Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda 20 telekeçä Internet gadagançylygy girizildi, häkimiýetler nägilelik listowkalarynyň çap edilmeginden aladalanýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Internet azatlygy boýunça halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda yzdaky orunlarda ýerleşdirilýän Türkmenistanyň häkimiýetleri VPN tilsimlerinden peýdalanýanlara garşy has berk çäre görüp başlady. Lebap welaýatynda toýlara foto we wideo, şeýle-de surat we çap hyzmatlaryny hödürleýän telekeçileriň 20 töwereginiň Internetden peýdalanmagy gadagan edildi. Häkimiýetler VPN-den peýdalanýan bu telekeçileriň nägilelik listowkalaryny çap etmeginden aladalanýar. Bu barada telekeçiler we ýagdaýdan habarly lebaply çeşme Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

"Farap we Darganata etraplaryndaky bu 20 töweregi telekeçiniň Internetden peýdalanmagy kazyýet karary bilen gadagan edildi. Olar 2025-nji ýyla çenli Internete girip bilmezler" diýip, lebaply çeşmämiz 16-njy noýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň we etrap polisiýasynyň işgärleri toýlara foto we wideo, şeýle-de surat we çap hyzmatlaryny hödürleýän telekeçileriň iş ýerlerine duýdansyz reýd geçirdiler.

Bu reýdleriň dowamynda olaryň surat çap edýän enjamlarynda we noutbuklarynda VPN tilsimleriniň bardygy anyklandy. Şondan soňra olara garşy "hakkerlikde" aýyplama bildirildi.

"Kazyýet işine çekilen bu telekeçileriň hatda maşgalasyndaky ulanýan WiFi hyzmaty hem kesildi. Şeýle-de, olaryň maşgala agzalarynyň TMCell mobil aragatnaşyk ulgamy arkaly berilýän Interneti hem kesildi. Bu telekeçileriň akylly mobil telefonlary hem ellerinden alnyp, oňa derek olara ak-gara ekranly gadymy Nokia telefon berildi" diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

"Bize bildirilen "hakker" aýyplamasy esassyz bolsa-da, MHM-niň yzarlamalaryndan gorkup, bu barada hiç bir döwlet edarasyna şikaýat bilen ýüz tutmadyk" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Ruslan diýlip tutulmagyny soran, Internet gadagançylygy goýulan lebaply telekeçi aýtdy.

Telekeçiler we ýagdaýdan habarly çeşmämiz häkimiýetleriň bu çärelerini prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa garşy listowkalaryň ýaýradylmagynyň öňüni almak tagallalarynyň bir bölegi diýip düşündirýärler.

"Häkimiýetler surat we çap hyzmatlaryny hödürleýän kiçi çaphanalaryň nägilelik listowkalaryny çap edip, ýaýratmagyndan alada edýärler. Sebäbi daşary döwletlerdäki oppozisiýa hereketleriniň Berdimuhamedowa garşy listowkalary dargatjakdygy barada MHM habar gelip gowşupdyr" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada MHM-niň Lebap welaýatyndaky edarasyndan, Farap we Darganata etrap polisiýa bölümlerinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Bu maglumatlar Türkmenistanda erkin maglumat akymyny berk çäklendirmekde tankyt edilýän türkmen häkimiýetleriniň ýurtda alternatiw maglumat çeşmeleriniň öňüni almak synanyşyklaryny hasam güýçlendiren mahalyna gabat gelýär.

9-njy noýabrda Aşgabatda ýerleşýän ýokary okuw jaýynyň mugallymlaryndan sosial torlara girmezlik barada dilhaty alynýandygy mälim boldy. 5-nji noýabrda bolsa, habarçymyz paýtagtda VPN tilsimlerini gurnap berýänlere we proksi ulgamlaryndan peýdalanýanlara basyşlaryň güýçlenendigini habar berdi.

Oktýabryň aýagynda Balkanda hem VPN-den peýdalanýanlara we ony gurnap berýänlere garşy reýdleriň geçirilýändigi mälim boldy.

Türkmen häkimiýetleriniň bu çäreleri sosial medialarda türkmen hökümetiniň, şol sanda prezident Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyna garşy tankydy pikirleriň artyp başlan döwrüne gabat gelýär. Şeýle-de soňky özgerişler geçen aýdan başlap ýurt boýunça Internetiň tizliginiň peseldilmeginiň fonunda bolup geçýär.

Bu habarlaryň arasynda, Türkmenistanda häkimiýetler köpçülikleýin halk nägileliginden howatyr edip, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistlerini garalamak kampaniýalaryny hem geçirýärler.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ​28-nji maddasynda Türkmenistanyň raýatlarynyň öz ynam-ygtykatlaryna erkin eýermäge we olary erkin beýan etmäge, şeýle hem döwlet syryndan we kanun tarapyndan goralýan beýleki syrlardan başga maglumatlary almaga hukuklary bardyr diýilýär.

Şol bir wagtda, adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini ýurtda adam hukuklaryny çynlakaý bozmakda, özge pikirli adamlara basyş etmekde, Interneti çäklendirmekde yzygiderli tankyt edýär.

Internet tehnologiýalary boýunça habarlary yzarlaýan “Comparitech” neşiriniň awgustda çap eden hasabatyna görä, Türkmenistan Interneti senzuralamakda "iň ýaramaz ýurtlaryň" arasynda agzalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG