Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa, Ukraina dartgynlylyk wagtynda söweş türgenleşiklerini geçirýär


Ukrain harbylary
Ukrain harbylary

Russiýa bilen Ukraina 24-nji noýabrda, Ukrainanyň serhediniň golaýyna jemlenen rus harby güýçleri baradaky habarlar sebäpli dörän dartgynlylygyň arasynda, harby türgenleşik geçirdi.

Russiýa Ukrainanyň günortasyndaky Gara deňizde harby türgenleşik geçirdi. Goranmak ministri Sergeý Şoýgu rus serhediniň golaýyndaky NATO ýurtlarynyň “barha artýan işjeňligine” salgylanyp”, Moskwanyň adaty we ýadro güýçleriniň söweşe taýýarlygyny ýokarlandyrmalydygyny öňe sürdi.

"Interfaks" habar gullugynyň habaryna görä, Gara deňiz türgenleşiklerinde rus harby uçarlary we gämileri deňiz bazalaryna edilen howa hüjümlerine gaýtawul bermek we howa zarbalaryny urmak boýunça tälim aldylar.

Ukraina hem öz demirgazyk serhediniň golaýynda türgenleşik geçirip, onuň Ýewropa Bileleşiginiň agzasy Polşa bilen Belarusyň araçäginde dowam edýän migrant krizisiniň serhetden agmagyna garşy görülýän taýýarlyk bilen baglydygyny aýtdy.

Kiýew we onuň günbatar tarapdarlary soňky hepdelerde Ukrainanyň golaýynda rus harby güýçleriniň jemlenmegi sebäpli alada bildirdiler, ýurduň harby aňtaw gullugynyň başlygy 21-nji noýabrda Russiýanyň serhet ýakasynda 92,000 esger toplandygyny we fewral aýynyň başynda hüjüme geçmäge taýýardygyny aýtdy. Kreml bu aýyplamalary "esassyz" diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG