gatnaşýan raýatlar. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Şu günler Türkmenistanda maska režimini bozan, öý hojalyk hyzmatlarynyň töleglerini tölemedik we aliment bergisi bolan raýatlar mejbury pagta we şugundyr ýygmaga ugradylýar. Polisiýa pagta ýygmakdan boýun gaçyran raýatlary rezin dürre bilen urýar. Bu ýagdaýlar türkmen hökümeti tarapyndan sebitde gowaça ekmegi bes etmek barada karar kabul edilen we döwlet harmanyna iň az mukdarda pagta hasylyny tabşyrýan Balkan welaýatynda bolup geçýär. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada waka şaýat bolan balkanlylar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler. Bu habarlaryň arasynda, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň käbir etraplarynda pagta ýygymynyň depgininiň pesdigine nägilelik bildirdi.

"Häzir maskasyz ele düşen, elektrik we gaz üçin bergilerini tölemedik, aliment bergisi bolan raýatlar Bereket we Serdar etraplaryndaky gowaça meýdanlarynda pagta hem-de şugundyr ýygmaga mejbur edilýär. Hatda polisiýa olara zulum edip, olary rezin dürre bilen urup, pagta we şugundyr ýygdyryp başlady" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýagdaýdan habarly balkanly ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny 2-nji noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz häzirki wagtda welaýatyň çägindäki tas ähli harby bölümleriň esgerleriniň we býujet işgärleriniň pagta ýygymyna çekilýändigini hem aýdýar. Käbir býujet işgärleri bolsa, pagta meýdanlaryna özlerine derek hakyna tutulan ýygymçy iberýärler.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýagdaýdan habarly balkanly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, welaýat häkimi "mejbury zähmetiň" hasabyna öňümizdäki günlerde geçiriljek hökümet maslahatynda sebitde pagta plan borçnamasynyň 100-den hem artyk ýerine ýetirilendigi barada hasabat bermäge synanyşýar.

Ýöne ýaşaýjylar gowaça meýdanlarynda ýygar ýaly pagtanyň tas ýokdugyny aýdyp, häzir welaýatda pagta plan borçnamasynyň 21%-niň ýerine ýetirilendigini belleýärler.

Şu ýyl Balkanda pagta ýygym möwsümine resmi derejede 8-nji sentýabrda girişildi we bu welaýatdan ýurt boýunça ýygnaljak 1 million 250 müň tonna pagta hasylynyň iň az mukdaryny, ýagny 10 müň tonnasyny almak göz öňünde tutulýar.

Galyberse-de, 2013-nji ýylyň noýabrynda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Balkanda gowaça ekmegi bes etmeli diýen karara gelnipdi. Şonda türkmen hökümeti bu welaýatda gowaça derek iýmlik däne, miwe we bakja ekinleriniň ekiljekdigini aýdypdy.

Muňa garamazdan, harmana iň az pagta tabşyrýan we hökümet tarapyndan sebitde gowaça ekmegi bes etmek barada karar kabul edilen bu welaýatda raýatlaryň pagta ýygymyna mejbury çekilýändigi barada sentýabryň başyndan bäri habarlar gelip gowuşýar.

10-njy sentýabrda habarçymyz bu işlere ýurduň beýleki sebitlerinden welaýata gelip işleýän raýatlaryň, şeýle-de arakhorlaryň we ten söwdasy bilen meşgullanýanlaryň hem mejbury çekilýändigini habar beripdi.

Galyberse-de, habarçymyz ýygnalan pagta hasylyny daşamak üçin döwletde ýeterlik tehnikanyň ýokdugyny aýdyp, şu günler häkimiýetleriň bu işler üçin raýatlaryň hususy hojalygyndaky ýük ulaglaryndan mejbury peýdalanylýandygyny habar berýär.

"Häzir Serdar etrabynyň Çemenli, Hazar, Azady we Garabogaz daýhan birleşiklerinde häkimiýetler raýatlaryň hususy ýük ulaglaryny wagtlaýyn ellerinden alýarlar we olarda pagta hasylyny daşaýarlar. Häkimiýetler bu raýatlara "şu welaýatda ýaşamak niýetiň bolsa ýygylan pagtany harmanlara daşarsyň" diýýärler. Bu raýatlara hak tölemek beýle-de dursun, dizel ýangyjy hem berilmeýär" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz habarçymyza gürrüň berdi.

Çeşmämiz welaýat derejesindäki ýolbaşçylaryň daýhan birleşikleriň başlyklary bilen gije sagat 11-den soň ýygnak geçirýändigini we gündelik plan borçnamasyny dolmadyk başlyklara "paýyş sözler aýdyp, olary kemsidýändigini" hem aýtdy.

Azatlygyň bu aýdylanlar barada Balkan welaýat, Serdar we Bereket etrap häkimliklerinden goşmaça maglumat we kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi. Bu barada welaýatyň we etraplaryň polisiýa müdirlikleri bilen-de habarlaşyp bolmady.

Bu maglumatlar prezidentiň pagta ýygymynyň depgininden nägile bolup, ýurduň käbir etraplarynda bu işiň depgininiň pesdigini aýdan mahalyna gabat gelýär.

"Döwlet baştutanymyz pagta ýygymy möwsümini öz wagtynda tamamlamak üçin işleri güýçlendirmek barada häkimlere hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi" diýip, TDH Berdimuhamedowyň bu barada Ministrler Kabinetiniň 1-nji noýabrda geçiren iş maslahatynda aýdandygyny habar berdi.

Bu aralykda, Balkandaky habarçymyz ýerli häkimiýetleriň pagta meýdanlarynyň gyrasynda sygyr ýa-da geçi daňylan bolsa, şol ýeriň kärendeçisine 1000 manat pul jerimesini salýandygyny hem habar berýär.

Türkmenistanyň kanunçylygy mejbury zähmeti we çaga zähmetini gadagan edýär. Ýöne adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalary türkmen hökümetini çaga zähmetinden ýa-da mejbury zähmetden peýdalanmakda ýyllarboýy tankyt edip gelýärler.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG