Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda VPN hyzmatlaryny hödürleýän ussalara basyşlar güýçlenýär


Türkmenistanda raýatlar petiklenen saýtlardan we sosial torlardan VPN arkaly peýdalanýarlar.
Türkmenistanda raýatlar petiklenen saýtlardan we sosial torlardan VPN arkaly peýdalanýarlar.

Türkmenistanda erkin maglumat akymyny berk çäklendirmekde tankyt edilýän türkmen häkimiýetleri şu günler ýurtda alternatiw maglumat çeşmeleriniň öňüni almak synanyşyklaryny hasam güýçlendirip, munuň çäklerinde VPN tilsimlerini gurnap berýänlere we proksi ulgamlaryndan peýdalanýanlara basyşlaryny ýygjamlaşdyrdylar. Bu soňky özgerişler sosial ulgamlarda türkmen hökümetine garşy tankydy pikirleriň artmagynyň arasynda, şeýle-de geçen aýdan başlap ýurt boýunça Internetiň tizliginiň peseldilmeginiň fonunda bolup geçýär.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy şu hepdäniň başyndan bäri paýtagtda diňe bir VPN-i petiklemek bilen çäklenmän, eýse bu hyzmatdan peýdalanýanlary ýüze çykarmak boýunça hem işleriň geçirilýändigini gürrüň berdi.

“Men VPN toruna birigenimden soň, mobil telefonumda Internet kesildi. Aradan iki gün geçenden soň, ýerli polisiýa işgäri sebäbini düşündirmezden polisiýa bölümine çagyrdy. Men çakylygy sorasam-da, ol hiç hili resmi dokumenti hödürlemän, tersine gelmesem güýç bilen eltiljekdigim bilen haýbat atdy” diýip, aşgabatly 30 ýaşlaryndaky Suraý (ady üýtgedilen – red.) 5-nji noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

“Men polisiýa bölümine baranymda, ol ýerde eýýäm maňa howpsuzlyk gullugynyň işgäri garaşyp oturan eken. Ol anyk wagty görkezip, şol pursat näme sebäpden VPN ulanandygymy sorady. Men YouTube-de aýdymlara tomaşa etmek üçin girendigimi aýtdym. Ol soňundan bu tilsimi kimiň we nirede gurnap berendigi barada düşündiriş ýazmagymy, eger-de boýun gaçyraýsam, onda jogapkärçilige çekiljekdigimi aýtdy” diýip, Suraý özünden howatyr edip proksi tilsimini gurnap beren mobil telefon ussasynyň şahsyýetini aýan edendigini belledi.

Bu ýagdaýlaryň jikme-jiklerini öwrenen habarçymyz VPN gurnap berýän ussalaryň hem polisiýa bölümine çagyrylyp düşündiriş geçirilýändigini, ilkinji gezek duýduryş berilse, geljekde bu ýagdaýlar gaýtalansa olara “özünden görmeli” boljakdygy barada haýbatlaryň hem atylýandygyny aýtdy.

“Polisiýa ‘barlajak’ diýip, mobil telefonymy we iş kompýuterimi hem aldy. Polisiýa bölüminde mundan beýläk raýatlara VPN gurnap bermejekdigim barada dil haty alyndy. Soňky günleriň dowamynda başga-da onlarça mobil ussasynyň şeýdip polisiýa çagyrylandygyny bilýärin” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran mobil ussalaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Ýatlatsak, media azatlygyny berk çäklendirmekde tankytlanýan Türkmenistanda garaşsyz habar, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýty, şeýle-de iri sosial ulgamlar petikli galýar. Raýatlar döwlet tarapyndan hödürlenýän dünýädäki iň haýal we gymmat internet hyzmatlarynyň biriniň fonunda, sosial torlardan VPN arkaly peýdalanýarlar.

Mundan öň, öz ilatynyň Internet elýeterliligini çäklendirmek üçin daşary ýurt tehnologiýa kompaniýalary bilen geçmişde ýaşyryn hyzmatdaşlyk hem eden türkmen hökümeti VPN tilsimlerini gurnap berýän ussalara basyş edip, hatda raýatlary VPN ulanmajakdyklary barda Gurhandan hem ant içdiripdi.

Galyberse-de, geçen aýdan başlap türkmen häkimiýetleri ýurduň dürli künjeklerinde Internetiň tizligini haýalladyp başladylar. Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan ýerli Internet hünärmenleri munuň ýörite görkezme esasynda, raýatlaryň VPN hyzmatlarynyň üsti bilen, petiklenen saýtlardan, şol sanda YouTube-den, şeýle-de Telegram ýaly messenjerlerden maglumat almak mümkinçilikleriniň öňüni almak üçin edilýändigini aýdypdylar.

Türkmenistan Internet azatlygy boýunça halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda yzdaky orunlarda ýerleşdirilýär. Internet tehnologiýalary boýunça habarlary yzarlaýan “Comparitech” neşiriniň awgustda çap eden hasabatyna görä, Türkmenistan Interneti senzuralamakda Demirgazyk Koreýa, Eýran, Hytaý, Siriýa we Belarus ýaly ýurtlar bilen bir hatarda, "iň ýaramaz ýurtlaryň" arasynda agzalýar.

Maglumat üçin aýtsak, Türkmenistanyň Baş kanunynda raýatlaryň döwlet syryndan we kanun tarapyndan goralýan beýleki syrlardan başga maglumatlary almaga hukuklary kepillendirilýär.

Türkmen häkimiýetleriniň Internet elýeterliligini hasam çäklendirip başlamagy, sosial medialarda türkmen hökümetiniň, şol sanda awtoritar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyna garşy tankydy pikirleriň artyp başlan döwrüne gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG