Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda azyk paýlarynyň möçberi azaldyldy


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän ýiti azyk gytçylygynyň we gymmatçylygynyň fonunda, Aşgabadyň häkimiýetleri ilata berilýän subsidirilenen azyk önümleriniň möçberini ýene azaltdy. Köşi ýaşaýyş jaý toplumynda indi bir jaýda näçe maşgalanyň hasapda durandygyna garamazdan, her jaý üçin diňe bir sany azyk paýy paýlanýar. Mundan ozal, häkimiýetler bir jaýda ýaşaýan maşgalalaryň her birine aýry-aýry azyk paýlaryny paýlaýardylar. Paýtagtyň Parahat-7 etrapçasynda ösümlik ýagy azyk paýynyň düzüminden çykaryldy. Bu çäklendirmäniň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan maglumat berýär.

"Noýabr aýyndan Bagtyýarlyk etrabynyň Köşi ýaşaýyş jaý toplumyndaky hususy jaýlardaky hojalyklara, bir jaýda näçe maşgalanyň ýaşaýandygyna garamazdan, diňe bir sany azyk paýy paýlanyp başlandy. Noýabr aýyna çenli hususy jaýlarda hasapda duran maşgalalaryň her birine bir sany azyk paýy paýlanýardy" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjy 16-njy noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi sebitde 100-e golaý hususy ýaşaýyş jaýynyň bardygyny, ýöne olaryň her birinde üç-dört maşgalanyň ýaşaýandygyny we hasapda durandygyny aýdýar.

"Bir azyk paýynyň düzümine bir litr ösümlik ýagy, bir kilogram şeker, iki sany towuk budy girýär. Bu gezek onuň düzümine 15 sany ýumurtgany hem goşdular. Bazarda her biri 3 manatdan bahalanýan bu ýumurtga ilata 1 manatdan satyldy. Bu önümler her on günden bir sapar paýlanýar. Her jaýda azyndan üç-dört oglan dogan we olaryň maşgalalary, şol sanda çagalary ýaşaýar. Bu önümler olaryň iki gününe hem ýetmeýär" diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Onuň sözlerine görä, Köşiniň ýaşaýjylary azyk önümleriniň möçberiniň azaldylmagyndan nägile bolsa-da, ýerli häkimiýetler olaryň bu barada edýän şikaýatlaryna oňyn jogap bermeýärler.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, şu aý paýtagtyň Parahat-7 etrapçasynyň ýaşaýjylary hem subsidirlenen azyk önümleriniň möçberiniň azaldylmagy bilen ýüzbe-ýüz boldular.

"Şu sapar paýlanan harytlaryň düzüminde ösümlik ýagy ýokdy. Dükan satyjylary ýaşaýjylara ýagyň azyk paýynyň düzüminden aýrylandygyny aýdyp, mundan beýläk ösümlik ýagyny bazar bahadan satyn almagy maslahat berdiler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjy 16-njy noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Şeýle-de, dükan işgärleri ýaşaýjylara mundan beýläk aýda bir gezek subsidirilenen azyk harytlarynyň beriljekdigini hem duýdurdylar.

"Döwlet dükanlaryna az mukdarda azyk harytlary iberilýändigi üçin, ýagny bir döwlet dükanyna otuz sany jaý berkidilen bolsa, öň bir günde üç jaý subsidirilen azyk bilen üpjün edilýärdi. Häzir azyk harytlary az möçberde iberilýändigi üçin bir günde bir jaýy paýok bilen üpjün edýäris" diýip, ýaşaýjy dükan satyjysynyň sözlerini sitirledi.

Türkmen häkimiýetleri her aý çäkli möçberdäki azyk önümlerini ilata subsidirlenen bahadan satýar. Döwlet dükanlarynda bir litr ösümlik ýagy 19 manat, bir kilogram şeker 9 manat, iki sany towuk budy 16 manat bahalanýar. Hususyýetçilerde bu önümler degişlilikde 45 manatdan, 19 manatdan we 40 manatdan satylýar.

Ýurtda bäş ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň pandemiýanyň arasynda has-da ýitileşmegi, has köp maşgalany subsidirlenen azyk önümlerine garaşly goýýar.

Bu habarlaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri döwletiň subsidirlenen bahasyndan ilata satylýan bu azyk önümleriniň möçberini hem soňky aýlarda birnäçe gezek azaltdy.

Türkmen hökümeti ykdysady kynçylyklary, pandemiýanyň ilata ýetiren täsirlerini, azyk ýeter-ýetmezçiligini boýun alman, daşary döwletlere ynsanperwer kömegini iberýär, şeýle-de ýurtdan eksport edýän azyk önümleriniň möçberini artdyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG