Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda ilatyň ýag we un paýlary gijikdirilýär, bankomat nobatlary saklanýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Balkan welýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ilatyň azyk paýlary gijikdirilýär. Azyk harytlarynyň gymmatçylygy we bankomatlaryň öňünde pul nagtlaşdyrmak üçin garaşýan adamlaryň  uly nobaty saklanyp galýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenbaşynyň bankomatlarynda uly nobatlaryň dowam edýändigini we bank işgärleriniň nagt ýetmezçiligi bilen bagly degerli düşündiriş berip bilmeýändiklerini habar berdi.

Türkmenbaşy bankynyň bir işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde soňky iki aý bäri nagt pullaryň esasan Balkan welaýatynyň Serdar, Bereket we Magtymguly etraplaryna iberilýändigini aýdýar. Ol munuň sebäbini etraplarda pagta hasyly boýunça hasaplaşyk işleriniň geçirilýändigi bilen düşündirýär. Emma Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan balkanly ýaşaýjylar agzalýan etraplaryň ýaşaýjylarynyň hem pul nagtlaşdyrmak üçin Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerine barýandyklaryny aýdýarlar.

“Eger etraplardaky bankomatlarda pul bolanda, Türkmenbaşa gelmezdik” diýip, bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda ykdysady problemalar, maliýe kynçylyklary, ilatyň azyk howpsuzlygynyň ýaramaz ýagdaýy, azyk önümleriniň gymmatçylygy, subsidirlenen iýmit önümlerine garaşly galýan ilatyň azyk paýlarynyň gijikdirilmegi, nagt ýetmezçiligi, bankomatlaryň öňünde yzy üzülmeýän nobatlar eýýäm birnäçe ýyl bäri dowam edýär. Türkmenistanyň hökümeti bu problemalary aç-açan boýun almaýar. Gaýtam, döwlet media serişdeleri ýurtda bagtyýarlyk we berkararlyk zamanasynyň höküm sürýändigini gaýtalaýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan balkanly ýaşaýjylar birnäçe aý bäri özleriniň ýag paýoklaryny alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

“Un hem iki aý bäri berilmeýär” diýip, bir balkanly habarçymyz bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Azatlygyň habarçysyna görä, Türkmenbaşynyň çörek öndürýän kärhanasy üç aý töweregi wagt bäri işlemeýär. “Diňe bir sany kiçi pekarny ýarym güýjünde işleýär” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Çörek öndürýän kärhananyň işiniň togtadylmagy, habarçymyza görä, bugdaý ýetmezçiligi bilen düşündirilýär.

Ýerli ilat bank kartlaryndan pul nagtlaşdyrmak üçin bankomatlaryň öňünde nobata garaşýan mahaly, Azatlygyň habarçysy şäherde käbir azyk önümleriniň hususy söwda nokatlaryndaky bahalary barada habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, deňiz kenaryndaky şäherde bir kilogram unuň bahasy 20 manat, 1 litr pagta ýagynyň bahasy 60 manat, bir kilogram düýe eti 60 manat, mal eti 80 manat, bir kilogram käşir 10 manat, 1 litr süýt 20 manat, pomidoryň bir kilogramy 35 manat, bir sany tamdyr çöreginiň bahasy 15-22 manat aralygynda üýtgeýär. Kartoşka 22 manat, soganyň bir kilogramy 10 manat.

“Hatda Awazanyň bankomatlarynda hem pul tapdyrmaýar” diýip, bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmen hökümeti tarapyndan milliardlarça dollar sarp edilip, bina edilen Awaza syýahatçylyk zolagy resmi türkmen metbugatynda dynç alyş şäheri, ösen Türkmenistanyň “bagtyýarlyk we berkararlyk” nusgasy hökmünde wasp edilýär. Ýöne döwlet mediasy Awazanyň bankomatlaryndaky nagt ýetmezçiligini agzamaýar.

Ilatyň gün-güzeran şertleri agyrlaşýan wagtynda we ilatyň agramly bölegi döwlet tarapyndan berilýän subsidirlenen azyk önümlerine garaşly galýan mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň Lebap welaýatynda ilatyň käbir gatlaklarynyň ýeňillikli iýmit önümlerinden mahrum edilmek ähtimallygy barada habar berdiler.

19-njy noýabrda habarçymyz geljek ýyldan başlap, subsidirlenen azyk önümleriniň üpjünçiliginiň bes edilmegi daşary ýurtlarda işleýän migrantlaryň Türkmenistanda galan maşgalalaryny, türmede oturan adamlaryň maşgalalaryny hem-de raýatlygy bolmadyk adamlary öz içine alýandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG