"Yslam döwleti" (YD) ekstremist topary Kabulyň şaýy etrapçasynda tanymal owgan teležurnalistiniň ölümine sebäp bolan bombaly hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
YD guramasynyň bölegi bolan "Yslam döwleti-Horasan" (IS-K) bu barada 14-nji noýabrda öz Telegram kanallarynda beýan etdi.
Owganystanyň žurnalistler merkezi 13-nji noýabrda, Kabulyň günbataryndaky Daşt-e Barçi etrabynda mikroawtobusda goýlan bombanyň partlamagyndan birnäçe sagat soň twit ýazyp, partlamada "Ariana" telekanalynda işleýän Hamid Seýhaniniň wepat bolandygyny habar berdi.
Seýhaniniň käri boýunça žurnalist aýaly öz adamsynyň wepat bolandygyny Facebook arkaly tassyklady. Ol men "Hamidi ýitirdim" -diýip ýazdy.
"Yslam döwleti-Horasan" öz habarynda awtobuslara bomba goýandygyny we "20 şaýy dinden çykany", şol sanda žurnalisti ýaralandygyny mälim etdi.